I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi Türkmenistanyň raýatlaryny okuwa kabul edýär.
Idege mätäç gartaşan, hassahanadaky näsag adamlara, maýyplyga getirýän dowamly keselli näsaglara şeýle-de, maşgala agzalaryna ýönekeý lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirmegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, 2024-nji ýyldan bäri, “Umumy ideg işi” hünäri boýunça, bir ýyl okuw möhleti bilen, kiçi şepagat uýalary (doganlary) taýýarlanýar. Talyplar okuw ýylyň dowamynda bejeriş – öňüni alyş edaralarynda, ýagny Gaýragoýulmasyz tiz kömek, Şikesleri bejeriş halkara, Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş, Onkologiýa ylmy - kliniki, S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş - maslahat beriş we Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy - kliniki merkezlerinde okuw-hünär tejribeligini geçýärler. Arassalaýyş düzgünlerini, degişli resminamalary ýöretmegi, mylakatly – hoşniýetli bolmagyň etiki-deontologiýanyň talaplaryny, näsaglara lukmançylyk idegini etmegini şeýle-de, ilkinji gaýragoýulmasyz kömegini bermegi öwrenýärler. Okuwlaryny we döwlet synaglaryny üstünlikli tamamlanlara başlangyç lukmançylyk bilimi barada diplom berilýär. Resminamalaryň kabul edişligi: 2026-njy ýylyň 15-nji iýulyndan 25-nji awgustyna çenli amala aşyrylýar. Giriş synaglary: 2026–njy ýylyň 26-28-nji awgusty aralygynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde ( Aşgabat şäherinde) Himiýa, Biologiýa we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçiriler. Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we welaýatlaryň raýatlary giriş synaglaryna gatnaşyp biler. I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (Mäti Kösäýew) köçe, 90; tel.:36-96-73, 36-93-82.