Bildiriş
INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABAT
LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça
talyplyga kabul edýär:
I. Býujet esasynda:
1. Şepagatçylyk işi.
2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.
II. Tölegli esasda:
1. Şepagatçylyk işi.
2. Bejeriş işi.
Lukmançylyk orta okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça, bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan (işlän) ýerinden, harby bölümden häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edişligi 2025-nji ýylyň 30-31-nji iýuly,awgustyň 2-3-i we 5-i günlerinde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) amala aşyrylýar.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomiki edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärler, talyplyga bäsleşiksiz kabul edilmek üçin, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) kesgitlenen düzgünlere laýyklykda artykmaç hukukdan peýdalanýarlar.
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.
Bölümçeler we sahypalar
Orta hünär bilimi boýunça talyplyga kabul edişlik
INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABATLUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunçatalyplyga kabul edýär:I. Býujet esasynda:1. Şepagatçylyk işi.2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.II. Tölegli esasda: 1. Şepagatçylyk işi.2. Bejeriş işi. Lukmançylyk orta okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça, bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;— soňky okan (işlän) ýerinden, harby bölümden häsiýetnama;— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:— pasportyny;— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.Giriş synaglary we okuwa kabul edişligi 2025-nji ýylyň 30-31-nji iýuly,awgustyň 2-3-i we 5-i günlerinde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) amala aşyrylýar.Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomiki edaranyň işi bilen tanyşdyrylar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärler, talyplyga bäsleşiksiz kabul edilmek üçin, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) kesgitlenen düzgünlere laýyklykda artykmaç hukukdan peýdalanýarlar. Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.
Gatnaşmak
Başlangyç hünär bilimi boýunça talyplyga kabul edişlik
Başlangyç hünär biliminiň gündizki okuwy boýunça 2025/ 2026 – njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünär boýunça talyplyga kabul edýär. Hünäri : “Umumy ideg işi” (kiçi şepagat uýasy) I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy doly orta bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik, Aşgabat şäherinde ýaşaýan (ýazgyda duran) raýatlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýär. Okuwyň dowamlylygy 1 (bir) ýyl, okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resmi iş kagyzlary I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 25–nji awgustyna çenli kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: - bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; - bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); - bilimi baradaky resminama ( asyl nusgasy); - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; - soňky okan ýerinden ( işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; - 3х4 sm ölçegdäki dokuz sany fotosurat; - işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: - pasportyny; - harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny; - aýratynlyklaryna laýyklykda goşmaça resminamalar. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär. Giriş synaglary 2025–nji ýylyň 26-28-nji awgusty aralygynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde ( Aşgabat şäherinde) geçiriler. Giriş synaglary himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden, umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde geçiriler. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtynda synaglara gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Okuwlar 2025 – nji ýylyň 1- nji sentýabrynda başlanar. Bellik: okuwyny doly geçip, gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlara, okuwyny tamamlan ýyly, Başlangyç hünar bilimi hakynda diplomynyň asyl nusgasy beriler. I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.
Gatnaşmak
Pedagogik işgärleriň boş wezipelerine bäsleşik
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi 2026-2027-nji okuw ýylyna pedagogik işgärleriniň boş wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.Boş iş orunlaryna bäsleşik 2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň okuw binasynda geçiriler. Arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Tabşyrylmaly resminamalar:1. Arzasy.2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça).3.Hünär derejesi babatda (kwalifikasiýa) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary.4.Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar. Bäsleşik yglan edilýän okadylmaly dersler boýunça boş iş orunlarynyň sanawyT/bDersiň ady (lukmançylygyň ugry)DalaşgärlerDiplomdaky (okadyljak dersine laýyklykda) käri bilim derejesiDalaşgäriň iş döwri käri boýunça azyndan (staž) 1. Hirurgiýaýokary3 ýyl2. Pediatriýaýokary3 ýyl3. Terapiýaýokary3 ýyl4. Akuşerçilik we ginekologiýaýokary3 ýyl Salgy: Aşgabat şäheri, 2023-nji (Mäti Kösäýew) köçesi, 90-njy jaýy Tel: 36-85-66 Işgärler bölümi 36-89-58 Okuw bölümi
Gatnaşmak