TM RU EN

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
23 November 2026, 07:41
7 gezek okaldy

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli  OHOM-de bilim bäsleşigi  geçirildi

Article Image

 

Türkmenistanyň hormatly  Gahryman Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: ”Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris” diýen parasatly sözlerinden  we “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet  syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli  döwlet maksatnamasyndan”  ugur alyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda tassyklanan Meýilnamasy esasynda, 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde bilim bäsleşigi geçirildi. 

Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz  zähmetiniň  netijesi  bolan,  parahat durmuşyň anyk mysallarynda  göz ýetirmek bilen,  ata-babalarymyzyň taryhy ýoluny, milli däp-dessurlaryny we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, ýaşlarda öz köklerine bolan buýsanjyny berkitmek, ynsanperwerlik, agzybirlik, watançylyk duýgusyny we arassa ahlak ýörelgelerini gündelik durmuş kadalaryna  öwürmek - bilim  işgärleriniň mukaddes borjydyr. 

Talyplary bäsleşiklere, ylmy-amaly maslahatlara, meýletinçilik we döredijilik çärelerine gatnaşdyrmak, olarda  liderlik,  özara hormat we jogapkärçilik häsiýetlerini ösdürmek – ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini açmaga,  döwlet  syýasatyna içgin düşünmeklerine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna ýardam berýär.

Şu nukdaýnazardan, hormatly  Prezidentimiziň - Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  we Gahryman Arkadagymyzyň edebi  eserleri we ylmy işleri esasy çeşmeler we aýrylmaz gollanmalar bolup hyzmat edýär, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň taryhyna hem-de   ösüşine çuňňur düşünmäge, gelejege nazar aýlamaga mümkinçilik berýär.

Şunlukda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we  I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Garaşsyzlyk-bagtymyz, Bitaraplyk-binýadymyz”  atly bilim bäsleşiginiň geçirilmegi hormatly   Gahryman Prezidentimiziň we hormatly Gahryman Arkadagymyzyň taglymatlarynyň irginsiz durmuşa ornaşdyrylmagynyň we ýaşlar -barada döwlet  syýasatyna ygrarlylygynyň subutnamasy bolup durýar,   ýaşlaryň ukyp - başarnyklaryny baýlaşdyrýar,  mundan  beýläk-de uly  maksatlara,  täze üstünliklere    sary gitmeklerine  hyjuw  döredýär.

      Bäsleşikde  talyplaryň “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti ” dersine degişlilikde  garaşsyzlyk we bitaraplyk  syýasaty  barada giň gözýetimli bilimlerini şahsy esasda hasaba  alnyp garaşsyz emin agzalary tarapyndan  I, II, III  orunlar kesgitlenildi.

 

Ýer 

OHOM-iň ady 

Talybyň F.A.Aa 

Alan baly

Wagt

(minut)

Eýelän orny

1. I.Gandi  adyndaky   Aşgabat  lukmançylyk  orta   okuw  mekdebi 

Bäşimowa Akjemal Çaryýewna 

82 

29,48 

I 

2. I.Gandi  adyndaky   Aşgabat  lukmançylyk  orta   okuw  mekdebi 

Gurbandurdyýewa Mahym Begenjowna 

81 

35,24 

II 

3. Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi 

Merdanowa Göwher Merdanowna 

73 

27,38 

II 

4 

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

Çörliýewa Ogulgerek Amanmuhammedowna 

72 

27,0 

III 

5 

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Orazowa Aýgül Çarymyradowna 

70 

46,25 

III 

6 

Aman Kekilow adyndaky 

Mugallymçylyk mekdebi 

Hajygulyýewa Azatgül Hojamyradowna 

70 

57,33 

III