TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
12.03.2025
214

Halkara zenenlar güni mynasybetli pul sowgadyny gowşurmak dabarasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran PB-1125 buýrugyna laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarmyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarmyzyň mähriban enelermize we eziz uýalarmyza hormat goýmak barada asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 04.03.2025-nji ýylda zenan mugallymlara we talyp gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Zenanlaryň we talyp gelin-gyzlaryň ýüzlerinde nurly ýylgyryşlarda zamananyň gül keşbi öwşün atýar. Bu bolsa şanly ýylmyzyň şygary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar ak saçly enelermize, öý-ojagyň bezegi zenalarmyza şeýle hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

News
11.03.2025
76

Türkmen tennisçileri ilkinji gezek dünýäniň toparlaýyn ITF Masters çempionatynda çykyş eder

Türkmen tennisçileri Türkiýede geçiriljek abraýly halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eder, ol ýerde biziň ildeşlerimiz dünýäniň iň ökde toparlary bilen bäsleşip biler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji gezek gatnaşjak ITF Masters dünýä toparlaýyn çempionaty Türkiýäniň Manawgat şäherinde başlanýar. Bäsleşige 30, 35, 40 we 45+ ýaş derejelerinde bäsleşjek 126 topar gatnaşar.Türkmenistanyň ýygyndysy 30+ derejesinde çykyş eder, bu ýerde 4 toparça bölünen 12 ýurduň ýygyndylary bäsleşer. Türkmenistanyň ýygyndysy Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň ýygyndylary bilen bilelikde «B» toparça düşdi. Toparçalarda ýeňiş gazananlar pleý-off ýaryşyna çykarlar.Türkmenistanyň ýygyndysy geçen ýyl Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň biziň ýurdumyza eden saparynyň barşynda Dewisiň kubogynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýän bu abraýly ýaryşa gatnaşmak üçin çakylyk alypdy.Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümine: ýurdumyzyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň kubogynyň bürünç medalynyň eýesi Gurbanberdi Gurbanberdiýew, şeýle hem 2013-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewisiň kubogynda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň ozalky birinji raketkalary Aleksandr Ärnepesow we Eziz Döwletow dagy girdi.Ýygyndynyň kapitany hökmünde Mirali Gasanow bellendi – ol ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisidir we dünýäniň islendik ýurdunda ussatlyk derejesindäki oýunçylar bilen işlemek hukugyny berýän hem-de Türkmenistanda PRO Level derejesiniň şahadatnamasyna eýe bolan ýeke-täk tälimçidir.Türkmenistanyň ýygyndysynyň tennisçileri ilkinji oýnuny Beýik Britaniýanyň ýygyndy toparyna garşy geçirer.

News
10.03.2025
257

Bakuwda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde çäre gurady.Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, ylym işgärleri we Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň çäginde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Habarda bellenilişi ýaly, çärede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Duşuşyga gatnaşyjylar kitabyň mazmuny bilen tanyşdylar we türkmen halkyny agzybirlige çagyrýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky ylmy hem-de taryhy maglumatlara ýokary baha berdiler.

News
08.03.2025
278

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar.Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu nurana baýrama bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek dabaralaryň göwünleri galkyndyryp, eziz Watanymyza söýgini, eşretli durmuşymyza, bagtyýar döwrümize buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. “Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Täze taryhy döwürde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz milli ahlak gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklaýjylar hökmünde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olar dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen, ata Watanymyzyň belent sepgitlere, üstünliklere ýetmegine, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar.Ýokary bilim we hünär derejesi, telekeçilik başlangyçlary häzirki zaman zenanlarynyň aýrylmaz häsiýetlerine öwrülýär. Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary — ordendir medallar bilen sylaglanylýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana we ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýänlerden başlap, pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere çenli ähli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ajaýyp dabaralar halkymyzyň milli ruhy gymmatlyklarynyň mizemezliginiň, gadymdan gelýän mukaddesliklere, şol sanda öý-ojagyň diregi hasaplanýan enelerimiziň we zenanlarymyzyň hormatyny hemişe belentde tutmaga ygrarlydygynyň nyşany boldy. Olaryň ruhy-ahlak däplerimizi gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde eýeleýän orny bimöçberdir.Eneleri we çagalary, maşgala gymmatlyklaryny goramak, zenanlaryň döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ösdürmek baradaky aladalar çagalardyr zenanlaryň hukuklary babatda üstüne alan borçnamalaryna pugta ygrarly bolan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda anyk çäreler, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejede kemala gelmegine, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goldanylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we başga-da köp sanly işler bu syýasatda esasy orny eýeleýär. Döwletimiziň özleri baradaky aladasyny hemişe duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawlar, maşgala ojaklaryndaky abadançylyk, saýlap alan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, çagalaryny gülläp ösýän abadan ýurtda terbiýelemek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirýärler....Söwda-senagat edarasynda geçirilen dabara gatnaşyjylar tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglaryň we döredijilik çykyşlarynyň şaýatlary boldular. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Ony ýerine ýetirmäge meşhur aýdymçylar, Türkmenistanyň Döwlet hory we teatr artistleri gatnaşdylar. Bu çykyş arkaly türkmen zenanlarynyň gözelligi, olaryň hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk, wepalylyk, mähremlik ýaly asylly häsiýetleri wasp edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu häsiýetler gelin-gyzlarymyzyň keşbiniň aýrylmaz bölegidir.2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly aýdym tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Onuň üsti bilen dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.“Diýarymyň mähriban zenanlary” atly aýdym-sazly horeografik çykyş şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, rus dillerindäki aýdymlar ýaňlandy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji mart baýramyny giňden dabaralandyrýan dünýä bileleşigi bilen jebisleşmegiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.Konsertde, hususan-da, ýigitler öz döredijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy saz eserleri, meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlanyp, olaryň hemmesi zenanlara bagyşlandy. Çykyşlarda zenan bagtynyň, wepalylygynyň, ene söýgüsiniň, mähriban topragyň ýaz aýlarynda aýratyn gözel görnüşe gelýän gözelliginiň waspy ýetirildi. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy. Ýürekleri tolgundyrýan aýdym-sazlar joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi. El çarpyşmalardyr baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde ýerine ýetirijiler belent ruha, hoşallyk duýgularyna, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlerimize bagyşladylar.Dabara gatnaşyjylar milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Gahryman Arkadagymyzyň dabara sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda gatnaşyp, mähriban zenanlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlamagy çäräniň esasy wakasyna öwrüldi. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, eziz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.“Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. Mähriban zenanlarymyz, türkmeniň maşgala ojaklarynyň siziň bilen, siziň edep-terbiýäňiz bilen dowamat-dowamdygyny unutmaly dälsiňiz!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we maşgalanyň binýadyny berk saklamakda, çagalara mynasyp terbiýe bermekde, olary dogry durmuş ýoluna ugrukdyrmakda zenanlara örän uly ornuň degişlidigini belledi.Milli Liderimiz zenanlarymyzyň durmuşda göterýän ýüküniň, borjunyň asla ýeňil däldigine ünsi çekip, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň aňyrdan gelýän, inçeden sünnäläp bize ýetiren baý mirasyny, edep mekdebini, milli gymmatlyklaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zenanlara baglydygyny nygtady. “Şoňa görä-de, hemişe asylly däplerimizden ugur alyp, maşgala ojaklaryňyzyň bagtyýarlygyna guwanyp, gadyryny bilip ýaşamak size miýesser etsin! Pursatdan peýdalanyp, sizi ýene-de bir gezek ajaýyp bahar baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, nurana ýüzli mähriban ene-mamalarymyzyň, bagtyýar gelin-gyzlarymyzyň, eziz uýalarymyzyň güler ýüzi hiç haçan solmasyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz arzuwlaryny beýan etdi.Dabara gatnaşyjylar Milli Liderimiziň Gutlagyny we hoşniýetli arzuwlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Baýramçylyk dabarasy asylly häsiýetleri bilen dünýämizi bezeýän, oňa sazlaşyk, döredijilik şatlygyny bagyşlaýan ähli enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza, zenanlarymyza bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryň nobatdaky beýanyna öwrülen “Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar” atly aýdym bilen jemlendi. Dabara gatnaşyjylar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler, abadan durmuşda ýaşamaga döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.***Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň konsert merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Kalby bahar pasly ýaly gözel zenanlarymyza bagyşlanan ajaýyp dabaraly çärelerde döredijiligiň we täze durmuşyň şatlygy aýdyň duýuldy.

News
07.03.2025
188

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde zähmet çekýän we okaýan gelin-gyzlara 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde asylly däbe öwrülen uly şowhunly baýramçylyklar geçirilýär.Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Enä tagzym etmek – mukaddeslige tagzym etmekdir. Şonuň üçin hem mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat, sarpa goýulmagy öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan mukaddeslikdir, hiç bir döwürde hem gadryny gaçyrmaýan gymmatly hazynadyr. Dabaraly çäräniň ahyrynda gelin-gyzlar döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.

06.03.2025
93

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: IV MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly umumy şygar astynda geçirilýän IV möwsüminiň VI saýlama oýny geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky saýlama oýny «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: yklymlary birleşdiriji ýollaryň mizemez binýady» atly tema bagyşlanyldy.«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň VI saýlama oýnuna Aşgabat şäheriniň 69-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Agamyradowa Enejan, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Amanowa Näzik, Aşgabat şäheriniň 39-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Garataýewa Leýli, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Orazowa Nurjemal, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçylary Möwlamberdi Ödemyradow we Ýanabaýew Ýusupbaý, Aşgabat şäheriniň tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Sadykow Hemra, Dașoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ödäýew Meretgeldi dagy gatnaşdylar.Akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň VI saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Perhat Çaryýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Gülşirin Agaýewa dagy adalatly eminlik etdiler. Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Amanowa Näzik we Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Ýanabaýew Ýusupbaý ýeňiş gazanmagy başardylar.Akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň VI saýlama oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy hemaýatkärlik etdiler. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň VI saýlama oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy bilen bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

News
05.03.2025
92

Sport bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan talyplarymyz sylaglandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, şeýle-de “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň” döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzda geçirilen sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp üstünlikleri gazanan institutyň talyp ýaşlaryny hem-de olary bu bäsleşiklere taýýarlan türgen mugallymlary hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

News
04.03.2025
77

HALYPAÇYLYK IŞINE BAGYŞLANAN OKUW-USYLY MASLAHAT

Ýakynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň gurnamaklarynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 7-nji çagalar bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagy işjeňleşdirmegiň ýollary» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlary bilen birlikde, welaýatyň Sarahs, Tejen we Babadaýhan etraplarynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileri, etrap bilim bölümleriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine jogapkär hünärmenler gatnaşdylar. Okuw-usuly maslahatyň esasy maksady Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 5-nji fewralyndaky 29 belgili buýrugy tassyklanan «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijsiniň» esasynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypaçylyk işini guramagy kämilleşdirmegiň we bu möhüm ugurdaky işleri döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda has-da işjeňleşdirmegiň ýollaryny we usullaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden we ýaýratmakdan ybaratdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, milli bilim ulgamynda hem halypaçylyk işini guramagy kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) «Pedagogik işgärleriň hukuklary we borçlary» atly 55-nji maddasynda öz hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny hemişe kämilleşdirmäge borçlydygy baradaky hukuk düzgüni kesgitlenen.Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça» ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda halypaçylyk işiniň guralyşyny kämilleşdirmek babatynda anyk işler öz beýanyny tapdy. Mysal üçin, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň» maksatlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmak kesgitlendi. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça» ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» bolsa, umumybilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileriniň «Öz-özüňi kämilleşdirmek» depderini döretmek we bilim edaralarynyň iş tejribesine girizmek (29-njy çäre) hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň tertibini işläp düzmek hem-de bellenilen tertipde tassyklap, bilim ulgamyna ornaşdyrmak (30-njy çäre) meýilleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 5-nji fewralyndaky 29 belgili buýrugy esasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş hünärmen pedagogik işgärleriň hünär başarjaňlygyny kemala getirmek, olaryň okatmagyň innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanmak başanyklaryny kämilleşdirmek hem-de bilim edaralarynda halypaçylyk işini talabalaýyk guramak maksady bilen, «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijsi» tassyklandy. Onda halypaçylyk işini guramagyň maksady we wezipeleri, halypaçylyk işini guramak, halypanyň borçlary we hukuklary, şägirdiň borçlary we hukuklary, halypaçylyk işine ýolbaşçylyk we gözegçilik etmek bilen baglanyşykly hukuk düzgünleri kadalaşdyrylýar. Okuw-usuly maslahata gatnaşan pedagogik işgärlere «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijsiniň» many-mazmuny, ähmiýeti, ondan peýdalanmagyň usulyýeti, mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň aýratynlyklary barada usuly maslahatlar berildi.Halypa, halypaçylyk işi barada söhbet edilnde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda halypa berýän çuňňur mazmunly häsiýetnamasyny agzaman geçmezlik mümkin däl. Alym Arkadagymyz halypany häsiýetlendirip şeýle ýazýar: «Halypa – ezberlik­de, zehinde, zähmetsöýerlikde, tapbilerlikde, sabyrlylykda yhlas­lylygyň netijesi. Halypa ussatlygy­ňy, öz bilýäniňi özgelere öwret­mek başarnygydyr. Bu bolsa, pä­himdarlykdyr, adamkärçilikdir. Çünki ile görelde bolup, kesbiňi ýaýmak üçin göwün tapmagam başarmalydyr. Munuň esasynda ýene adalatlylyk bardyr. Sebäbi ukybyň näderejededigi herkesiň öz-­özüne adalatly garaýşyndan dö­reýär». Okuw-usuly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlaryň ünsi Milli Liderimiziň şu çuňňur many-mazmunly pähimlerine örän-öwran çekildi. Her bir pedagogik işgärde halypanyň şunuň ýaly sypatlarynyň bolmagynyň zerurdygy barada aýratyn nygtalyp bellendi. Okuw-usuly maslahatda öňdebaryjy, baý mugallymçylyk iş tejribeli pedagogik işgärler çykyş etdiler. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Oguljeren Berdiliýewa mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmegiň usullary, Tejen etrabynyň 33-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Jennet Nazarlyýewa halkymyzyň halypa-şägirtlik ýolunyň gadymy kökleri we gymmatly ýörelgeleri, Sarahs etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Gülälek Sähedowa mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypaçylyk işiniň guralyşy we gözegçiligiň ýola goýulyşy barada gyzykly çykyşlary etdiler. Gökdepe etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Durdy Ataýewiň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, bilim edaralarynda halypaçylyk gatnaşyklaryny milli ýörelgeleriň esasynda ösdürmegiň ýollaryna bagyşlanan çykyşy okuw-usuly maslahata gatnaşan pedagogik işgärlerde aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Okuw-usuly maslahatyň çäginde Babadaýhan etrabynyň 7-nji çagalar bagynda etrabyň öňdebaryjy we täzelikçi pedagogik işgärleri – mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri nusgalyk görelde sapaklaryny geçip görkezdiler. Babadaýhan etrabynyň 1-nji çagalar bagynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň terbiýeçisi ─ halypa pedagogik işgär Ogulbaýram Allabardiýewanyň «Matematika sapagynda «Geometriki şekiller» atly temany öwredilişi» diýen tema boýunça guran nusgalyk görelde sapagy okuw-usuly maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ol öz guran bu nusgalyk görelde sapagynda okatmagyň däp bolan hem-de innowasion pedagogik usullaryndan örän ýerlikli peýdalanyp, körpelere dürli geometriki şekilleriň gurluş aýratynlyklaryny güýçýeterli edip düşündrimegi başardy. Ýaş terbiýeçi – Babadaýhan etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň terbiýeçisi Aýjeren Amandurdyýewanyň sowat öwretmek sapagynda «J» sesini öwretmegiň usulyýet aýratynlyklary barada guran nusgalyk görelde sapagy hem gyzykly, ýatda galyjy we örän täsirli boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» beýan edilen çaganyň mekdebe taýýarlamagyň aşaky görkezijilerini kemala getirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maşgala we mekdep bilen alyp barmaly bilelikdäki işiniň möhümdigine okuw-usuly maslahata gatnaşyjylaryň ünsi çekildi:1) kommunikatiw endik – çaganyň ýakynlary we beýleki çagalar bilen özara düşünişmek arkaly aragatnaşyk saklamak endigi;2) durmuşa taýýarlyk – çaganyň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde ýaşamak we meşgullanmak endigi;3) maglumat endigi – maglumatlary yzygiderli ulanyp we beýan edip bilmek endigi;4) netijeli işläp bilmek – işi meýilnamalaşdyrmak, başlan işini soňuna çenli ýerine ýetirmek, özbaşdak döretmek (surat çekmek, gurnamak, ýelimlemek we beýlekiler) endigi;5) ahlak taýýarlygy – jemgyýetiň düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda jemgyýetde özüňi alyp barmaga bolan taýýarlyk, ukyp endigi;6) beden taýýarlygy – sagdyn durmuş ýörelgeleriniň talaplaryna laýyklykda beden taýdan sagdyn ösüp kemala gelmek başarnygy we endigi bolmalydyr.Bagtyýar körpelerde – geljekki mekdep okuwçylarynda şu we beýleki zerur başarnyklaryň hem-de endikleriň kemala getirilmeginde we yzygiderli ösdürilmeginde mekdebiň mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de olaryň maşgala bilen özara işjeň hyzmatdaşlygynyň alnyp barylmagynyň, bu bilim edaralarynda halypaçylyk işiniň guralyşyny has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyna okuw-usuly maslahata gatnaşan pedagogik işgärleriň ünsi çekildi. Bu möhüm ugurdaky işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça olara usuly maslahatlar berildi.Okuw-usuly maslahata gatnaşan pedagogik işgärler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bagtyýar körpelerimiziň sazlaşykly ösüşini, ýokary hilli bilim almagy we mynasyp terbiýelenmegi, terbiýeçileriň we mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekleri üçin döreden ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan hoşallygyny aýtdylar. Milli Liderimizi we Hormatly Prezidentimiziň belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

News
03.03.2025
169

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Mart aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.Oňa bäsleşigiň welaýatlarda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanmagy başaran gelin-gyzlar gatnaşdylar we 8 ugur boýunça bäsleşip, öz başarnyklaryny görkezdiler.Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak boýunça ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen sepgitleri, üstünlikleri, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesillerimizde milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek we wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksadydyr.Bäsleşik çekeleşikli geçirilip, ol gyzykly pursatlara baý boldy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyry hem üstünlikli geçirildi. Onuň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä:– «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň müdiri Ogulşat Durdyýewa «Ýylyň işewür zenany»;– «Berkarar döwletimizde el hünärini dikelýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Meňli Dolyýewa «Ýylyň çeper elli zenany»;– «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň «Gurjak» halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;– «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Mähri Şyhyýewa «Ýylyň mährem zenany»;– «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäherindäki 20020 harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň psihology Aýgözel Annamyradowa «Ýylyň Watançy zenany»;– «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Daýhan zenanyň yhlasy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Hurmagözel Mälikowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»;– «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Bagtygül Meretgylyjowa «Ýylyň telekeçi zenany»;– «Halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähriban Ergeşowa «Ýylyň halypa zenany» diýlip yglan edildiler.Bäsleşigiň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

News
28.02.2025
118

Boksçylarymyzyň üstünlikleri

Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda çempionatlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde netijeli işler alnyp barylýar. “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 18-22-nji fewralynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän “Türkmenistan – Ruhubelentligiň we Sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň boks görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.Bu ýaryşda uniwersitetimiziň talyplary, ýagny Muhammetdurdyýew Mustapa 92 kg agram derejesinde I orun, Şihimow Mahmut 75 kg agram derejesinde II orun, Mämmedşaýew Dawut 80kg agram derejesinde III orun, Nurahmedow Şöhrat 92kg agram derejesinde III orun şeýle hem Aşyrbaýew Parahat 57kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip III orna mynasyp boldular.Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.