TM RU EN

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
23 November 2026, 12:43
1 gezek okaldy

Ýokary derejeli maslahata gatnaşyldy

Article Image

 

2026-njy ýylyň 16–17-nji noýabrynda ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömeginiň (ILSK) ýagdaýyna, saglygy goraýyş ulgamynyň kadrlar bilen üpjünçiliginiň geljekdäki ösüşine we Türkmenistanyň Saglygy goraýyşynyň maliýeleşdirilmegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başynda maslahat geçirildi.            

Duşuşyk Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman senagaty ministrligi, BSGG, ÝUNISEF, ÝUNFPA, BMGÖM we BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjy edarasy tarapyndan guraldy. 

​  Şeýle hem «Tegelek stoluň» işine Türkmenistan tarapyndan: Mejlisiň durmuş syýasaty baradaky Komitetiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saglygy goraýyş müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw  mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. 

​  Dialogyň maksady: Saglygy goraýyşyň ähli hyzmatlary bilen gurşap alynmagy (ähli adamlara maliýe  serişdelerine kynçylyk çekmezden zerur bolan ýokary hilli hyzmatlary:  keseliň öňüni almak, bejermek, dikeldiş we palliatiw kömegini bermek) babatda gazanylan üstünlikleriň esasynda häzirki ýagdaýyny seljermek, hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy,  Awaza jarnamasy bilen baglanyşygyny, durnukly ösüşiň maksatlaryň (DÖM) saglyk bilen bagly milli görkezijilerine ýetmekde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini görkezmekden ybarat boldy.

​  Duşuşyga gatnaşyjylar ILKK-ni bermegiň netijeli modellerini (näsag bilen ilkinji tanyşlyk aragatnaşygy, yzygiderlilik, toplumlaýyn çemeleşme, adama gönükdirilenlik, utgaşdyrylan çemeleşme) we esasy gurallary (hünärmenleriň ätiýaçlyklaryny meýilleşdirmegiň, paýlamagyň gurluşy we saglygy goraýyşyň hünärmenler  bilen üpjünçiligi,  subutnamaly lukmançylyga  esaslanýan  hünär  işine we amaly başarnyklara bildirilýän talaplar, bilim ulgamy, taýýarlyk we yzygiderli okatmak ulgamlary, hünärmenleri işe almak, saklamak we wezipede ilerlemegiň usullary), bileleşikleriň we näsaglaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýollary şeýle-de,  Türkmenistanda Saglygy goraýyşyň  sanlylaşdyrylyşynyň  häzirki ýagdaýy  we  gelejegi  beýan edildi. 

  Mysal  hökmünde,  BSGG-nyň  Ýewropa  sebitiniň  ýurtlarynyň tejribesinden  maglumatlar  getirildi. 

​ ILKK-niň ileri tutulýan ugurlary, çagalyk döwrüniň kesellerini bitewi alyp barylyşy bilen baglanyşygy barada  prezentasiýa gyzykly boldy. Çagalara we ýetginjeklere ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça BSGG-sy tarapyndan ykrar edilen Ykjam gollanmanyň çapa taýýarlanandygy we ähli lukmanlara elýeterli  boljakdygy  barada gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Bu çemeleşmeleri milli saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri  ara alyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirilişi baradaky çykyşda serişdeleriň çeşmeleri we çykdajylaryň ugurlary giňişleýin şöhlelendirildi. ILSK boýunça Milli ýol kartasyny amala aşyrmagyň meseleleri boýunça geçirilen çekişmeleriň barşynda gatnaşyjylar tarapyndan teswirler berildi we degişli teklipler hödürlendi. 

​  Soňunda maslahata gatnaşyjylaryň adyndan halkymyzyň saglygy we ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrundaky ýadawsyz tagallalary, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin hormatly Gahryman  Prezidentimize - Arkadagly Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine - Gahryman  Arkadagymyza  hoşallyk sözler  aýdyldy.