TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
20.09.2024
114

«Huawei Connect–2024» — Bilim intellektini ýokarlandyrmak üçin MKT ugrundan zehinleri ösdürmek

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti «Huawei» kompaniýasy tarapyndan geçirilen «Bilim intellektini ýokarlandyrmak üçin MKT ugrundan zehinleri ösdürmek» atly çärä gatnaşdy. Çäräniň dowamynda «Huawei Global Public Affairs BU» bölüminiň wise-prezidenti we baş direktory Li Szýunfen çykyş etdi. Çärede bilim ulgamynyň işini ýokarlandyrmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (MKT) ugrundan hünärmenleri taýýarlamak meselesi esasy ugur hökmünde kesgitlenildi. Li Szýunfen MKT-ugrundan zehinleri ösdürmek we olary intellektual bilim ekosistemalaryny döretmek maksady bilen bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça «Huawei»-iň strategiýasyny hödürledi. Mundan başga-da, kompaniýa bilim beriş prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky işleri, emeli intellekt we bulut tehnologiýalaryny ulanmagy öz içine alýan sanly özgertme çözgütleri bilen tanyşdyrdy. Çäräniň gatnaşyjylary MKT hünärmenlerini okatmak boýunça «Huawei»-iň başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini, şeýle-de sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, kompaniýanyň çözgütlerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

News
19.09.2024
275

Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işini başlamagy bilen baglanyşykly Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellendi.UNRCCA bilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

News
15.09.2024
194

Türkmenistanyň wekilleri Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar

10-12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň bilim, energetika we daşky gurşawy goramak ulgamynyň wekilleri «Geljegi döretmek arkaly: C5+ONE Merkezi Aziýa – ABŞ» atly sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin Almatyda (Gazagystan) boldular. Çärä energetika, ekologiýa howpsuzlygyna hem-de iňlis diliniň öwrenilmegine bagyşlanan temalary bilelikde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň, şol sanda energetika we ekologiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň çykyşlary boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary bildiriş mazmunly mejlisler görnüşinde innowasion pikirlerini duşuşyga gatnaşyjylara tanyşdyrdylar. Olaryň çykyşlary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndylary gaýtadan işlemek, eko-moda we metanyň bölünip çykmasyny azaltmak diýen temalary gurşap aldy. Maslahatyň çäklerinde ABŞ-nyň bilermenleriniň hem-de energetika we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ýöriteleşen uniwersitetleriň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda okuw maslahatlar geçirildi. Oňa gatnaşyjylar häzirki zaman ýagdaýlar, bu ulgamlarda iň täze tehnologiýalar barada peýdaly bilimlere eýe bolmaga mümkinçilik aldylar, şeýle hem hünärmen derejesinde giňden ulanylýan iňlis diline erk edip bilmek başarnyklaryny ep-esli artdyrdylar.Çäre alymlaryň, mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm duşuşyga öwrülip, sebiti durnukly ösdürmegiň täze strategiýalaryny işläp taýýarlamaga köp babatda ýardam etdi.C5+ONE – munuň özi iňlis dilini bilmegi ösdürmäge gönükdirilen özboluşly sebitleýin başlangyçdyr. Ol esasan Merkezi Aziýada başlangyç we orta derejeli ussatlara, aýratyn-da, energetika we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda işleýän hünärmenlere degişlidir. Maksatnama döwlet ulgamynyň, raýat jemgyýetiniň hem-de hususy kompaniýalaryň wekillerine dilden amaly taýdan gatnaşyk etmäge ähmiýet bermek bilen iňlis diline erk etmek başarnyklaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu maksatnama boýunça Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan eýýäm 1000-den gowrak hünärmenler taýýarlanyldy. Şonuň netijesinde olaryň amerikaly kärdeşleri bilen gatnaşyklary ep-esli berkedi. Energetika we daşky gurşawy goramak ulgamlarynyň wekilleri üçin hünär derejeli iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen okuwlar sesi dogry beýan etmek, gürlemek, okamak hem-de hat ýazmak başarnyklaryny ösdürýär we gowulandyrýar. Türkmenistanyň C5+ONE maksatnamasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşe we halkara hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny aýdyň görkezýär. Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň hünär taýdan ýokarlanmagyna maýa goýup, Türkmenistan ygtybarly geljegiň binýadyny kemala getirýär. Şonda milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky wezipeleri ygtyýarly, zerur bolan hemme hünär hem-de dil başarnyklaryna eýe bolan ýokary hünärli işgärler ussatlyk bilen hem-de ýokary hilli çözerler.

News
13.09.2024
263

Aşgabatda CARICC-iň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnan brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we bilermenleri gatnaşdylar.Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini ýeňip geçmekde, şol sanda CARICC-iň taslamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeň ilerletmäge ýardam bermegi dowam etjekdigini belledi.Brifingiň açylyş dabarasynda CARICC-iň direktory A.Ýazlyýew we BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň Sebit wekili O. Stolpe hem çykyş etdiler.Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar CARICC-iň sebit we halkara derejesinde alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky çykyşlary diňlediler, şeýle hem neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

News
12.09.2024
183

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň  auditoriýasynyň açylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan bu auditoriýanyň tanyşdyrylyşyny gurnaldy.Çärä Türkmenistandan gelen wekiliýet, uniwersitetiň professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, medeni-ynsanperwer ugry häzirki zaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçdi. Häzirki wagtda dünýäde medeni gepleşikleriň orny we ähmiýeti barha artýar. Bu bolsa, ýurtlaryň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we aç-açanlyk esasynda gurnalýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyna ýardam edýän intellektual meýdança bolup çykyş edýär.Çärä gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary akyldar Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, päklige we agzybirlige çagyrýan eserleriniň bütin adamzat bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny bellediler. Onuň onlarça dillere terjime edilen şygyry, dünýädäki millionlarça okyjylaryň ýüreklerine ýaň salýar.Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze, Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynyň açylmagy gruzin halkynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmenleriň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen giňden tanyşmagyna, şeýle hem oňyn ynsanperwer gepleşikleriň, dostlukly gatnaşyklaryň we iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.Çäräniň soňunda türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazlary ýaňlandy.

News
11.09.2024
204

Nisa — Parfiýanyň gadymy şäheri

Aşgabatdan 18 kilometr daş aralykda, Köpetdagyň etegindäki Bagyr obasynyň gözel jülgesinde gadymyýetiň meşhur şäherleri diýlip hasaplanýan Köne we Täze Nisanyň gadymy galyndylary ýerleşýär. Köne Nisanyň galyndylary antik dünýäde harby we ykdysady kuwwaty boýunça Beýik Rim bilen bäsleşen hem-de bir wagtlar güýçli we kuwwatly döwlet diýlip hasaplanan beýik Parfiýa döwletiniň merkeziniň galyndylary bolup durýar. Parfiýanyň ençeme şäherleri we obalary Beýik Ýüpek ýolunyň amatly söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşipdir, şolaryň arasynda Nisa esasy şäher bolupdyr.Ep-esli wagtyň dowamynda Nisa Gündogaryň baý we gurply şäherleriniň biri diýlip hasaplanypdyr. Muňa syýahatçylaryň ýol ýazgylary-da şaýatlyk edýär. Syýahatçylaryň häzirki nesilleri ýaly, orta asyrlardaky zyýaratcylar hem özleriniň daş-töweregindäki dünýä baradaky bilimleri edinmek isläpdirler. Gaýduwsyz we ruhubelent syýahatçylar näbelli ýagdaýlardan howatyrlanman, nätanyş ýerleri görmek, şol ýerleriň howasyndan dem alyp görmek, bu ýerlerde ýaşaýan halklar hem-de olaryň özboluşly medeniýeti we durmuşy bilen tanyşmak üçin, uzakdaky ýerlere tarap ýola düşüpdirler.Arap syýahatçysy we geograf al Istahri (850 - 934) Nisa barada gürrüň beren mahalynda, X asyrda bu şäheriň şol wagtky Merwiň ýarsyna barabar bolandygyny belleýär. Başga bir arap syýahatçysy we taryhçy al Makdisi (945 - 1000) Gündogaryň musulman şäherleriniň aglabasyna baryp görüpdir we şol ýerde bolan mahalyndaky ýagdaýlar barada jikme-jik hasabatlary düzüpdir. Ol şeýle belleýär: “Nisada gür baglar bilen gurşalan köçeleriň 70-si bar”. Onuň sözlerine görä, “Nisa – giň, sagdyn, bol suwly we ýaýaşyş üçin amatly şäher, bu ýerde baglar biri-birine ýanaşyk ösýär we datly miweleri berýär, esasy metjit owadan bezelipdir, çörek örän ýakymly tagamly, bazar hatar-hatar görnüşinde ýerleşýär we bu ýerde gymmatly we seýrek duşýan zatlara gabat gelmek bolýar”. Bulardan başga-da, arap çeşmelerinde Nisada köp sanly hammamlaryň bardygy we bularyň diwarlaryna nagyşlar şekillendirilendigi barada ýakymly sözler aýdylýar. Arap syýahatçylarynyň ýene-de bir topary Nisany “Horasanyň galla mekany” diýip atlandyrypdyr. XI-XII asyrlarda Nisa has ýokary derejede ösüş gazanypdyr, şonda bu şäher Beýik Seljuklaryň döwletiniň düzümine goşulypdyr.Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça ilkinji gezek Nisa gelen daşary ýurtlysöwdagärler we syýahatçylar, ilçileriň wekiliýetleri (delegasiýalary) ozal görülmedik, belent, birgeňsi we öz mertebesini saklaýan hem-de tutuş gadymy dünýäni bendi eden täsin bedewleriň gözelligine haýran galypdyrlar. Bu daýaw we ajaýyp liniýaly bedewler Gadymy Rimde “parfiýa atlary”, Hytaýda “behişdi bedewler” diýlip atlandyrylypdyr. Tanymal rus taryhçysy A. Petrow şeýle belleýär: “Saklanyp galan ýazuw görnüşindäki subutnamalar we gaýalaryň ýüzündäki gadymy şekiller atlaryň bu tohumyny häzirki döwürde hakykatdan-da, ajaýyp ahalteke bedewlerine deňemegiň zerurdygyny şek-şübhesiz äşgär edýär”.Nisanyň dürli görnüşdäki ýerli we başga ýerlerden getirilen harytlardan doldurylan bazarlary dürli hyzmatlaryň berjaý edilýändigi üçin töleg we paçlar görnüşinde şaheriň gaznasyna uly möçberde girdeji getiripdir. Bu ýerde dürli reňkdäki zatlarda gözüň eglenýärdi: reňkli çadyrlarda täzelikde soýlan mallaryň eti, tüwi, dürli görnüşdäki miweler, gawun-garpyzlar we başga ýurtlardan getirilen del zatlar satylypdyr. Söwda edilýän hatarlar aýnadan we gönden ýasalan zatlardan, küýzelerden doldurylypdyr. Zergärçilik we şekillendiriş sungatyna degişli zatlar hödürlenipdir. Ýerli ussalar tarapyndan döredilen ajaýyp önümler Aziýanyň we Ýewropanyň birgiden şäherlerinden gelen söwdagärlerde içgin gyzyklanma döredipdir. Nisanyň bazarlary şäherdäki esasy ýerler bolupdyr, bu ýerlerde dürli ýurtlardan gelen adamlar şäherliler, olaryň medeniýeti, gözel künjekler, däp-dessurlar we adatlar barada täze we gyzykly maglumatlar bilen tanşypdyrlar. Bu ýerlerde adamlar küşt oýnapdyr, aýdym-sazlar we şahyrlaryň düzen goşgulary diňlenipdir, başga ýurtlardan gelen täjirler bolsa, täsin galdyrýan ýagdaýlar we uzakdaky ýerlere täsirli syýahatlar barada gürrüň beripdirler. Nisanyň bazarlarynda meşhur pafiýa halylaryna uly isleg bildirilipdir, bular Gündogar we Ýewropa ýurtlaryndan gelen söwdagärler höwes bilen, satyn alypdyr. Söwda-pul gatnaşyklarynyň ösüşi Nisanyň Gündogaryň ykrar edilen ykdysady merkezleriniň birine öwrülmegine degerli ýardam beripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ähli ugurlarynda bu meşhur şäher baradaky gürrüňler ýaýrapdyr.Orta asyrlarda Nisanyň senetçileri tarapyndan ýüpekden, ýüňden, zygyrdan taýýarlan ajaýyp matalaryna Beýik Ýüpek ýolunyň dürli ugurlarynda uly isleg bildirilipdir, şeýle hem bu matalar Kiçi Aziýa, Eýrana, Müsüre, Ýewropadaky ýurtlara eksport edilipdir. VIII - IX asyrlarda Nisada keramika sungaty ösüşiň iň ýokary derejesine ýetipdir. Bu ýerde köp litlrik owadan amforalar (küýze görnüşli gaplar), däne saklamak üçin syrçaly küýzeler, azyk önümleri, şerap we suw saklamak üçin syrça bilen örtülen küýzeler öndürilipdir, iýmit üçin niýetlenen gaplara reňkli syrça çalnyp, “Şu gabyň eýesine uzak ömür dileg edýäris” diýen ýaly sözler ýazylypdyr. Diýmek, gadymy döwürde-de mahabat we harydy satmak boýunça marketologlar bolupdyr.Nisa Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda esasy ýerleriň birine öwrülipdir, hut Nisa arkaly, köp sanly şäherler özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. Kontinentleri baglanyşdyrýan uly ýol Nisa arkaly we şondan aňryk geçmek bilen birlikde, Ortaýer deňzindäki portlara eltipdir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň edebi işinde Nisanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşiniň taryhyndaky orny we ähmiýeti barada aýratyn bölümde beýan edilmegi ýöne ýerden däldir.Ençeme asyr geçip, birgiden zatlar geçmişde galdy, bu meşhur şäher öňden bäri ýok, ýöne onuň ýerleşen ýerinde arheologlar tarapyndan ellin medeniýetine degişli täsin galdyrýan sungat we arhitektura eserleri tapyldy, bular Nisanyň belentlige we şan-şöhrata eýe bolandygyny äşgär edýän subutnamalar bolup durýar. Nisanyň ýadygärlikleriniň medeni we taryhy gymmatlygy 2007-nji ýylda bu gadymy şäheriň galyndylarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy arkaly tassyklandy.

News
10.09.2024
59

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde elektron žurnallary dörediler

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ýurduň we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde we ylmy dünýäsinde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy işlerini hem-de innowasion ylmy işläp taýýarlamalaryny giňden ýaýmak üçin çärýekde bir gezek elektron görnüşde türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek barada aýdyldy.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly žurnaly we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» ylmy-amaly žurnaly hakynda gürrüň edildi. Elektron neşirleriň ikisem bu ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlarynda okyjylara hödürlener.«Filologiýanyň meseleleri» elektron žurnalynda ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň hem-de talyplaryň filologiýanyň taglymat we amaly meseleleri, dünýä halklarynyň dilleriniň hem-de edebiýatynyň, şol sanda türkmen diliniň we edebiýatynyň taryhy, okatmagyň usulyýetleri, terjime işleri we beýleki meseleler barada makalalaryny neşir etmek meýilleşdirilýär. Neşiriň esasy maksady talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ýaş alymlaryň ylmy gözleglerini goldamak, olary ylmy-barlag işlerine gatnaşmaga höweslendirmek, şeýle hem milli bilim we ylym ulgamynyň ösmegine ýardam bermekdir. Žurnalyň neşirlerinde täze işläp taýýarlamalara, ylmy-amaly barlaglaryň dürli ugurlaryndaky täzelikler baradaky habarlara aýratyn üns bermek meýilleşdirilýär.«Filologiýanyň meseleleri» žurnalynyň redaksiýasynyň geňeş agzalarynyň hatarynda onuň işini maksada gönükdirilen we täsirli etmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bar. Žurnalyň birinji sanynda dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylmynyň, lingwodidaktikanyň we pedagogikanyň wajyp meseleleri boýunça makalalar, şeýle hem çeper eserler bar.«Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» elektron žurnalynyň sahypalarynda ykdysadyýet we ykdysady ösüş taglymatyna, innowasiýa ykdysadyýetiniň aýratynlyklaryna, durnukly ösüşiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalar çap ediler, bu bolsa alymlaryň, bilermenleriň, telekeçileriň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler döredýär.«Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» žurnalynyň redaksiýasynyň geňeş agzalarynyň arasynda ýerli we daşary ýurtly ykdysadyýetçi alymlar bar. Şu günler žurnalyň birinji sanyny taýýarlamak boýunça işjeň işler alnyp barylýar we ol ýakyn wagtda institutyň saýtynda okyjylara elýeterli bolar. Elektron žurnalyň döredilmegi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlarynadyr talyplaryna döredijilik we ylmy işleri üçin täze mümkinçilikler açýar. Täze neşir instituta ylym- bilim merkezi hökmünde halkara abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berer we dünýä ylmy ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam eder.

News
07.09.2024
211

ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi işiniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda ýakynda täze bellenilen Ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze toplumynda özüniň ilkinji metbugat-maslahatyny geçiridi. Diplomat žurnalistler bilen duşuşygyň dowamynda täze wezipede alyp barjak işiniň möhüm ugurlaryny beýan etdi.Amerikanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy işiniň esasy dört ugruny belläp geçdi. Olar: howa meselesi, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk, şeýle hem howpsuzlygy pugtalandyrmak we adam hukuklaryny ösdürmek. Şeýle hem Elizabet Rud iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini aýdyp, şeýle diýdi: “Meniň işimiň ýene-de bir ugry adamlarymyzyň, halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden ybarat bolar. Geçen hepde meniň Maryda amerikan toplumyna saparym boldy. Men ýaşlaryň takyk ylymlar babatda bolşy ýaly, olaryň iňlis diline erk etmek başarnyklaryny ösdürmek babatdaky tutanýerliliklerinden-de örän ruhlandym”. ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi žurnalistler bilen söhbetdeşliginiň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki howpsuzlykdan hem-de tebigatdan täsirlenendigini gürrüň berdi. Diplomat medeni-taryhy ýadygärlikler barada belläp, olaryň goralyp saklanylyşyna haýran galandygyny hem-de bu ugurda ABŞ-nyň Ilçisiniň ýadygärlikleri goramak gaznasy tarapyndan mundan beýläk-de işleri dowam etjekdigini aýtdy.

News
04.09.2024
146

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen World Smart City Expo sergisinde tanyşdyryldy

Arkadag şäheriniň diwarlygy 3-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýan şäherinde açylan World Smart City Expo-2024 Halkara sergisinde görkezildi.Türkmenistanyň wekilýeti serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasynyň web-saýtynda habar berilýär.Bu ýerde Arkadag "akylly" şäheriniň diwarlygynda onuň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen sergä gelýän myhmanlary ýakyndan tanyşdyrylýar.Jemi World Smart City Expo-2024 sergisi 116 pawilýondan ybarat. Sergä Koreýa Respublikasynyň welaýatlary, 60-dan gowrak ýurduň ministrleri, ministrleriň orunbasarlary we welaýat häkimleri derejesindäki wekilleri gatnaşýar diýip, çeşme belleýär.

News
02.09.2024
237

Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy

1-nji sentýabrda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka iki dostlukly halkyň hoşniýetli gatnaşyklaryny üpjün edýär, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykmaklary we çykyşlarynyň çuňňur mana eýe bolmagy aýratyn bellärliklidir. Şanly waka mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan 1-nji synpa barýan okuwçylara «Bilimli» markaly noutbuklar we «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu waka mekdebiň okuwçylaryny we ata-enelerini hem, mugallymlaryny hem diýseň begendirdi, köňülleri buýsanja beslendi. Şanly dabarada aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Şeýle hem umumybilim berýän mekdebiň ýanyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.Bu döwrebap mekdep hem ýaşlaryň bilim öwrenmegine uly mümkinçilikleri açýar. Mekdebiň okuw otaglarynda okatmagyň iň döwrebap usullaryndan peýdalanmaga, okuw-usulyýet işini kämilleşdirmäge şertler döredilendir. Bu mümkinçilikler mugallymlary hem, bu ýerde bilim öwrenjek ýaşlary hem aýratyn buýsandyrýar.Alamyşowa Oguljahan,Türkmenistanyň Bilim ministrliginiňUmumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.