TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
27.02.2025
195

Start hat-habar alyş-çalyş ulgamy işleýşini kämilleşdirdi

Start hat-habar alyş-çalyş ulgamy özüniň işleýşini kämilleşdirip, ulanyjylara maglumatlary has netijeli işlemek mümkinçiligini berdi.Möhüm täzelenişiň biri maglumatlary işlemegiň tizligidir. Bu maglumatlary çalt alyşmak şertlerinde aýratyn möhüm bolup durýar. Indi ulanyjylar maglumatlary has çalt ýagdaýda alyp we geçirip bilýärler. Mundan başga-da, giňeldilen işleýiş wezipeleri media maglumatlar bilen işlemegiň täze gurallaryny, bulutlaýyn hyzmatlar bilen integrasiýany we gowulandyrylan howpsuzlyk wezipelerini öz içine alýar. Bu üýtgeşmeler “Start” ulgamyny bazarda has bäsdeşlige ukyply ýagdaýa getirip, oňa täze ulanyjylary özüne çekmäge we bar bolanlary saklamaga ýardam berýär.Start diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem dolulygyna maglumatlary alyşmak we işlemek üçin meýdança öwrülýär. Munuň özi maglumatlaryň uly göwrümi bilen işleşýän işewürler we ýokary taýýarlykly hünärmenler üçin döwrebap bolup durýar.“Start” ykjam programma üpjünçiligi onlaýn-görnüşinde hat-habar alyşmaga, toparlaýyn gepleşikleri guramaga, ses we wideo jaňlary amala aşyrmaga, şeýle hem dürli görnüşli elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýär. Meýdançanyň interfeýsi kämilleşdirilýär.Bu programma üpjünçiligi iOS we Android platformalarynda elýeterlidir.

News
26.02.2025
168

ÝAŞ TEBIGATY SÖÝÜJILERIŇ OKUWY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny baýlaşdyrmak ata-babalardan gelýän asylly däpleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda tebigaty we onuň ösümlik dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek, olary gorap saklamak şeýle-de, ýurdumyzda bag ösdürip ýetişdirmek, olara ideg etmek, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.“Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we welaýatlaryň häkimliklerine saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahalyny ekilmeginiň zerurdygyny belledi. Şu wajyp meseleleri üstünlikli durmuşa geçirmekde döwrebap bilimli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirilmegini talap edýär. Şeýle hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek, esasan, umumybilim berýän mekdeplerde biologiýa we ösümlikleri öwrenýän hünär ugurly dersleri okadýan mugallymlaryň paýyna düşýär. Bu ugurda mugallymlaryň döredijilikli işlemegine ýardam bermek maksady bilen,Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri tarapyndan usuly gollanmalar taýýarlanylýar, hünär kämilleşdiriş okuwlary guralýar we ýaş tebigaty söýüjiler bilen yzygiderli okuwlargeçirilýär.Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda geçirilen şeýle okuwlaryň biridir. Ýaş tebigaty söýüjileriň okuwynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimleri bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory Maral Akyýewa ösümlikleriň hojalyk ähmiýeti, olaryň açyk we ýapyk topraklarda ösdürilip ýetişdirilişi, köpeldilişi, ösümliklerde geçirilýän agrotehniki çäreleriň öz wagtynda doly we dogry kada laýyk berjaý edilişi barada gürriň berdi. Halypa mugallym, sözüniň ahyrynda: “Ýurdumyzda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge we köpeltmäge ýakyndan kömek bermek mekdep okuwçylarynyň hem mukaddes borjudyr. Her bir okuwçy ösümligiň dosty bolmalydyr, olara ideg etmegi, köpeltmegi we gorap saklamagy başarmalydyr” diýip, ýaşlara nesihat etdi.Soňra okuwçylara Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Zähmet we hünär okuwy bölüminiň müdiri, Begnazar Geldiýew miweli baglaryň, üzüm nahallarynyň ekilişi we olary damjalaýyn usulda suwarmagyň usullary, şeýle hem, alma agajynyň pyntyk arkaly sapylyşy, ýaz aýlary heniz pyntyklar açylmanka nahaldan ösen alma çybyklarynyň göçürilişi barada gürrüň berdi. Begnazar Geldiýew ösüp gelýän ýaşlarymyza sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, döredijilikli, hünärli bolmaklaryny arzuw etdi. Ýaş tebigaty söýüjileriň okuwynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň biologiki gözegçilik we tohumlaryň banky bölüminiň müdiri Gülzar Rozyýewa we şol bölümiň uly ylmy işgäri Ýekaterina Kroşina Türkmenistanda ösýän gül ösümlikleriniň gurluşyny, köpelişini, ideg işlerini ýerine ýetirmegiň kada-düzgünlerini ýaşlara gürrüň berdi. Botanika bagda okuwçylar Gündogar Aziýa, Demirgazyk Amerika, Ýewropa, Krym, Kawkaz, Kiçi Aziýa, Orta Aziýa döwletleriniň ösümlikleriniň ençeme görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilişi we Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrmak bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Ýaş tebigaty söýüjileriň okuwyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň çöllerinde, daglarynda, medeni zolaklarynda iýmitlik, ot-iýmlik, bezeg bagçylyk, dermanlyk we başga-da hojalyk ähmiýetli ösümlikleriniň biologiýasyny, ekologiýasyny öwrenip, olary gorap saklamak we idetmek boýunça bilimlerini baýlaşdyrdylar.Dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen ösümlikleri Türkmenistanyň ýerli toprak-howa şertlerine öwrenişdirip olary ýurdumyza ýaýratmakda, ýaşyl zolaklary döretmekde we bezeg-bagçylyk işlerini geçirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň we Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň alymlarynyň beren gürrüňleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

News
25.02.2025
148

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi

Fewral aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.Ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet işgärleriniň, žurnalistleriň, sungat ussatlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp dabaralandyrmak babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegine hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlandy.Dabaraly maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanylan aýdym-sazly çykyş bilen başlanyldy. Soňa onda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesini ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça geçiren maslahatynda öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýdyp, şanly senäniň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini, onuň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň rowaçlanmagyna giň ýol açýandygyny bellediler.Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde halkara derejesinde geçiriljek maslahatlaryň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelmelidigini belledi. Aýratyn-da, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek halkara forumlar ýurdumyzyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bitaraplyk derejesine laýyklykda guralmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde bu çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan beýan edilmegine zerur üns berilmelidir.Şoňa görä-de, dabaraly maslahatda çykyş edenler bu ugurda alyp barýan işlerinde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň mazmunyna laýyklykda we hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda öňde goýan wezipelerini üstünlikli berjaý etmek ugurnda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar.Dabaraly maslahatyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp onuň many-mazmunyny artdyrdy.

News
24.02.2025
269

Türkmen ýaş inženerleri «Almaty Tech Cup — 2025» halkara robototehnika çempionatyna gatnaşýarlar

2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Almaty şäherinde inženerçilik we robototehnika boýunça «Almaty Tech Cup — 2025» halkara çempionaty başlandy. Bu ýaryşa iki sany türkmen topary hem gatnaşýar. Bu barada HHM habar berdi.Bu abraýly bäsleşik dürli ýurtlardan gelen ýaş inženerleri, programma düzüjileri we oýlap tapyjylary bir ýere jemläp, olara robototehnika, programmirleme we tehniki taslamalary taýýarlamak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat edýär.Şeýle çäreler tehnologik meseleleri çözmäge ukyply täze nesil hünärmenleriniň kemala gelmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, çempionat Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Türkiýe, Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň toparlaryna tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de özara gatnaşykda bolmak üçin amatly şertleri döredýär.Çäräniň guramaçylary türkmen toparlarynyň ýokary derejede taýýarlyk görendigini belläp, olaryň bilimleriniň, inženerçilik başarnyklarynyň we robototehnika taslamalaryny taýýarlamak ukyplarynyň ýokarydygyny aýratyn nygtadylar.

News
21.02.2025
274

Türkmenistanda sport zallarynyň we sport hyzmatlaryny sertifikatlaşdyrmagyň täze tertibi girizildi

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport ulgamyndaky hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň täze tertibi tassyklandy. Degişli bilelikdäki buýruk Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A. Saparow we «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň başlygy M. Hojagulyýew tarapyndan 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çekildi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda bellige alyndy.Täze sertifikatlaşdyrma tertibiniň esasy düzgünleriResminama ýurtdaky ähli sport hyzmatlaryny sertifikatlaşdyrmak işiniň düzgünlerini kesgitleýär we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gözegçilikde saklamaga we sarp edijileri hiline laýyk bolmadyk hyzmatlardan goramaga gönükdirilendir.Täze tertipde esasy üns berilmeli zatlar:Hökmany sertifikatlaşdyrma: Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmat edýän ähli ýuridiki we fiziki şahslar laýyklyk şahadatnamasyny almaga borçludyrlar.Ygtyýarlandyrylan gurama: Sertifikatlaşdyrmagy «Türkmenstandartlarynda» döwlet akkreditasiýasyndan geçen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport çärelerini geçirmek we utgaşdyrmak boýunça guramasy geçirer.Sertifikatyň hereket ediş möhleti: Laýyklyk şahadatnamasy 3 ýyla çenli möhlete berilýär.Sport desgalaryna bildirilýän talaplar: Howpsuzlygyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, arassaçylyk-ýokanç kesellere garşy göreşmek babatdaky ýagdaýy we binalaryň ýangyna garşy goragy boýunça berk standartlar bellenilýär.Hünär ugry boýunça talaplar: Sport guramalary Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan talaplara laýyk gelýän hünär derejesi bolan işgärlere eýe bolmalydyrlar.Sertifikatlanan hyzmatlar olaryň bellenilen talaplara laýyklygyna her ýyl barlag geçiriler. Sertifikatsyz hyzmat edilendigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik göz öňünde tutulýar.Sport toplumlarynyň, fitnes-merkezleriň eýelerine we beýleki sport hyzmatlaryny hödürleýänlere täze tertibiň talaplary bilen öňünden tanyşmaklary we öz işlerini şolara laýyk getirmekleri maslahat berilýär.

News
20.02.2025
205

Adaty karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy halkara türgenleşik ýygnanyşygynda bolar

Adaty karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň 20-nji fewralyndan 7-nji martyna çenli Samarkant şäherinde (Özbegistan Respublikasy) halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin saparda bolar – diýip, federasiýanyň wekili Türkmenportal saýtyna habar berdi.Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türkmen türgenleriniň şu ýylyň maý aýynda Polşada boljak dünýä çempionatyna taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen geçirilýär. Halkara ýygnanyşyklary milli ýygyndymyza möhüm dünýä ýaryşynyň öňüsyrasynda ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga we taktiki usullary işläp düzmäge mümkinçilik berer.

News
19.02.2025
87

Türkmen diplomatlarynyň üçüsi «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow, şeýle-de Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsuly Bazarbaý Kabaýew «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandylar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli degişli Karara gol çekdi.Kararda ady agzalan diplomatlaryň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünlikleri hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sylaglanylýandygy bellenilýär.Türkmen diplomatlaryna mynasyp bolan sylaglary şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hünär baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň barşynda gowşuryldy.

News
18.02.2025
156

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy

17-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hiliniň agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny, şoňa görä-de, ýerine ýetirilýän ähli oba hojalyk işlerinde, şol sanda bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerinde bu kadalaryň berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini güýçlendirmegi, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

News
17.02.2025
176

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň CAFA-2025 çempionatynyň iň gowy derwezeçisi diýlip ykrar edildi

Duşanbede geçirilen sylag gowşuryş dabarasynyň dowamynda Malika Eminowa onuň mynasyp bolan şahsy sylagy gowşuryldy.Eýranyň ýygyndysynyň hüjümçisi Maral Torkaman çempionatyň iň ähmiýetli oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol ýaryşda 10 gol geçirip, CAFA-2025 çempionatynyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. Gyrgyzystanyň ýygyndysy adalatly oýun geçirendigi üçin baýrak bilen sylaglandy (Fair Play).CAFA-2025 çempionatynyň oýunlaryna türkmen hünärmenleri: FIFA-nyň eminleri Timur Ramazanow we Merjen Bagşyýewa, şeýle hem AFC-niň halkara instruktory/inspektory Wadim Baratow gatnaşyp, olar hem ýörite medallar bilen sylaglandylar.Çempionatyň ýeňijisi yzly-yzyna dördünji gezek Eýranyň ýygyndysy (12 utuk) boldy. Eýranyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Özbegistanyň (9:0), Gyrgyzystanyň (10:0), Türkmenistanyň (5:1) we Täjigistanyň (10:1) ýygyndylaryny uly hasap bilen ýeňmegi başardy.

News
16.02.2025
84

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Kerimow Kerim 2025-nji ýylyň 7-10-njy fewral aralygynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän 29-njy Halkara ýaryşynyň ilkinji gününde 71 kg agramy bilen söweş sambo boýunça ýaryşyna gatnaşyp kümüş medala mynasyp boldy.Şeýle hem, “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Burhanowa Selbi 2025-nji ýylda 8-nji ferwalynda Dzýudo boýunça Aşgabat şäheriniň 2025-nji ýylyň Açyk çempionatynda 2003-2008-nji ýyllarda doglan aýallar we ýaş gyzlaryň arasynda 52 kg agram derejesinde çykyş edip III orny eýeledi.