TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
17.07.2025
56

Dalaşgärleriň dykgatyna!

INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABATLUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunçatalyplyga kabul edýär:I. Býujet esasynda:1. Şepagatçylyk işi.2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.II. Tölegli esasda: 1. Şepagatçylyk işi.2. Bejeriş işi. Lukmançylyk orta okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça, bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;— soňky okan (işlän) ýerinden, harby bölümden häsiýetnama;— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:— pasportyny;— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.Giriş synaglary we okuwa kabul edişligi 2025-nji ýylyň 30-31-nji iýuly,awgustyň 2-3-i we 5-i günlerinde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) amala aşyrylýar.Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomiki edaranyň işi bilen tanyşdyrylar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärler, talyplyga bäsleşiksiz kabul edilmek üçin, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) kesgitlenen düzgünlere laýyklykda artykmaç hukukdan peýdalanýarlar. Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.

News
08.06.2025
91

Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly, biziň I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebimizde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk- şowhun bilen bellenip geçildi. Şowhunly dabara Döwlet Senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga aldy. Soňra hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hem dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabaramyzda mekdebimiziň “Abadan” tans toparynyň şeýle-de aýdymçy gyz-oglanlaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym sazly kompozisiýa, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň labyzly okalmagy dabara özboluşly sazlaşyk berdi. Buýsançly çykyşlarda milli bilim ulgamyny ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs yürekden alkyşlar aýdyldy.

News
02.06.2025
273

Lukmançylyk mekdepleriniň bäsleşigi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky 42 belgili buýrugy bilen tassyklanan: “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli, orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan 2025-nji ýylda geçirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” çäklerinde, hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde “Watana wepam bar, kärime sarpam” atly, ýurdumyzyň Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda bilim bäsleşigi geçirildi. Talyp ýaşlar “Şepagatçylyk işi” hem-de “Anatomiýa we fiziologiýa” derslerinden öz bilim derejelerini, ukyp başarnyklaryny we geljeki kärine bolan höweslerini, bilim almakda ylmy edebiýatlar bilen hem gyzyklanýandyklaryny, çylşyrymly testleri we şekilli ýumuşlary çözmekde tutanýerliligini, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netejeleri boýunça aşakdaky ýeňijiler kesgitlendi:“Şepagatçylyk işi” dersi boýunça:I orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi.II orun - Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi;S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi.III orun- Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi;S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi. “Anatomiýa we fiziologiýa” dersi boýunça:I orun - S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi;Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi;Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi.II orun - Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag säher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi;Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi;Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi.III orun- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi;Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi. Bäsleşigiň soňunda ýeňijilere hormat hatlar we mynasyp sowgatlar gowşuryldy.

News
21.05.2025
196

“Temmäki önümleriniň adam bedenine ýetirýän zyýanly täsiri”

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda talyp ýaşlaryň arasynda “Temmäki önümleriniň adam bedenine ýetirýän zyýanly täsiri” ady bilen wagyz - nesihat çäresi geçirildi. Çärede şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak, zyýanly endiklerden daşda durmak barada gürrüň edildi. Çäräniň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy we nurana geljegi barada çuňňur aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

News
17.05.2025
182

Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň taýýarlanylyşy

“Okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny tertipleşdirmek hakynda” Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji martyndaky 98 belgili buýrugyny ýerine ýetirmegi we OHOM-de okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalary taýýarlamagy barada Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň 2025-nji ýylynyň Meýilnamasyna laýyklykda, 16-njy maýynda nobatdaky mejlisi geçirildi.Okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň neşire taýýarlanylyşynyň talaplary, soňky ýyllarda çap edilen, çapa tabşyrylan we häzirki wagtda taýýarlanýan okuw kitaplar we okuw-usuly gollanmalar barada öz prezentasiýasy bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň direktory çykyş etdi.Çykyşda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanýan okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny kesgitlemegiň tertibi, neşirleri çap edilmeginiň talaplary barada beýan edildi. Anyk mysallara esaslanyp, çapa hödürlenýän kitaplara we okuw – usuly gollanmalara degişli resminamalaryň (kitabyň ýazylyşyna, onuň gurluşyna, synlaryň many-mazmunyna bildirilýän talaplar, OHOM-ň usuly geňeşiniň göçürmesi we ş.m.) nusgalary görkezildi we hil taýdan talaba laýyk bolmaklary barada bellenildi.Şeýle-de, okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň çap edilmeginiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi, her okuw jaýynyň ýolbaşçysy tarapyndan berk gözegçilige alynmagy we kitaplary taýýarlaýan mugallymlardan yzgiderli hasabatlary alyp durulmagy barada netijä gelindi.I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mysalynda çap edilen, çapa taýýarlanan we tamamlanýan kitaplaryň nusgalary bilen tanyşdyryldy.

News
09.05.2025
64

«Açyk gapylar» güni

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 7-8-nji maýynda geljekki dalaşgärler üçin, 2024-2025 –nji okuw ýylynda mekdebi tamamlaýan uçurumlar we okuwa girmek isleýän ähli ýaşlar üçin «Açyk gapylar» günleri geçirildi.«Açyk gapylar» güni mynasybetli gelen ýaşlar mekdepde taýýarlanylýan ugurlar, alnyp barylýan işler, talyplaryň gyzykly durmuşy bilen giňişleýin tanyşdylar. Olar okuw otaglara aýlanyp gördiler.Myhmanlar hem öz gezeginde lukmançylyk mekdebiniň taýýarlaýan hünärleriniň aýratynlyklary, onuň taryhy we ýetilen sepgitleri bilen jikme-jik gyzyklandylar. Ähli maglumatlar suratlar we wideo görnüşinde hödürlendi we sergi gurnaldy.

News
06.05.2025
276

“Parahatçylyk –köňülleriň senasy”

Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana hem-de I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde “Parahatçylyk –köňülleriň senasy” ady bilen wagyz-nesihat çeresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde kitaphana işgärleri, täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, örän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2025-nji ýyly ≪Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly≫ diýip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Bu şygar eziz Diýarymyzyň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär, diýip belläp geçdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy-asyrlara, nesillere serpaýdyr. Türkmen topragynda, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk, birek- birege ynam höküm sürsün!

News
29.04.2025
164

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”

2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasytarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” weTürkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Indira Gandiadyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyňaprel aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniňDöwlet muzeýiniň göçme sergisi gurnaldy.Sergide türkmen halkynyň milli senetçilik we halyçylyk webeýleki meşhur amaly-haşam sungatlary öz mynasyp ornuny eýeleýärwe ýaş nesilleriň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesiniartdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamagagönükdirilýär.

News
21.04.2025
236

“Ýylyň şygary – üstünlikleriň badalgasy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylygynda “Ýylyň şygary – üstünlikleriň badalgasy” ady bilen 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde döredijilik bilen meşgul bolýan ýazyjy şahyrlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyklarynda toýdur-baýramlara beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin alnyp barylýan ynsanperwer syýasatlaryndan ugur alyp, ýaşlaryň watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli buýsançlaryny kemala getirmekden ybarat. Duşuşykda hormatly myhmanlaryň türkmeniň milli ýörelgelerine laýyk gelýän terbiýeçilik ähmiýetli söhbetleri we bagtyýar döwrümiziň waspyny ýetirip düzen şygyrlary diňlenildi. Çäräniň ahyrynda türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini üpjün etmekde we ýaş nesilleri döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzy bezeýän edep mekdebi bolan ýaşuly nesilleriň mynasyp ornunyň bardygy bellenildi we lukmançylyk mekdebiniň talyplarynyň ata Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly nesiller bolmagy barada ýürek buýsançlaryny beýan etmekleri bilen jemlenildi.

News
12.04.2025
263

Mugallymlarynyň nobatdaky hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen hünär synagy geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýrugy esasynda, 2025-nji ýylyň 23-nji martyndan 4-nji apreli aralygynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, 2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Bilim ministrligi we 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň orta hünär bilimi edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär synagyny geçirmegiň we hünär derejelerini ýokarlandymagyň Tertibi” boýunça nobatdaky hünär synagy geçirildi.Synag toparynyň agzalary hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.Hünär synagynyň netijelerine görä I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlaryna: ýokary, birinji, ikinji hünär derejeleri we eýeleýän wezipelerine laýyklylygy kesgitlenildi.