TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
23.07.2024
261

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Nobatdaky mejlisiň işine Bütindünýä miras komitetiniň 21 sany agza ýurtlaryň wekiliýetleri, şeýle-de 1972-nji ýylyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletlerden synçylar gatnaşýar.Mejlisiň açylyş dabarasyna Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň Sekretariatynyň işgärleri, medeniýet ministrleri, Ilçiler, ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň jogapkär sekretarlary we guramanyň dürli agza ýurtlaryndan degişli ugurdaky bilermenler gatnaşdylar.Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 23-25-nji iýul aralygynda Komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 124 gymmatlygyň ýagdaýyny gözden geçirer, olaryň 57-si Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen howp abanýan gymmatlyklardyr.26-29-njy iýul aralygynda 27 gymmatlygy Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmek baradaky tekliplere garalar. Talapnamalar gymmatlyklaryň şu toparlary boýunça serediler: tebigy, garyşyk we medeni.

News
17.07.2024
254

Talyplyga dalaşgärler üçin göz öňünde tutulýan ýeňillikler

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurtda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, degişli dalaşgärler üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Bular barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen rejelenen görnüşli «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda:--- ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň;--- maýyplygy bolan çagalaryň, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolanlaryň;--- harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalarynyň;--- köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolanlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi kesgitlenilýär.Şeýle-de bu Kanunda:--- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň;--- taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň;--- taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň;--- III topar maýyplygy bolanlaryň;--- çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň;--- saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az däl iş döwri bolan dalaşgärleriň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýandyklary beýan edilýär.

News
16.07.2024
281

Türkmenistanyň wekili Çernogoriýada geçen sebitleýin mejlise gatnaşdy

Çernogoriýada BMGÖM-iň Aral deňzi boýunça taslamasynyň çäginde ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin mejlis bolup geçdi. Bu çärä Türkmenistandan meýletinçi Kasym Jumaýew gatnaşdy.Mejlis «Nesilleriň baglanyşygy: ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak we geljege gatnaşdyrmak» şygary astynda geçdi. Ol Ýewropadan we Merkezi Aziýadan ýaş ýolbaşçylary bir ýere jemledi.Mejlise gatnaşanlar üç günüň dowamynda bilimlerini paýlaşdylar we dünýädäki ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen meşgul boldular. Maksatnama jebis gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur gurallar, bilimlerdir ulgamlar bilen üpjün etmek arkaly, ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

News
15.07.2024
134

Для абитуриентов!

АШХАБАДСКАЯ МЕДИЦИНСКАЯ ШКОЛА им. И.ГАНДИобъявляет прием в число студентов на 2024/2025 учебный год по следующим специальностям:I. На бюджетной основе: 1 Сестринское дело2 Лабораторная диагностика3.Радиология (радиолог - технолог) II. На платной основе:1. Сестринское дело 2. Лечебное дело3. ФармацияВ медицинскую школу принимаются граждане Туркменистана не старше 35 лет, имеющие образование не ниже общего среднего и постоянно проживающие в г. Ашхабад, по результатам вступительных экзаменов на конкурсной основе.Прием документов осуществляется в г.Ашхабад с 15 по 28 июля 2024 года.Перечень документов:– заявление на имя директора по установленной форме;– анкета по установленной форме;– документ об образовании (подлинник);– медицинская справка по форме, установленной Министерством здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана;– характеристика с последнего места учебы (работы, воинской части);– восемь фотографий размером 3x4 см;– заверенная копия трудовой книжки для работающих;– победители государственной олимпиады школьников, члены сборных команд Туркменистана, участвовавших в международных олимпиадах по учебным предметам, сдают подлинник соответствующих документов, подтверждающих данные основания.Кроме того, поступающие вместе с вышеуказанными документами предъявляют и сдают в приемную комиссию копии следующих документов:– паспорт;– военный билет или приписное свидетельство и справку от военного комиссариата по месту жительства.Абитуриент может предоставить другие документы, которые подтверждают его внеконкурсное и (или) преимущественное право при зачислении в число студентов.За неправильно предоставленную информацию и недостоверные документы абитуриент несет персональную ответственность.Вступительные экзамены и зачисление осуществляются в Ашхабадской медицинской школе им. Индиры Ганди (г. Ашхабад) 31 июля - 1 августа, 3-4 августа и 6 августа 2024 года.Вступительные экзамены по всем специальностям проводятся по химии, биологии, истории Туркменистана.Вступительные экзамены по предметам проводятся на основе учебных программ для средних школ Туркменистана.Вступительные экзамены проводятся устно на государственном языке.С целью определения устойчивости абитуриентов к выбранной специальности они будут ознакомлены с патологоанатомическим музеем.Лица, не явившиеся без уважительных причин на экзамен в назначенное по расписанию время или не сдавшие экзамен по одному из предметов, к последующим экзаменам не допускаются. Вне конкурса и преимущественным правом при зачислении в число студентов при условии успешного прохождения вступительных экзаменов пользуются абитуриенты согласно положениям, установленных Законом Туркменистана “Об образовании” (новая редакция).Адрес Ашхабадской медицинской школы им. Индиры Ганди:г.Ашхабад, ул. 2023 (М.Косаева), 90; тел.: 36-96-73, 36-93-82.

News
13.07.2024
174

Dalaşgärler üçin bildiriş!

I.GANDI ADYNDAKY AŞGABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunçatalyplyga kabul edişligini yglan edýär:I. Býujet esasynda:1. Şepagatçylyk işi2. Laboratoriýa anyklaýyş işi3. Radiobejeriş işiII. Tölegli esasda: 1. Şepagatçylyk işi 2. Bejeriş işi3. FarmasiýaLukmançylyk orta okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:— pasportyny;— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024 -nji ýylyň iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 3- 4-i we 6-sy günlerinde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Aşgabat şäheri) geçirilýär.Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.

News
12.07.2024
172

“Temmäkä garşy Bütündünýä göreş günine bagyşlanan “ Nesil saglygy- yurt baýlygy” atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň we mugallymlarynyň gurnamagynda 2024-njy ýylyň 30-njy maýynda her ýylyň 31 -nji maýynda giňden bellenilip geçilýän “Temmäkä garşy Bütündünýä göreş günine bagyşlanan “ Nesil saglygy- yurt baýlygy” atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Bütündünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň agza döwletleri 1987 -nji ýylda temmäkä garşy göreş gününi döretdiler. Temmäkä garşy Bütündünýä göreş güni her ýylyň 31 -nji maýynda dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Temmäkä garşy göreşmek boýunça Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda temmäkä garsy göreşmek boýunça bir aýlyk çäreleri mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek çäreleriniň ünüsden düşürilmeýändigi,tämmäkä garşy döwlet derejelerinde dürli meýilnamalaryň düzülýändigini,ýaşlaryň arasynda wagyz- nesihat çäreleriniň alynyp barylýandygy bellärliklidir.Türkmen halkynyň akyldar beýik şahyry Magtymguly Pyragy özüniň “Çilimkeş”,”Çilim” ýaly şygyrlarynyň üsti bilen çilimiň bedene ýetirýän zyýanyny düşünükli edip köpçülige ýetirip bilendigini mugallymlar öz çykyşlarynda bellediler.Saglyga zyýanly bu endige kä halatlarda ýaşlaryň baş urýandygyny aýratyn bellärlikli howuply hadysalaryň biridir bolmaklygy sebäplide ata-eneler,mugallymlar,terbiýeçiler,lukmanlar,çaga terbiýesi bilen iş çalyşýan ähli adamlar çilimiň ýetirýän zyýany barada ýaşlara irginsizlik bilen düşündürmelidiklerini çykyş edenler bellediler.

News
09.07.2024
163

Inçekeseli bejermek boýunça halkara okuw hünärmenleriniň mümkinçiliklerini artdyrýar

Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) inçekesele garşy göreşmekde we näsaglara ideg etmekde möhüm ädim hökmünde BSG-niň tekliplerine hem milli görkezmelere laýyklykda, «Inçekeseli, RR-inçekeseli we inçekesel ýokançlygyny bejermek» mowzukly bäş günlük halkara okuw geçirdi.Okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýokanç keseller merkezleriniň müdirliginiň ftiziatr hünärmenleri, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (TDLU) inçekesel bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.Bu okuwy BSG-niň Ýewropa geňeşçileri professor Alýona Skrahina we doktor Elmira Gurbanowa alyp bardy.Okuwa gatnaşanlar dürli mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda:– Inçekeseli we inçekesel ýokançlygyny anyklamagyň täze usullary;– Çagalarda we ulularda derman serişdesine duýgur inçekeseli (DS-TB) we rifampisine çydamly inçekeseli (RR-TB) bejermegiň usullary;– DS-TB we RR-TB bejermegiň gysga rejesi ulanylanda ýüze çykýan kliniki ýagdaýlar.Okuwa gatnaşanlar RR-inçekeseli bejermek we ýiti böwrek ýetmezçiligi, miýelosuppressiýa, psihiki näsazlyklar, Clostridioides diffile, görüş nerwiniň newriti we töwerekleýin neýropatiýa bilen baglanyşykly kliniki ýagdaýlary öwrendiler.Halkara okuw saglygy goraýyş işgärlerine bilimlerini, başarnyklaryny artdyrmak üçin gymmatly mümkinçilik boldy we hyzmatdaşlyga hem MDR-inçekeseli bejermek strategiýalaryny öňe sürmäge goşant goşdy.

News
08.07.2024
287

Adam hukuklary geňeşiniň 56-njy mejlisiniň çäginde çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy, UNOG-yň ýanyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalary bilen bilelikde Adam hukuklary boýunça Geňeşiň dowam edýän 56-njy mejlisiniň çäginde ugurdaş çäre guraldy.Çäräniň dowamynda kanunçylyk binýadyny we institusional mehanizmleri kämilleşdirmek hem-de berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işleriň, bilim we zähmet ulgamynda deň şertleri üpjün etmegiň, aýal-gyzlaryň ykdysady hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmegiň, ähli derejelerde, şol sanda syýasy we jemgyýetçilik ugurlarynda aýallaryň gatnaşygyny artdyrmagyň üsti bilen gender deňligi babatynda milli syýasatlaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde görüş, garaýyşlar we häzirki ýagdaýlar barada maglumat berildi.Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gender syýasatyny ösdürmek ugrunda öndürijilikli hyzmatdaşlygy öňe sürmek baradaky köpçülikleýin tagallalary we islegleri aýratyn bellendi.Şu nukdaýnazardan, gender deňligi meseleleri boýunça uzak möhletli çözgütleri öňe sürmek we ösdürmek üçin täsirli sebit meýdançasy hökmünde çykyş edýän hem-de 2020-nji ýyldan bäri işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýallarynyň dialogy meýdançasynyň ähmiýeti nygtaldy.

News
06.07.2024
226

“Başarjaň, edermen ýaşlar” atly bäsleşik çäresi geçirildi

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binasynda Akyldar şahyrymyz Magtymguly – Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda “Başarjaň, edermen ýaşlar” atly bäsleşik çäresi geçirildi. Bäsleşige “Şypaly eller” we “ Mähirli ýürekler”atly talyplaryň ýygyndy toparlary gatnaşdy.Toparlar oz arasynda test sowalnamalary we meseleleri çözmekde, lukmançylykda ulanylýan latyn adalga sözlemleri bilmekde, amaly endikleri ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Talyplar öziniň alan tälim derejelerini, öwrenen amaly endiklerini görkezip, öz üssatlyklaryny görkezdiler. Çäre örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Bu çäre talyplarda uly täsir galdyrdy.

News
05.07.2024
225

“Şygryýetiň ajaýyp dünýäsi” atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Pederleriň nusgasy – Magtymguly Pyragy, Köňülleriň çyragy Magtymguly Pyragy” şygary bilen 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Aman Kekilow adyndaky mugallymcylyk mekdebiniň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmancylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda geçirilen “Şygryýetiň ajaýyp dünýäsi” atly çeper okaýyş bäsleşigi giň many-mazmuna eýe boldy.Çäräniň dowamynda türkmen ruhunyň synmaz sütüni bolan Magtymguly Pyragynyň çeperçilik gymmatly, giň we baý many-mazmunly şygyrlarynyň üsti bilen talyp-ýaşlar öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny beýan etdiler.Şygryýet bäsleşiginiň ahyrynda Berkarar döwletimizi rowaçlyklara besleýän, halkymyzy eşretli zamana ýetiren, Magtymguly Pyragynyň ruhy edebi miraslaryny içgin öwrenmekde we dünýä ýaýratmakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.