TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
02 November 2026, 12:18
18 gezek okaldy

“Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek” ady bilen geçirilen bilim bäsleşigi

Article Image

 

 

   “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan -bedew batly at myradyň mekany” ýylynda,  Türkmenistanyň  Garaşsyzlygynyň  35  ýyllygy  mynasybetli Türkmenistanyň  Bilim  Ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ,Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň  Magtymguly  adyndaky ýaşlar  guramasynyň Merkezi  Geňeşi  bilen  bilelikde  Arkadag, Aşgabat  şäherleriniň  we  Ahal welaýatynyň  orta  hünär okuw  mekdepleriniň  arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebiniň  guramagynda, 2026-njy  ýylyň  30-njy oktýabrynda “Adatdan daşary  ýagdaýlarda  ilkinji  kömek” ady  bilen  bilim  bäsleşigi  lukmançylyk mekdepleriň  arasynda özbaşdak, beýleki mekdepleriň  arasynda  aýratynlykda  geçirildi. Bäsleşigiň  esasy  maksady  orta  hünär  okuw  mekdepleriniň  arasynda tejribe  alyşmak, işjeň  gatnaşyklary  ýola  goýmak, zehinli  talyplary  ýüze çykarmak , olaryň  döredijilikli  ukyplaryny  kämilleşdirmek , şeýle hem ýaşlary adatdan daşary ýagdaýlarda (tebigy betbagtçylyklar, heläkçilikler, ýangynlar we ş.m.) ilkinji kömek bermek boýunça amaly ukyplaryny ösdürmek we kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybarat.

        Bäsleşigiň  garaşsyz emin  agzalary :

1. M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet  lukmançylyk  uniwersitetiniň “Lukmançyluk gullugynyň guralyşy we usulyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy,  biologiýa ylymlarynyň kandidaty   A.Meredow.

2. M.Garryýew  adyndaky Türkmenistanyň  Döwlet  lukmançylyk  uniwersitetiniň “Lukmançylyk   gullugynyň  guralyşy  we usulyýeti”  kafedrasynyň  uly  mugallymy, lukmançylyk  gullugynyň  podpolkownigi  B.A.Mämmedow.

3. Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş  işgärleriniň  Kärdeşler  arkalaşygy Geňeşiniň  başlygy.  P.K.Kakajaýew.

Talyplaryň “Adatdan daşary ýagdaýlarda  ilkinji  kömek” bermek   boýunça  gözýetimlerini   hasaba  alnyp, I, II, III orunlar kesgitlenildi:

 

I.Lukmançylyk mekdepleriň arasynda ýeňiji ýerleriň kesgitlenilişi

 

Eýelän orny

Talybyň F.A.A.a.

Orta hünär okuw mekdebiň ady

I-nji  orun

Abaýewa Mährijemal

Saçly Dursunowa   adyndaky  Arkadag  şäher lukmançylyk  orta hünär okuw  mekdebiniň 

3 –nji ýyl talyby

II-nji orun

Güjimowa  MähribanI.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk otra okuw mekdebiniň 1 –nji ýyl talyby

III-nji orun

Şyhmyradowa  RabiýaI.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk otra okuw mekdebiniň 1 –nji ýyl talyby

 

 

 

 

 

 

 

II.Beýleki OHOM-ň arasynda ýeňiji orunlaryň kesgitlenilişi

 

Eýelän ornyTalybyň F.A.A.a.Orta hünär okuw mekdebiň ady
     I-nji orunIşangulyýew IşangulyBerdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi
    II-nji orunKazakow MuhammetAşgabat   şäherindäki  demir ýol ulaglary orta  hünär  okuw mekdebi
    II-nji orunAnnalyýewa  MähekSahy Jepbarow   adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi
    III-nji orunAgaýewa  MerjenAşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
    III-nji orunÝaranowa GüljemalAhal   welaýat  ýörite  sungat mekdebi
    III-nji orun Soltanow Ysmaýyl  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi
    

 

    Ýeňijiler  Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş  işgärleriniň  Kärdeşler arkalaşygynyň  hormat  hatlary  we  ýörite  sowgatlary  bilen  sylaglanyldy.