ÝAŞLAR – BIZIŇ UMYDYMYZ, DAÝANJYMYZ WE ÝAGTY GELJEGIMIZ
Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» we onuň durmuşa geçirilmegi boýunça hereketler meýilnamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde syýasy-terbiýeçilik wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu syýasatyň esasy ugurlary hökmünde ylma, täze bilimlere we tehnologiýalara höwesli, öňdebaryjy ýaşlary terbiýelemek, intellektual taýdan ösen we sazlaşykly şahsyýeti kemala getirmek, Watana bolan borçlulyk we wepalylyk duýgusyny ösdürmek ýaly möhüm wezipeler bellenildi.
Çykyş edenler 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäherinde ýaşlar bilen geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň many-mazmuna baý çykyşynda öňe süren pikirlerine aýratyn ünsi çekdiler, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaş nesle beren öwüt-ündewleriniň many-mazmunyny giňişleýin düşündirdiler, ylaýta-da ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatynyň binýadyny döwletlilik ýörelgeleriniň we milli däp-dessurlara ygrarlylygyň düzýändigi aýratyn bellenildi.
Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň baý durmuş mekdebiniň we çylşyrymly zähmet ýolunyň gaýduwsyzlygyň hem-de maksada okgunlylygyň bahasyna ýetip bolmajak nusgasy bolup durýandygy baradaky sözlerini aýratyn buýsanç we ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň durmuş ýoly ýaş nesil üçin ýaşaýşa bolan ynamy pugtalandyrýan ýörelgeleriň, berk ahlak we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň, wepalylygyň, söýginiň, Watana, halka we bütin adamzadyň bähbidine päk ýürekden gulluk etmegiň nusgasy hökmünde häsiýetlendirildi.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize – Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler, çünki bu döwlet syýasatynyň esasynda ýaş nesliň ösmegi, kämilleşmegi, zehin-başarnyklaryny we mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi, olaryň hünär taýdan ösmegine höweslendirilmegi, belent maksatlara ýetmäge we innowasion ugurlarda tehniki ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagy ýaly möhüm ýörelgeler durýar.
Beýleki makalalar
Akuşerçilik gullugyny berkitmek we integrirlemek
Merkezi Aziýa döwletleriň sebitara maslahatyna gatnaşyldy
“Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek” ady bilen geçirilen bilim bäsleşigi
Saglygy goraýşyň hazynasy – Arçman şypahanasy