TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
07 October 2026, 10:04
6 gezek okaldy

Haly - halkymyzyň  gadymy hem  medeni sungaty

Article Image

 

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary üçin türkmen halkynyň kalbynyň mährini, taryhynyň syrlaryny özünde jemleýän Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 17-ne gezelenç guraldy. Lukmançylyk mekdebimiziň 1-nji ýyl talyplaryndan 100 sanysy gatnaşdy. 

         Türkmen halysynyň milli muzeýine  gezelenjimiziň maksady talyp ýaşlarymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini artdyrmak, halkymyzyň gadymy sungaty bolan halyçylyk medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyryp, dünýäniň iň uly el halylarynyň taryhy we olaryň dokalyş aýratynlyklaryny, geçmişden şu güne çenli gelip ýeten seýrek duş gelýän gadymy haly nusgalaryny, türkmen zenanlarynyň çeper elinden çykan her bir gölüň aňladýan manysy baradaky gyzykly maglumatlar bilen giňden tanyşdylar. 

         Hünär bilimini milli terbiýe bilen utgaşdyrýan talyp ýaşlarymyzyň bu gezelenji olaryň dünýä garaýşynyň has-da giňelmegine, milli sungatymyza bolan buýsanjynyň artmagyna ýardam berdi. 

Bize şeýle bagtyýar pursatlary sowgat berýän Milli Liderimize we Hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimizden minnetdarlyk bildirýäris!