TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
14.08.2024
121

Hazar parahatlyk, ynanyşma we hyzmatdaşlyk deňzidir

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlarynyň we «Altyn asyr» teleýaýlymynyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Gojaman Hazar: dostluk, parahatlyk söýüjilik deňzi» mowzugynda «Tegelek stol» geçirildi.Çärä gatnaşanlar Türkmenistanyň gadymy Hazary dostluk, ylalaşyk we parahatçylyk söýüjilik zolagyna öwürmek boýunça edýän tagallalaryny, şeýle hem Hazar sebitinde söwda-ykdysady we durmuş-medeni aragatnaşyklary ösdürmek boýunça düýpli başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Ekologik abadançylygy üpjün etmek we bu jähetde halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly Hazar ýakasy döwletleriň ählisi üçin umumy wezipä aýratyn üns berildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan daşky gurşaw goragy boýunça öz borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy, Bütindünýä ekologik gaznasy we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde tebigaty goraýyş boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär.Her ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bellenýän Hazar deňziniň güni asylly däbe öwrüldi. Onuň çäginde özara düşünişmäge we sebitde köptaraply hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam edýän dürli çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Hazar deňzi: durnukly ösüş üçin ýaranlyk» atly ylmy-amaly maslahata ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hazary parahatlyk, ynanyşma we dostluk deňzine öwürmek üçin, oňyn bitaraplyk syýasatyndan ugur almak bilen, yzygiderli tagalla edýändigini nygtady. Biziň ýurdumyz Hazar ýakasy ýurtlaryň arasynda energetikada, ulag we logistikada, senagat we söwdada jebis gatnaşyklary artdyrmak işine ygrarlydyr.Deňiz gurşawynyň goragynyň «Hazar bäşliginiň» hyzmatdaşlygynyň wajyp ugrudygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň ýolbaşçysy Hazaryň gaýtalanmajak ekologik ulgamyny we biologik dürlüligini gorap saklamak üçin bu sebitiň ýurtlaryny we gyzyklanýan halkara guramalary bilelikdäki agtaryşlary dowam etdirmäge çagyrdy. Türkmenistanyň öňe süren «Hazar ekologik başlangyçlarynyň» durmuşa geçirilmegi ekologik abadançylygy saklamak boýunça tagallalary jebislemäge we geljekde maksatly çäreleri sazlaşykly alyp barmaga mümkinçilik berer.

News
10.08.2024
51

Döwlet Baştutanymyz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny belledi.Şunda ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze ulag üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, geografik, logistika we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda hem-de netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr.Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag özara baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda edilmeli köp iş bardygyny we biz ady agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.Häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, ýurtlarymyzyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda biziň döwletlerimiziň eýeleýän orny ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, şeýle hem bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr.«Şeýle ulgam ýurtlarymyzy dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Şeýle hem söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleler hem ünsden düşürilmeli däldigini bellenildi.

News
09.08.2024
157

Dalaşgärleriň dykgatyna!

2024-2025 okuw ýylynda orta hünär okuw mekdeplerine talyp bolmaklyga dalaş edýänleriň resminamalary kabul edilşigi 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli dowam edýär.Goşmaça maglumatlar.

News
06.08.2024
188

Türkmenistan we Filippinler Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.Saparyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Bazalary özgertmek we ösdürmek boýunça müdirlik (BCDA) bilen duşuşyk geçirildi. Filippin tarapy «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagy we täze, ekologiýa taýdan arassa şäheri döretmek baradaky ägirt uly taslama bilen jikme-jik tanyşdyrdy. Şeýle hem zolagyň çägine gezelenç guraldy, munuň özi türkmen wekiliýetine filippin tarapynyň gazananlary we başlangyçlary bilen gözli şaýat bolmaga mümkinçilik berdi.Türkmen wekiliýeti amala aşyrylýan taslama ýokary baha berdi we erkin ykdysady zolaklary döretmek we dolandyrmak babatynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdi.Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda türkmen tarapy filippin kärdeşlerini bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal açylan täze akylly şäher Arkadag bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyşyň dowamynda şäheriň esasy aýratynlyklary we üstünlikleri görkezildi, şeýle hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň meýilnamalary dogrusynda aýdyldy. Türkmen wekiliýeti filippin kärdeşlerini häzirki zaman Arkadag şäheri bilen giňişleýin tanyşmak we has çuňňur aragatnaşyklary ýola goýmak üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.Şeýle görnüşli tejribe alyşmak we bilelikdäki başlangyçlar taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ykdysady ösüş we infrastruktura pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan islegine şaýatlyk edýär.

News
02.08.2024
197

BILDIRIŞ!

BILDIRIŞ!I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin başlangyç hünär biliminiň aşakdaky hünäri boýunça talyplyga kabul edýändigini habar berýär:“Umumy ideg işi boýunça kiçi saglygy goraýyş işgäri” (kiçi saglygy goraýyş işgäri)I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35- den geçmedik, Aşgabat şäherinde ýaşaýan raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. Okuwlar tölegli bolup, bularyň möhleti 1 ýyl. Resmi iş kagyzlary I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 19–njy awgustyna çenli kabul edilýär.Giriş synaglary: 2024–nji ýylyň 22-26-njy awgusty aralygynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde ( Aşgabat şäherinde), Himiýa, Biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçiriler.Okuwy doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky, başlangyç hünär bilimi hakynda, diplomyň asyl nusgasy berler.Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.Orta hünär okuw mekdebimize, Hoş geldiňiz!

News
01.08.2024
219

Türkmenistana syýahatçylyk bukjalarynyň sany takmynan 50% artdy

Soňky döwürde Türkmenistanda operatorlar tarapyndan berilen daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk bukjalarynyň sany, takmynan, 50% ýokarlandy. Bu barada «Голос СНГ» neşiri habar berdi.Degişli ösüş 2018 — 2020-nji ýyllara görä hasaba alyndy. Esasan hem taryhy ýerele toparlaýyn syýahatlara isleg bildirilýär.Umuman aýdanyňda, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň hünärmenleriniň netijesine görä, syýahatçylyk boýunça Türkmenistan uly mümkinçilige eýe sebit hökmünde häsiýetlendirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly ýerlere syýahatçylaryň uly gyzyklanmasy hem muny subut edýär.Merkezi Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän syýahatçylyk bukjalary häzirki wagtda Hytaýdan, ABŞ-dan, Günorta Amerikadan, Awstraliýadan, Ýewropa ýurtlaryndan we Russiýa Federasiýasyndan gelen syýahatçylaryň arasynda meşhurdyr. Şeýle gezelençlerde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň dürli ýerlerine syýahat guralýar. Şu ugurlar boýunça jahankeşdeler Ýüpek ýolunyň ähli gözel ýerlerini görmäge mümkinçilik alýarlar.Häzirki wagtda Türkmenistanda 130-a çenli syýahatçylyk kärhanalary hereket edýär. Çeşme Türkmenistanda syýahatçylygyň ösmeginiň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» arkaly üpjün edilýändigini belleýär.

News
30.07.2024
95

Heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanow we onuň ylham çeşmesi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, şu ýyl 70 ýaşy dolan heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanowyň işleriniň şahsy sergisi guraldy.Sergä gelenleriň nazary, ilki bilen, Orazmyrat we Jumagül Gurbanowlaryň portretinde eglenýär, ony olaryň gyzy Laçyn Rejepgulyýewa çekipdir. Görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň döşheýkelleriniň arasynda Orazmyrat bilen Jumagülüň hem iki döşheýkeli bar. Myhmanlar Orazmyrat bilen Jumagüli ýubileýi bilen gutlaýardylar. Çäre köpçülikleýin sergä meňzeýärdi. Jumagül Gurbanowa Orazmyrat Gurbanowanyň aýaly, şeýle hem onuň mähriban ylham çeşmesi we talapkär maslahatçysy. Söwer Jumagüli bolmadyk bolsa Orazmyrat Gurbanow, belki, beýle köp ajaýyp eser döredip bilmezdi.Orazmyrat Gurbanow hemişe gözleýän heýkeltaraş. Ol esasan realistik žanrda işleýär, ýöne kämahal döredijilik ugruny üýtgedýär-de, abstraksiýa geçýär we zenan şekilidigi çala bildirýän heýkeller döredýär. Iki taraply heýkeller hem onuň döredijiliginiň bir ugrydyr. Sergide bir tarapy zenan, beýlekisi erkek şekilli heýkeli bar. Mundan başga-da, Orazmyrat Gurbanow üç taraplaýyn heýkelleri döretmäge başlady. Olaryň biri «Halypalarym» atly işi sergide görkezilýär. Bir heýkelde Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew we Ýedi Medetow tomaşaçylara üç tarapdan seredýärler.Dogduk Diýarynyň haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň köpüsiniň heýkelleri Orazmyrat Gurbanowyň çagalyk ýyllaryny oba ýerinde, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Zähmet obasynda geçendigini görkezýär, heýkeltaraş olaryň owadanlygynyň we nepisliginiň haýrany bolup, toýundan haýwanlaryň mylaýym şekillerini ýasady. Orazmyrat Gurbanowyň heýkelini ýasamadyk haýwany ýok bolsa gerek. Sergide görkezilýän haýwanat dünýäsiniň ekspozisiýasy, jerenleriň, sugunlaryň, atlaryň, düýeleriň we möjekleriň ençeme heýkelinden ýaňa doňup galan haýwanat bagyna meňzeýär. «Ýaş çopan» atly heýkeli onuň döredijiliginiň özboluşly nusgasydyr. Bu köp şekilli kompozisiýada Orazmyrat Gurbanow tejribeli çopanlaryň tiz wagtda öri meýdanlarynda öz ornuna geljek oglana kär syrlaryny gürrüň berýän pursadyny şekillendiripdir. Bu kompozisiýada dowar sürüsindäki mallaryň şekiliniň näçedigi hasam gyzyklandyrýar. Dowar şeýle bir köp welin, hatda awtoryň özem hem olaryň sanyny takyk bilmeýär. Mallaryň sanyndan çen tutsaň, belki, Orazmyrat Gurbanowyň heýkeli Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip bilner.Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow sergiden galan täsirleri barada gürrüň berip:– Orazmyrat Gurbanowyň işeňňirligine haýran galýaryn. Aýratynam nepis tapbilerligi, tebigy degişme we synçylygy görnüp duran kiçijik eserlerini halaýaryn – diýdi.

News
28.07.2024
113

Magtymguly Pyragynyň eserleri  asyrlar içre jahankeşdeleriň dilinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormetly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli mirasy, ruhy-medeni gymmatlary hem-de dünýä meşhur edebi ýadygärlikleri ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. 2024-nji ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy bolsa Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine goýulýan beýik sarpadan nyşandyr. Häzirki döwürde giň gerimde alnyp barylýan Magtymgulynyň döwrüni, ömrüni, döredijiligini we filosofiýasyny öwrenmek, çapa we neşire taýýarlamak işleri öz gözbaşyny baryp, XIX asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar. Bu uly işiň başyny başlanlar esasan jahankeşde alymlar bolupdyr. Olardan polýak syýahatçysy Aleksandr Hodzko-Boreýkonyň, wenger gündogarşynasy Armeniý Wamberiniň atlaryny hormat bilen ýatlamak bolar. 1804 — 1891-nji ýyllarda ýaşap geçen polýak jahankeşdesi we ýazyjysy Aleksandr Hodzko-Boreýko XIX asyryň 30-njy ýyllarynda Orta Aziýa syýahat edipdir. Ol Magtymguly Pyragynyň, Mämmetweli Keminäniň käbir goşgularyny hem-de «Görogly» şadessanyndan bölekleri il içinden ýygnap, alyp gidipdir. Soňra alym bu eserlerini iňlis diline terjime edipdir. Aleksandr Hodzko bu terjimelerini 1842-nji ýylda Londonda çap edilen “Specimens of popular Persian poetry” (Persiýanyň meşhur poeziýasyndan nusgalar) atly kitabynda ýerleşdiripdir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň gysgaça terjimehaly hem-de 3 sany goşgusy iňlis dilinde çap edilipdir. Bu beýik iş akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny dünýä ýüzünde tanatmakda durmuşa geçirilen iň ilkinji ädim bolupdyr.Arminiý Wamberi (1832-1913) hem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny toplamakda, öwrenmekde we okyjylara ýetirmekde uly işler bitirenleriň biridir. Ol XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýa, hususan-da türkmen topragyna başdan-aýaga syýahat edýär. Syýahatçy, alym, gündogarşynas we türkolog Armeniý Wamberi başyndan geçiren ähli wakalaryny, hemme gören-eşidenlerini 1863-nji ýylda neşir edilen “Orta Aziýa syýahat” atly kitabynda jemleýär. Ol öz kitabynda: «Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy örän gyzykly. Onda bir tarapdan türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinji tarapdan beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar» diýmek bilen, söz ussadynyň şygyrlaryndaky pikir-ideýalaryň has inçe berilýändigini nygtapdyr.Armeniý Wamberi 1879-njy ýylda Leýpsing şäherinde Nemes Gündogar Jemgyýeti ýygyndysynda «Türkmenleriň dili we Magtymgulynyň diwany» diýen at bilen türkmen diline, edebiýatyna, Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine we dünýägaraýşyna bagyşlanan makalasyny çap etdirýär. Gündogarşynas alym bu makalasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada maglumat berýär. Alym Magtymgulynyň jemi 40 töweregi şygryny neşir etdirýär. Şahyryň 30 goşgusyny tutuşlygyna, 10 goşgusyny bolsa bölekleýin türkmen hem nemes dillerinde çap edýär. Jahankeşde alymlarynyň bu hyzmatlary Gündogar bilen Günbataryň özara ylmy we medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini giňden wagyz etmek arkaly bu gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Bu döwletli işler biz — aragatnaşyk ulgamynyň işgärlerini hem buýsandyrýar. Şonuň üçin “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli aragatnaşyk ulgamynda hem birnäçe medeni köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Milli medeniýetimiziň, edebi mirasymyzyň goralyp saklanmagy we ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, hormat-sarpasynyň bütin Ýer ýüzünde barha artmagy halkymyzyň milli ruhunyň has-da belende galmagynyň aýdyň kepili bolup durýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

News
26.07.2024
268

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi

2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdy. Mejlisde Türkmenistana Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.Taraplar şu ýylyň 9-10-njy awgusty aralygynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Sammitiň we Işewürler forumynyň maksatnamasyna we gün-tertibine seredildi, şeýle hem Sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda A.Gurbanow türkmen tarapynyň Dialogyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

News
24.07.2024
208

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak, welaýatyň çäginde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň güýjünden netijeli peýdalanmak boýunça Lebap welaýatynda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýän jogapkärli döwürde özüniň oňyn netijelerini berýär.Welaýat boýunça hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine, ýagny, Türkmenabat şäher häkimligine degişli bolan, her tapgyrda 300 çaga niýetlenen «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine möwsümiň dowamynda üç tapgyrda 900, «Awazadaky» 100 çaga niýetlenen «Lebap» çagalar dynç alyş merkezine bäş tapgyrda 500 çaga çekmeklik göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu ýerlerde ýaş nesiller öz wagtlaryny şadyýan geçirýärler. .Möwsümde Türkmenabat şäheriniň golaýynda, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde işleriň aýratyn guramaçylykly ýola goýlandygyny bellemek bolar. Bu sapaly mekanda çagalaryň kadaly dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, zähmet endiklerini kemala getirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Merkezde ýaş nesilleri hünärlere ugrukdyrmak we durmuşa taýýarlamak maksady bilen hünär hem-de aýdym-saz gurnaklary döredilipdir. Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak yzygiderli alnyp barylýar. Merkezde dynç alýan çagalaryň şäheriň eteginde ýerleşýän gadymy «Amul» galasyna, Amyderýanyň üstünden gurlan döwrebap köprülere, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, şäheriň gözel ýerlerine, şol sanda «Bitaraplyk» seýilgähine guraýan gezelençleri olarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Şeýle hem bu ýerde dynç alýan ýaş nesiller Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda bolup, bu ýerde sahnalaşdyrylan türkmen halk ertekilerine höwes bilen tomaşa edýärler. «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek maksady bilen sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli oýunlar boýunça ýaryşlar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň guramagynda «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredilen 13-14 ýaşly ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň arasynda ýangyn amaly sporty boýunça 5 tapgyrdan ybarat bäsleşik hem aýratyn täsirliligi, çagalaryň ugurtapyjylygy we oňa gatnaşyjylaryň maksadaokgunlylygy bilen tapawutlandy. Ýaşlarda ýangyn howpunyň öňüni almak, jemgyýetçilik we şahsy emläge aýawly garamak, ýangyn söndürmegiň endiklerini ele almak ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara hem-de bäsleşige gatnaşyjylara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.Ýaş nesilleriň welaýatda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmekleri olaryň ruhy we fiziki taýdan kämilleşmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň, ata Watanymyza bolan söýgüsiniň has-da artmagyna, täze okuw ýylyna ruhubelent gadam basmaklaryna ýardam eder.