TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
06 May 2025, 09:00
277 gezek okaldy

“Parahatçylyk –köňülleriň senasy”

News Image


  Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar
ulgamyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana hem-de I.Gandi adyndaky Aşgabat
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak” ýyly mynasybetli 2025-nji ýylyň 
23-nji aprelinde  “Parahatçylyk
–köňülleriň senasy” ady bilen wagyz-nesihat çeresi geçirildi.
    Wagyz-nesihat çäresinde kitaphana işgärleri, täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin
belent sepgitleriň, örän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz
2025-nji ýyly
≪Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly≫ diýip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar.
Bu şygar eziz Diýarymyzyň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly
belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär, diýip  belläp geçdiler.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,
Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy-asyrlara,
nesillere serpaýdyr. Türkmen topragynda, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk,
birek- birege ynam höküm sürsün!