TM RU EN

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
16 November 2026, 07:49
6 gezek okaldy

Ýeňil atletika boýunça sport ýaryşy geçirildi

Article Image

Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe  Türkmenistanyň  hormatly Prezidentiniň  bedenterbiýäni  we  sporty  giňden  ösdürmek  hem-de kämilleşdirmek  baradaky  görkezmelerinden  we  tabşyryklaryndan  ugur alyp, ýaşlary sporta  çekmek, sportuň  görnüşlerini, şol sanda, ýeňil  atletika  görnüşini ösdürmek  we  sagdyn durmuş  ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen ,Türkmenistanyň  şanly  Garaşsyzlygynyň  35 ýyllygy  mynasybetli, Türkmenistanyň  Bilim  ministrliginiň  2026-njy ýylyň  5-nji  ýanwarynda tassyklan  “Garaşsyz, baky  Bitarap Türkmenistan – bedew  batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylda geçiriljek medeni, sport çäreleriniň we bäsleşikleriniň Meýilnamasyna  laýyklykda, Türkmenistanyň  Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  we  derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň  Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy we I.Gandi adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk orta  okuw  mekdebi bilen  bilelikde  gurnamagynda 2026-njy  ýylyň  13-nji noýabrynda, “Aşgabat” stadionynda “Hereketde saglyk,ylgawda ýeňiş!” ady bilen  ýeňil  atletika boýunça  sport  ýaryşy  geçirildi (oglanlar we gyzlar aýratynlykda).

     Emin agzalarynyň bir agyzdan makullamagy netijesinde aşakdaky baýrakly orunlar kesgitlenildi:

                                 

100 metr gyzlaryň arasynda:   

I orun - Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi                                                             

 

II orun - Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi 

 

III orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

100 metr oglanlaryň arasynda:

I orun – Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi

 

II orun - Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi                                                                                                                     

 

III orun - Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta  hünär okuw mekdebi                                                               

Estafeta gyzlaryň arasynda:   

I orun – Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi                                                             

 

II orun - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

 

III orun - Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Estafeta oglanlaryň arasynda:   

I orun – Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi                                                                 

 

II orun – Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi

 

III orun - Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta   hünär okuw mekdebi

 

   Ýeňijiler Hormat hatlary  we  gymmat bahaly  sowgatlar  bilen sylaglanyldy.