TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
29 April 2025, 09:00
165 gezek okaldy

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”

News Image


2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Indira Gandi
adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň
aprel aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň göçme sergisi gurnaldy.
Sergide türkmen halkynyň milli senetçilik we halyçylyk we
beýleki meşhur amaly-haşam sungatlary öz mynasyp ornuny eýeleýär
we ýaş nesilleriň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini
artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga
gönükdirilýär.