Merkezi Aziýa döwletleriň sebitara maslahatyna gatnaşyldy
20.10–22.10.2026 ý. Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletlerinde maşgala lukmançylygy we şepagatçylyk işi boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ileri tutulýan ugurlara bagyşlanan sebit ara duşuşygy geçirildi. Bu maslahat Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebitiniň Edarasy tarapyndan ilkinji saglygy goraýyş kömegini (ISGK) berkitmek babatda işjeňliginiň global strategiýalarynyň çäginde gurnaldy. ISGK-ni güýçlendirmegine we Merkezi Aziýa ýurtlarynda maşgala gullugynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegine gönükdirilen.
Mundan başga-da, ISGK-ň kadrlar ýetmezçiligini aradan aýyrmagyň ýollary, maşgala lukmanlaryny we maşgala şepagat uýalaryny taýýarlamagyň tejribe alyş, olary höweslendirmegiň we saklap galmagyň usullary, şeýle hem gorag, goldaw we ISGK-ň kadrlaryna Merkezi Aziýa döwletlerine maýa goýum goýmak çäreleri kesgitlenildi.
BSGG-niň hünärmenleri, halkara ekspertler prezentasiýalary bilen çykyş etdiler:
“ISGK-niň çäginde toplumlaýyn çemeleşmeleri ulanmak”. (Zulfiýa Pirowa).
“Merkezi Aziýada şepagatçylyk işi ulgamynda bilim”(Meggi Langins).
“Zähmet şertlerini gowulandyrmak, liderlik we hünär mümkinçilikleri ösdürmek“ (Sulakşana Nandi, Meggi Langins).
“ISGK-gi üçin lukmanlary we şepagat uýalaryny taýýarlamakdaky üstünlikler we meseleler”; “Hünärmenleriň özara okatmagynyň çemeleşmeleri” barada Beýik Britaniýadan gelen ISGK halkara eksperti Toni Dedýu gyzykly tanyşdyryş prezentasiýalaryny hödürledi.
Ýewropa Akademiýasynyň umumy lukmançylyk we maşgala lukmançylygy (EURAСT) merkeziň iş tejribesi barada ýolbaşçysy - professor Zarika Klemens Ketişiň :
“ISGK –de kompetensiýalardan tejribelige: maşgala lukmançylygy boýunça okuw maksatnamalary düzmek we bahalandyrmak”, şeýle hem “Lukmançylyk ýokary biliminiň esasy okuw maksatnamasyny kämilleşdirmek(diplomdan öňki taýýarlyk)” çykyşlary aýratyn gyzyklanma döretdi.
“Kompetensiýalardan ISGK-ň tejribeligine: şepagat uýalarynyň okuw meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy we bahalandyrylyşy” barada Portugaliýadan professor Ananda Fernandes beýan etdi.
Şeýle hem aşakdaky prezentasiýalar hödürlendi:
“Şepagatçylyk işi boýunça esasу bilim maksatnamasyny kämilleşdirmek” (Sirýe Sammul – Estoniýa, Tartu );
“Мugallymlary, halypalary we kliniki ýolbaşçylary ISGK üçin amaly taýýarlygy, hünär taýdan ösdürmegiň çemeleşmeleri we tejribesi” (D-r Şahlo Rahimowa –Täjigistan; professor Aleks Harding – EURAСT; professor Irma Britu-Portugaliýa).
“Ispaniýada bilim, amaly tejribelik, maşgala we jemgyýetçilik şepagatçylyk işiniň esasy okuw meýilnamasyny kämilleşdirmek meseleleri” barada Rakel Sançes Ruano beýan etdi.
“Dolandyryş we milli standartlar, şol sanda hususy bilim guramalarynyň işini kadalaşdyrmak, hil üpjünçiligi ulgamlary we akkreditasiýa” ugurlara degişli temalar bilen Awstraliýadan - Martin Fletçer; Aýgerim Taalaýbek gyzy - Gyrgyzstan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň baş hünärmeni; doktorant - Weronika Almstedt (Şwesiýanyň şepagat uýalary assosiasiýasy) çykyş etdiler.
“ISGK-iň modeliniň çäginde maşgala lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň wezipelerini we hünär ygtyýarlyklarynyň möçberlerini kämilleşdirmek” barada Toni Dedýu, Zulfiýa Pirowa, Sulakşana Nandi, Meggi Langins öz prezentasiýalaryny hödürlediler.
Türkmenistanyň wekili ISGK üçin “Şepagat işi” hünäri boýunça bazisli (esasly), orta hünär bilimli maşgala şepagat uýalaryny 2017-nji ýyldan bäri býujet serişdeleriniň hasabyna, maksatlaýyn taýýarlanylyşy barada çykyş etdi. (Jeren Ataýewa –Türkmenistan, Aşgabat).
Şepagat uýalarynyň hünär ygtyýarlyklaryny: esasly skriningleri geçirmek; dowamly ýokanç däl keselli näsaglary alyp barmak we palliatiw kömegini bermek wezipeleri giňeltmek boýunça Aziýa ösüş bankynyň goldawy bilen Türkmenistanda “Şepagat uýalarynyň işiniň hilini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” taslamasynyň başlanandygy barada habar berildi.
Şeýlelik-de, maslahatyň esasy strategiki ugurlary: maşgala gullugynyň işgärlerini taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak; iş ýerlerini we zähmet şertlerini pugtalandyrmak, wezipede ilerlemek; maşgala lukmançylygyna höweslendirmek üçin goşmaça maýa goýumlary we ýeňillikleri esaslandyryp girizmek, keselleriň we ölümiň öňüni almak we azaltmak; ISGK-de maşgala lukmanlarynyň we maşgala şepagat uýalarynyň wezipesini we hünär ygtyýarlygyny kämilleşdirmek - multihünärli toparlarda işlemek; BSGG tarapyndan Merkezi Aziýa döwletlerine mundan beýläk-de tehniki goldawuny bermek bolup durýar.
Beýleki makalalar
“Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek” ady bilen geçirilen bilim bäsleşigi
Saglygy goraýşyň hazynasy – Arçman şypahanasy
Haly - halkymyzyň gadymy hem medeni sungaty
Ekologiýa medeniýeti we terbiýesi