TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
03.07.2024
138

Türkmenistan we Eýran gaz pudagynda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler.Türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň çäkleriniň üsti bilen üçünji ýurtlara ibermek ugrunda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär.Şunuň esasynda, häzirki wagtda türkmen we eýran tarapynyň gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ozal ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri has-da işjeňleşdirýändiklerini bellemek gerek. Şeýlelikde, eýran kompaniýalary bilen gazgeçiriji ulgamlary giňeltmek hem-de Eýrana tebigy gazyň goşmaça möçberlerini ibermek üçin, Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometr täze gazgeçirijini çekmek hem-de 3 sany gaz gysyjy desgany gurmak işleri ýerine ýetiriler. Şunuň bilen birlikde Döwletabat-Sarahs-Hangeran ugry we “Çaloýuk” gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen Eýran ugry boýunça iberilýän tebigy gazyň häzirki möçberlerini ýylda 40 mlrd. kub metre çenli artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini bellemek zerur.Tebigy gazy ibermekde bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri ulanmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 1-3-nji iýuly aralygynda Aşgabat şäherinde türkmen-eýran tarapynyň gepleşikleri geçirildi we Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmek bilen bagly soraglaryň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmen-eýran duşuşygynyň netijesinde taraplaryň arasynda türkmen tebigy gazynyň ýylda 10 mlrd. kub metre çenli möçberini SWAP usulunda Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Yrak döwletine ibermek babatda tebigy gazy satyn almak-satmak barada şertnama gol çekildi.

News
01.07.2024
239

Döwlet ähmiýetli şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli dabaralar

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan “akylly” şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Gurluşygy tamamlanan birinji tapgyryň çäklerinde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Olaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhanalar alyp bardy.Innowasion şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edilen bu şäher häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we özboluşly binagärlik çözgütlerini, milli binagärligiň iň gowy däplerini, dünýäniň iň döwrebap tejribesini özünde jemleýär. Gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ulanylan Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarydyr diplomlarynyň ýigrimiden gowragyna mynasyp bolmagy tötänden däldir. Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäheriň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilendigi bellärliklidir. Munuň özi döwletimiziň bu ugurda alyp barýan ägirt uly işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasy talaplaryň biri boldy. Bu bolsa şäheriň ilaty üçin amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Ähli binalardyr desgalar, şol sanda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary dünýä ülňülerine laýyklykda guruldy. Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi döredildi. Giň şaýollar, köçeler häzirki zaman yşyklandyryş we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Täze şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.Täze şäheriň saglygy goraýyş, bilim, sport ugurly binalarynyň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, çagalar baglaryny, umumybilim berýän orta mekdepleri, lukmançylyk edaralaryny, sport toplumlaryny görkezmek bolar.Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesli goldamak we olaryň gyzyklanmalaryny höweslendirmek halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen parasatly ýörelgeleriniň biridir. Çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada olary Watanymyza söýgi, onuň taryhyna we medeniýetine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýeri gelende bellesek, ýaş türkmenistanlylaryň durmuş goraglylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Onuň ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýär. Gazna giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň, şol sanda mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalarynyň lukmançylyk barlaglaryna we olara dürli operasiýalary geçirmäge, bejergi almaklary üçin tölegleri tölemäge, lukmançylyk maksatly serişdeleri we enjamlary satyn almaga yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär.Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde Arkadag şäherinde şu ýylyň martynda ilkinji gezek mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi. Ders olimpiadasyna ýurdumyzdan, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan zehinli mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda görülýän çäreler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu maksat bilen, Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi. Degişli enjamlar, türgenleşik abzallary bilen enjamlaşdyrylan köpugurly sport toplumy we sport merkezi (suw-sport toplumy), 10 müň orunlyk stadion guruldy. Häzirki wagtda halkymyzyň saglygyny berkitmek babatda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň sazlaşykly ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler açýar. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony bolan we ýurdumyzyň Kubogyny gazanan “Arkadag” futbol topary munuň aýdyň mysalydyr.Döwrebap şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar hem Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyryldy. Geçirilen çäreleriň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat, baýramçylyk at çapyşyklary bar.Döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berlip, döredijilik işgärleri üçin ähli şertler döredilýär, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylyp, onuň düzümindäki edaralaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze şäheriň medeniýet ulgamyna degişli binalarynyň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, medeniýet we sungat işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary bar. Mundan başga-da, «Arkadag» teleýaýlymy döredilip, adybir gazet esaslandyryldy. Ruhyýet köşgi, şäheriň birnäçe edaralary ýerleşen Medeniýet toplumynyň binasy täze şäheriň binagärlik gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýar.Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek birnäçe möhüm ähmiýetli medeni çäreler geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda guralan “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal, “Ýylyň parlak ýyldyzy” estrada bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we beýlekiler şolaryň hataryndadyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadag şäherinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu medeni forum döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, halkymyzyň medeniýet derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.Gözelligi we gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken “akylly” şäher açylan gününden “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy”, “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri”, “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara ylmy maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilen ýerine öwrüldi. Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.Şu gün bolsa Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylar jaý toýuny tutdular. Bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Täze jaýlara göçüp gelenler ýaşaýjylar üçin iň ýokary rahatlygy üpjün edýän “akylly” öý tehnologiýalarynyň artykmaçlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. “Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.Täze ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler....Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda bu şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaranyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrjakdygyna, gazanýan ajaýyp üstünliklerimize buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şäher ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň biri boldy.Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän täze şäher “akylly” şäheriň aýdyň nusgasy bolmak bilen, onda öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berildi. Ajaýyp tebigy gözelligi gorap saklamak üçin şäheriň gurluşygynda “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanyldy.Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän ajaýyp keşbe eýe boldy. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Oňa laýyklykda, Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna Watana wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň atlary dakyldy.Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça işler dowam etdirilýär. Onuň çäginde, esasan, senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa Türkmenistanda milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak meselesine uly üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň yzygiderli üns bermeginde alnyp barylýandygy bellenildi. Bu ýerde halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, saglygyny, döredijilikli zähmetini üpjün etmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanyň syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň anyk mysalydyr.Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikleriň ekologik talaplara laýyklygynyň, olaryň bejerijilik aýratynlyklarynyň ylmy esasda öwrenilýändigini aýtdylar. Munuň özi ýerli çig maldan saglygy goraýyş ulgamyna zerur bolan derman serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, şol sanda agyz-burun örtükleriniň önümçiligine girişildi. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artdyrylmagynda, bu ugurda ýerli islegleriň kanagatlandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.Arkadag şäheri diňe bir sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça “Habitat — III” maslahatynda tassyklanan “Täze şäher gün tertibi” konsepsiýasynyň hem amala aşyrylmagynyň mysalydyr. Maslahata gatnaşyjylar “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitabyň ähmiýetini hem bellediler. Onda Arkadag şäherinde ýerine ýetirilen gurluşyk işleri baradaky maglumatlar getirilýär, owadan fotosuratlar bolsa şäheriň binalarynyň aýratynlyklary barada aýdyň düşünje almaga ýardam berýär. Üç dilde taýýarlanylan hem-de ýokary çaphana usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin hem elýeterlidir.Forumyň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, watandaşlarymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine “Arkadag” adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle hem teleskopy we onuň düşüren suratlaryny ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak hakynda çözgüt kabul edildi.Dabara gatnaşyjylar ähli bilim işgärlerini, uniwersitetiň professor-mugallymlaryny, talyplaryny bu ajaýyp waka bilen gutladylar. Soňra degişli güwänama gowşuryldy. Bilim işgärleri, Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary bu ajaýyp wakanyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Arkadagymyzyň ady dakylan täze şäheriň diňe bir raýatlarymyzyň amatly we bagtyýar durmuşda ýaşaýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, bilimiň, medeniýetiň, ylmyň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyň esasy merkezleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.Dabaraly maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler....Agşam «Arkadag Binasynyň» öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy.«Baky bagtyň aýdymy Siz, Milli Lider Arkadag!» atly edebi-sazly kompozisiýa konsertiň başyny başlady. Ol ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň we täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň amala aşyrylmagyna badalga beren Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine bagyşlandy. Bu ýerde guralan dabaranyň edebi maksatnamasyna aýdymlar we joşgunly tanslar, artistleriň, döredijilik toparlarynyň sungatyň dürli ugurlary boýunça ýerine ýetiren çykyşlary, milli sungatyň baý däplerini, özboluşly öwüşginini, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän döredijilik çykyşlary girizildi. Konserte gatnaşyjylar belent owazlary bilen Arkadag şäheriniň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň waspyny ýetirdiler. Aýdym-sazly kompozisiýalar Arkadag şäheriniň gözel künjekleri baradaky wideoşekiller bilen utgaşdy.Tomaşaçylar Türkiýe Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşyny uly şowhun bilen garşyladylar. Olar meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Daşary ýurtlaryň belli aýdymlary esasynda ýerine ýetirilen “Aýdymlar çemeni” dostlukly gatnaşyklaryň özboluşly senasy bolup ýaňlandy.Ýurdumyzda ýola goýlan asylly däbe görä, her bir baýramçylykda dünýä meşhur “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirilýär. Häzirki döwürde halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan gadymy aýdymly tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, döwrüň ruhy bilen sazlaşýar we many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Küştdepdini birleşen folklor toparlary ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.Sözi we sazy türkmen halkynyň Milli Liderine degişli bolan “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ony dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmegi sungat eseriniň ähmiýetini we täsirliligini has-da artdyrdy. Bu aýdym watansöýüjiligiň, agzybir halkymyza, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza beýik buýsanjyň senasyna öwrüldi.Artistleriň çykyşlarynda halkymyzyň baý medeni mirasy, häzirki zaman äheňleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy.

News
29.06.2024
276

Dynç rugsady: lezzetli dynçlyk hem däl-de, zerurlyk

Ylmy maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, işden soň agşamlaryna we dynç günleri dynç almagyň gujur-gaýratyňy dikeltmek üçin ýeterlik däldigini görkezýär. Dynjyň ýetmeýän bolsa, bu hökmany ýagdaýda duýulýar.Bize dynç alyş rugsady näme üçin gerek?Dynç alyş — önjeýli we döredijilikli işlemek üçin güýç toplamak Awstriýaly alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar dynç alşyň diňe bir ýakymly güýmenje bolman, eýsem ýokary öndürijiligi we döredijiligi saklamagyň zerurlygydygyny tassyklaýar. Ofisde işleýän işgärleriň arasynda geçirilen gözleg bolsa arakesmeden soň adamlaryň has gujurly we hyjuwly bolýandyklaryny äşgär etdi.Alymlaryň pikiriçe, iň gowy diýilýän dynç alyş özünde şulary jemlemeli: dürli ýerlerde bolmak, fiziki işjeňlik, täze adamlar bilen aragatnaşyk gurmak hem-de sagdyn ukyňy almak.Geň görünse-de, dynç alşyň wagt uzaklygy üýtgeşik bir aýgytly ähmiýete eýe däldir. Adamlar 7 we 14 günüň dowamynda deň derejede dynç alýarlar.Dynç alyş öndürijiligi ýokarlandyrmakdan başga-da, döredijiligi höweslendirýär. Moda öýleriniň taryhyny öwrenmek döredijilik režissýorlarynyň syýahatynyň kolleksiýalaryň täzeligine we özboluşlylygyna gönüden-göni täsir edýändigini görkezdi.Munuň syry beýniniň neýroplastikligindedir. Täze zatlary öwrenenimizde beýnimizde täze nerw baglanyşyklary emele gelýär. Beýniniň ösen neýroplastikligi akyl taýdan kognitiwlige eltýär, ýagny adam täze şertlere has aňsat uýgunlaşýar, meseleleriň çözgüdini tiz tapýar hem-de dartgynlylyk ýagdaýyna has az sezewar bolýar.Dynç alyş ýadawlyk alamatlaryny ýeňilleşdirýärIş ýerindäki yzygiderli dartgynlylyk ýadawlyk sindromyna sebäp bolup biler. Bu ýagdaý ýadawlyk, gödeklik we işe bolan ýigrenç bilen häsiýetlendirilýär.Ýadawlygyň ýakymsyz alamatlary dynç günlerinden soň hem düýbünden ýok bolup gidibermeýär. Bularyň arasynda uky bozulmalary ýaly fiziki kynçylyklar ýüze çykyp biler.“HeadHunter” (hh.ru) kompaniýasynyň gözlegleri işçileriň 80%-den gowragynyň ýadawlyk alamatlaryny başdan geçirendigini görkezýär.Ysraýylly alymlar her ýylky dynç alşyň hatda gysga möhletiniň (7 — 10 gün) hem ýadawlygyň alamatlaryny azaldyp biljekdigini anykladylar. Gollandiýaly alymlar bolsa ýylyň dowamynda birnäçe gysga dynç alyşyň bir uzyn dynç alyşdan has täsirlidigini ýüze çykardylar.Şeýle-de bolsa, dynç alyş hemme dertleriň dermany däldir. Ýadawlygyň alamatlary, adatça, dynç alnandan üç hepde soň gaýdyp gelýär.Näme üçin? Dynç alyş diňe ýadawlygyň sebäplerini wagtlaýyn ýok edýär, mysal üçin, aşa işlemek ýa-da iş prosesiniň tertipsizligi we ş.m.Adaty işe gaýdyp gelen adam, ýene-de täze ýadawlyga sebäp bolýan dartgynlylyk faktorlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.Ýadawlyga garşy göreşmegiň esasy usuly, dartgynlylygy kesgitlemek we ondan saplanmakdyr.Dynç alyşa garaşmak dartgynlylygy peseldýärAmerikaly alymlar dynç alyşa garaşmagyň dartgynlylygyň derejesini ep-esli azaldyp biljekdigini subut etdiler.Dynç alyşdan bir aý öň we bir aý soň, barlaga gatnaşyjylar ýürek urşuny hasaba alýan impuls oksimetrlerini geýdiler. Mundan başga-da, dartgynlylygyň derejelerine baha bermek üçin hepdelik gözlegleri tamamladylar.Barlagyň maksady dynç alyşa garaşmagyň dartgynlylyga nähili täsir edýändigini we dynç alşyň dikeldiş täsirleriniň näçe wagt dowam edýändigini öwrenmekden ybarat boldy. Dartgynlylykda ýürek urşunyň ýokarlanýandygy mälimdir. Arkaýyn ýagdaýda minutda 60-dan 100 urga çenli, dartgynlylyk wagtynda bolsa 100-den ýokary bolýar.Barlagyň netijesi dynç alyş näçe ýakyn bolsa, dartgynlylygyň derejesiniň şonça pes bolýandygyny görkezdi.Syýahat etmek — depressiýanyň bejergisiAlymlar dynjyň ýetmezligi bilen depressiw bozulmalaryň ösmeginiň arasynda aýrylmaz baglanyşygyň bardygyny nygtaýarlar.Aýal-gyzlar bu meselede has ejizdirler: her 10 gün dynç alyşda depressiýa töwekgelçiligi ortaça 29% azalýar. Iki ýa-da has köp çagasy bolan aýallar üçin bu görkeziji has ýokarydyr - 38%.Depressiýa garşy öňüni alyş çäresi hökmünde dynç alyşlaryň netijeliligi, fermalarda işleýän 1500 aýalyň akyl ýagdaýyna bäş ýyl gözegçilik edilýän barlag bilen tassyklanyldy. Netijeler, iki ýyldan bir gezek dynç alýanlaryň arasynda depressiýa ähtimallygynyň has ýokarydygyny görkezdi.Syýahaty öz içine alýan dynç alyşlar depressiýa garşy göreşmekde iň täsirli usul bolup çykdy. Koreýaly alymlar 8500-den gowrak adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, bu netijä geldiler. Olar bir ýyldan gowrak wagtlap syýahat etmedikleriň depressiýa howpunyň 71% ýokarydygyny anykladylar.Ýokardaky getirilen maglumatlardyr pikirleriň, barlaglaryň netijeleriniň hemmesinden dynç alşyň lezzet almak hem däl-de, saglygyňyza, öndürijiligiňize we döredijilikli zähmet çekmäge maýa goýumdygyny aýtmak bolar.

News
28.06.2024
231

Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurnady.Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet ministriniň orunbasary Nadır Alpaslan, Ankaradaky daşary ýurtlarynyň diplomatiki wekilhanalarynyň, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.Öz çykyşlarynda gatnaşanlar Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellediler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilendigini nygtadylar.Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin özygtyýarly döwlet, erkin we bagtly durmuş baradaky arzuwlary häzirki wagtda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.Çäräniň ahyrynda, asylly däbe görä, ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

News
27.06.2024
168

Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, tunis tarapyna – Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministriniň orunbasary Munir ben Rajiba ýolbaşçylyk etdi.Duşuşygyň dowamynda türkmen-tunis gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň göwrümini artdymagyň ýollary, maýa goýum, syýahatçylyk we oba hojalygy çygyrlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Şeýle hem, Türkmen-tunis parlamentara dostluk toparyny döretmek arkaly parlamentara hyzmatdaşlygyny hem-de ynsanperwer we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara ygrarlylyk beýan edildi.Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

News
25.06.2024
88

Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skugyň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barşyny gözden geçirdiler, şeýle hem hukugyň hökmürowanlygy we adam hukuklary ýaly ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.ÝB-niň wekili ilatyň ýaşaýşynyň ýokary derejeli durmuş-ykdysady şertlerini, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de öňe sürmek boýunça ösüşi üpjün etmek babatynda Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy.Taraplar nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Adam hukuklary boýunça dialoglaryň çäklerinde pikir alyşmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

News
24.06.2024
283

«Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygyna we medeni mirasyna bagyşlanyp, «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi.Maslahata Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Eýranyň Parlamentleriniň wekilleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary gatnaşdylar.Maslahatyň esasy maksady dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň ösmegine çäksiz uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Parlament derejesinde bellemekden we döwletleriň medeni syýasatyny goldamakdan, beýik söz ussatlarynyň tutuş adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň dürdäneleri hasaplanylýan edebi miraslaryny giňden wagyz etmekden, aýawly saklamakdan, ýaş nesilleri olaryň ruhunda terbiýelemekden, doganlyk halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden we parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.Giň wekilçilikde geçen maslahatda ilkinji söz Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň at gazanan diplomaty Çynar Täjiýewna Rüstemowa berildi. Ol öz çykyşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny dikeltmek, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan we umumadamzat ösüşlerine uly goşant goşan beýik şahsyýetlerimizden miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň, mukaddes däp-dessurlarymyzyň ruhunda terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigine, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygyna, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekdi. Umumadamzat medeni gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy, dünýä halklary üçin elýeterli bolmagy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralandyrylmagyna gönükdirilmegi ugrunda iri halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen döwlet derejesinde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç baý maglumatly çykyşynda dünýä halklarynyň taryhy ýadygärlikleriniň, milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawynda yzygiderli orun alýandygyny we Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýetine ýokary baha berilýändigini belledi. Bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagynda, geljekki nesillere miras galdyrylmagynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.Soňra Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy Palatasynyň Spikeriniň birinji orunbasary Akmal Holmatowiç Saidow çykyş etdi. Ol iki goňşy dostlukly döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerimde ösýändigini, parlamentara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny belläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilip geçilýän ýylynda şeýle maslahatyň geçirilmegine mümkinçilikleri döredip berýän iki dostlukly döwletiň Baştutanlaryna özüniň sagbolsunyny aýtdy. Bu halkara maslahatyň täzeçillikdigini we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belläp geçdi.Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Ylym, bilim, saglygy goraýyş meseleleri baradaky komitetiniň başlygy Odiljon Karimowiç Iminow öz çykyşynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň özbek diline terjime edilip, özbek halky tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny, onuň goşgularyna döredilen aýdymlaryň özbek toý-dabaralaryny bezeýändigini, beýik şahyryň durmuş ýoluna we döredijiligine bagyşlanyp, döwlet derejesinde dabaraly çäreleriň geçirilýändigini buýsanç bilen belledi. Şeýle hem ol çykyşynyň dowamynda dana şahyryň goşgularyndan dürdäne setirleriň birnäçesini labyzly aýdyp, olarda beýan edilýän filosofik garaýyşlara, çuňňur manyly pikir-ündewlere ünsi çekdi.Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Ylym we bilim baradaky komitetiniň başlygy Bahtiýar Gamza oglu Aliýew çykyşynda Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga çagyrýan, ahlak gymmatlyklaryny ündeýän dürdäne şygyrlarynyň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilip, dürli halklar üçin elýeterli bolandygyny belledi. Akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlanyp, Azerbaýjanda giň wekilçilikli ylmy maslahatlaryň guralýandygyny, ylmy işleriň çap edilýändigini aýtdy.Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Durmuş-medeni ösüş we ylym baradaky komitetiniň başlygy Nurtore Baýtelesowiç Jusip maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň gazak diline terjime edilip, halk köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny belledi.Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Mejlisiniň Milli Majlisiň Namoýandagon Mejlisi, ýerine ýetiriji häkimiýet, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we parlamentara aragatnaşyklary bilen işini utgaşdyrmak baradaky komitetiniň başlygy FarhodRahimi Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasly şygyrlarynda parahatçylyk, agzybirlik, jebislik barada beýan edilýän dürdäne pikirleriň häzirki döwürde hem örän möhüm ähmiýete eýedigi barada durup geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Täjigistan Respublikasynda hem dürli öwüşginli dabaralaryň geçirilýändigi, häzirki wagtda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulýandygy barada aýtdy we munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny subut edýär diýip belledi.Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Nasiba Sodiki öz çykyşynda häzirki dünýä şertlerinde halklary ýakynlaşdyrmakda taryhy-medeni gymmatlyklaryň ähmiýetiniň örän uludygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny dikeltmek, döwrebap ösdürmek babatda döwlet derejesinde maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn uly ornuň degişlidigini nygtap, Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlaryndan birnäçe bendi labyzly okap berdi.Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini, halkara derejesinde geçirilýän şu günki maslahatyň munuň aýdyň mysalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem şu ýyl «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryna eýerilip taýýarlanylan «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň akyldar şahyryň ady bilen berk bagly ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrandygyny uly buýsanç bilen belledi.Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Halkara işler, goranmak, howpsuzlyk we migrasiýa baradaky komitetiniň agzasy Mirgul Omurzakowna Temirbaýewa Türkmenistan we Gyrgyz döwletleriniň arasynda ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini aýdyp, Gyrgyz Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň şanyna dabaraly maslahatlaryň geçirilýändigini, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dürli çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdi.TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň wideoýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini dabaralandyran, türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan hormat-sarpanyň nyşanydygyny, Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şähere özüniň baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi üçin täze ugurlary açar diýip belledi.Maslahata gatnaşyjylar şeýle halkara çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda medeni, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde, parlamentara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmeginde möhüm ähmiýetini bellediler.

News
22.06.2024
283

Dünýäni aýlaýan 4 teker: 10 sany iň özboluşly awtoulag muzeýi

Awtoulaglar — bu diňe bir ulag serişdesi hem däl-de, eýsem, taryh, medeniýet, dizaýn we inženerçilik pikiri. Bu atmosfera doly girip, awtoulag pudagynyň ösüşini yzarlap hem-de rowaýata öwrülen awtoulaglary görmek üçin adamzat jemgyýeti dünýäde birnäçe awtoulag muzeýlerini döretdi.«Volkswagen» awtogrady. Bu ýer «Volkswagen»-iň esasy zawodynyň ýerleşýän ýerinde, Germaniýanyň Wolfsburg şäheriniň ýüreginde hakyky «awtograd» ýerleşip, ol meşhur brendiň awtoulag dünýäsine bagyşlanan seýilgähdir.25 gektar meýdanda restoranlar, muzeýler, dynç alyş merkezi hem-de awtoulag öndürijisiniň direktorlar geňeşiniň baş edarasy ýerleşýär. Toplumyň esasy binalary 20 gatly ekiz diňler bolup, her gatda täze, eýýäm satyn alnan awtoulaglar ýerleşdirilip, olaryň her biri eýesiniň isleglerine doly laýyk gelýän görnüşde taýýarlanylandyr.Pitersen awtoulag muzeýi Los Anjelesde ýerleşýär. 1994-nji ýylda döredilen bu ýerde dünýäde iň giň awtoulag kolleksiýalarynyň biri bar.Gadymy, seýrek gabat gelýän ulaglardan başlap häzirki zaman superkarlaryna çenli bolan 150 sany ulag modeli awtoulag pudagynyň ösüşi barada täsin taryhy gürrüň berip dur. Birinji gatda aýlanyp ýören mahalyňyz bu ýerde awtoulag pudagynyň dörän döwrüniň atmosferasyna girersiňiz, ilkinji synaglary, tejribeleri görersiňiz we ilkinji başlangyçlaryň ruhuny duýarsyňyz.Ikinji gat Golliwud ýyldyzlaryna we olaryň kaşaň awtoulaglaryna bagyşlanýar. Bu ýerde Betmeniň şahsy awtoulagyny, «Beýik ýaryş»-yň rowaýata öwrülen awtoulaglaryny we awtoulag baradaky meşhur kinolaryň beýleki nyşanlaryny görüp bilersiňiz.Kiçi ýaşly myhmanlar üçin bolsa bu ýeriň üçünji gatynda çagalaryň ulaglarynyň modelleri garaşýar.Ştutgartdaky (Germaniýa) Mersedes-Benz muzeýi. Spiral görnüşindäki futuristik bina 9 gata çenli uzaýar.Esasy girelgede sizi diňe bir eksponat däl, eýsem özboluşly bir rowaýaty eser — rulunda ýaryşlaryň beýik sürüjisi Huan Manuel Fanhionyň bürünç keşpde dolandyryp oturan Mersedes-Benz W196 ýaryş awtoulagy garşy alýar. Bu awtoulagy «Kümüş ok» diýip hem atlandytrýarlar.Adaty däl görünse-de, bu ýerde muzeýe gezelenç 9-njy gatdan başlanýar. Muzeýiň 1500-den gowrak eksponaty bolan baý kolleksiýasynda diňe bir awtoulaglar we ýük awtoulaglary däl, eýsem motosikller, awtobuslar we hatda ýörite enjamlar hem bar.Bowling Grin şäherindäki (ABŞ) «Chevrolet Corvette» milli muzeýi täjirçilik maksatly däl-de, eýsem Amerikanyň iň meşhur awtoulaglarynyň biriniň taryhyny şöhratlandyrmak we goramak üçin döredildi, dünýäniň dürli künjeklerinden Korwetiň muşdaklary üçin hakyky sungat öýüne öwrüldi.Muzeý toplumynyň bu meşhur awtoulaglaryň öndürilen ýeke-täk zawodyndan köçäniň aňyrsynda ýerleşmegi tötänden däldir. Bu ýerde «Corvette»-iň ewolýusiýasyny 1953-nji ýylda çykan ilkinji modelden şu günki superkarlara çenli yzarlap bilersiňiz.Tokio şäherindäki «Toyota Mega Web» muzeýi. Bu ýerdäki alty sergi meýdançasynda ähli ululykdaky we ýaşdaky ýüzlerçe «Toyota» ulaglarynyň modelleri görkezilýär.Toplumyň esasy merkezi — brendiň bar bolan we geljekdäki modellerini görüp boljak «Toyota City Showcase». Onuň gapdalynda iň meşhur zallaryň biri — Ride One ýerleşip, bu ýerde her kim iň täze modeliň kaşaň awtoulagyna münüp aýlanyp bilýär. Üç pawilýondan ybarat, uzak bolmadyk, ýöne tolgundyryjy 1,3 kilometrlik ýol ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.Breşýadaky (Italiýa) «Mille Milýa» awtoulag muzeýi. Bu özboluşly muzeý 1927 — 1957-nji ýyllar aralygynda Italiýada bolup geçen çydamlylyk ýaryşyna bagyşlanýar. Keramatly Eufemiýanyň öňki monastyrynyň taryhy daş otaglarynda ýerleşýän bu muzeý sizi gyzykly ýaryşyň taryhy pursatlaryna syýahat etmäge çagyrýar.Muzeýiň zallary diwarlaryň boýunda hronologiki tertipde 30-a golaý täsin awtoulag ýerleşdirilen uzyn enfilade ýörelgesinde gurlupdyr. Bu awtoulag paradyndan geçip, bir wagtlar Italiýanyň ýollarynda ajaýyp tizlikde daz beren 20, 30, 40 we 50-nji ýyllaryň rowaýaty ulaglarynyň taryhyny görüp bilersiňiz.Saut Benddäki (ABŞ) «Studebaker» milli muzeýi. Muzeý myhmanlary «Studebaker» brendiniň baý taryhy bilen tanyşdyrýar hem-de 120 eksponatdan ybarat bolan täsirli ýygyndyny görkezýär.Birinji gatda kompaniýanyň irki döredijilik başlangyç taslamalary görkezilýär: 1852-nji ýyldan bäri öndürilen arabalardan we awtoulaglardan başlap, 20-nji asyryň başlaryna çenli döredilen awtoulaglara çenli ulag taryhyna şaýat bolmak bolýar. Ikinji gat «Studebaker»-iň altyn asyryna bagyşlanyp, 1934-nji ýyldan bäri öndürilen modelleri, şol sanda 50-nji ýyllaryň meşhur «burunly» awtoulaglaryny öz içine alýar. Indiki gatda bolsa «Studebaker» brendiniň harby enjamlarynyň sergisi guralan.Kolleksiýanyň gymmat bahaly merjenleriniň arasynda dört sany prezident ekipažy, ilkinji we iň soňky «Studebaker» hem-de «Packard» awtoulaglary, konsept awtoulaglary bar. Şeýle hem 1902-nji ýylyň wagtdan ozduran elektrik awtoulagy tanyşdyrylýar.Genri Forduň Detroýtdaky muzeýi (ABŞ). 1929-njy ýylda Genri Forduň özi tarapyndan döredilen bu muzeý toplumy 18 gektardan gowrak meýdany eýeleýär.1906-njy ýylda toplanyp başlanan Genri Ford muzeý kolleksiýasynda häzirki wagtda köp sanly tomaşaçy üçin gyzykly eksponatlar ýerleşýär.Muzeýe aýlanyp görenler awtoulaglaryň, ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň, hereketlendirijileriň, uçarlaryň, otlularyň, motosiklleriň we ş.m. ulaglaryň onlarça modelini görüp bilerler.Jon Kennediniň 1961-nji ýyldaky atylan «Linkoln Continental» prezident limuzini hem sergide aýratyn orun eýeleýär.Modenadaky Ferrari muzeýi (Italiýa). Sergi meýdançasy 6 zala bölünýär, olaryň her biri rowaýata öwrülen bu brendiň taryhyndaky sahypalara bagyşlanýar: Bäsleşik zaly, Şanly zal, Konseptual zal, Uly gezelenç zaly, kinoteatr we wagtlaýyn sergiler zaly.Eksponatlaryň arasynda sergi awtoulaglary, täsin awtoulaglar, güýçli hereketlendirijiler, gyzgalaňly ýaryşlaryň hakydasyna öwrülen tigirler, kartinalarda we suratlarda saklanan gymmatly kuboklar hem bu ýere gözellik berýär.Bu ýere gelýänler her porşeni, klapany we dykyzlygy gözden geçirip, sözüň göni manysynda bu demir atlaryň «içine seredip» bilerler.Muzeýde iň täze modeller, önümçilik hataryndan täze we geçen asyryň ortalarynda ýollarda şöhle saçan seýrek ýaryş awtoulaglary hem görkezilýär.Mýunhende (Germaniýa) ýerleşýän «BMW dünýäsi» muzeýi we köpugurly sergi merkezi meşhur awtoulag öndürijisiniň taryhyna we täzeliklerine bagyşlanýar.2000-nji ýyllaryň başynda Awstriýa býurosy Coop Himmelb(l)au-nyň dizaýnyna laýyklykda gurlan «BMW dünýäsi» ilkinji göreniňde haýrana goýýar. Binanyň dinamiki, tertipli görnüşi howada ýüzýän ýaly bolup, BMW-niň tizlige we kämillige ygrarlydygyny görkezýär.

News
21.06.2024
230

Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Bolgariýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiziň adyna iberen mähirli salamyny ýetirdi we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Duşuşygyň dowamynda jenap Ruslan Stoýanow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu strategiýa parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, ýurdumyzyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýar.Diplomata Mejlisiň düzümi we onuň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara dostluk toparlarynyň bilelikdäki işleri hem şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça, şol sanda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändikleri bellenildi.Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Şunda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy. Bilim, ylym, medeniýet ulgamlary boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek meseleleri-de gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşygyň ahyrynda diplomat özüne ynanylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek bilen, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.***Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BerdimuhamedowaSiziň Alyhezretiňiz!Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ruslan Stoýanowy Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de ilçiniň Bolgariýa Respublikasynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.Rumen Radew,Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.

News
20.06.2024
258

Talyplaryň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwaly geçirildi

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilikli höwesjeň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, mugallymlary we talyplary ýaşlaryň döredijilik ylhamynyň baýramyna gatnaşdylar.«Talyp joşguny» festiwaly her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär. Çäre zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, sungata höwesini ýokarlandyrmaga we milli medeniýeti giňden ýaýmaga gönükdirilendir.Döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynda ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary we maý aýynda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler. Festiwala gatnaşyjylar tomaşaçylara we janköýerlere sungatyň dürli görnüşlerinde – saz çalmakda, aýdym aýtmakda, tans etmekde, folklor, sahna çykyşlarynda we ş.m. ugurlarda öz ussatlygyny görkezdiler.