TM RU EN

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
09 November 2026, 06:09
10 gezek okaldy

Akuşerçilik gullugyny berkitmek we integrirlemek

Article Image

 

 

BSGG bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde, 2026-njy ýylyň 28-29-njy sentýabrynda, Aşgabatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan guralan “Türkmenistanda akuşerçiligi, akuşerçilik hyzmatlaryny ösdürmek we halkara standartlaryna laýyk getirmek: strategik ýol kartasyny düzmek babatda pikir alyşmalar we ylalaşyklar” barada  maslahat geçirildi. 

Maslahata  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili, saglygy goraýyş ulgamynyň (Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň) akuşer-ginekologlary,

M. Garryýew adyndaky TDLU-niň degişli kafedralaryň müdirleri, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we  welaýatlaryň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň okuw işleri  boýunça orunbasarlary we akuşerçilik dersiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Iki güniň dowamynda akuşerçilik biliminiň we akuşerçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak,   hünärmenleri taýýarlamagyň,  olaryň diplomdan soňky hünär derejelerini üznüksiz kämilleşdirmegiň meseleleri eriş - argaç bolup geçdi. 

Ileri  tutulan ugurlar: täze okuw  meýilnamalaryny we “Akuşerçilik işi” hünäri boýunça berilýän bilimiň we kär häsiýetnamasynyň halkara standartlaryny ornaşdyrmak; diplomdan soňky üznüksiz hünär taýýarlygynyň tertibini düzgünleşdirmek; akuşerçilik tejribesiniň hukuk görkezijilerini, standartlaryny we akuşerçiligiň täze modelini saglygy goraýyş ulgamyna integrirlemek (hünärara, toplumlaýyn işlemek) barada aýdyldy.     

Maslahatyň soňunda toparlaýyn geçirilen söhbetdeşligiň netijelerine hödürlenen  tekliplere we strategiki  ýol  kartasynyň  taslamasyna seredildi.