TM RU EN

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Makalalar we ylmy ýazgylar

Makala
09.11.2026
10

Akuşerçilik gullugyny berkitmek we integrirlemek

BSGG bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde, 2026-njy ýylyň 28-29-njy sentýabrynda, Aşgabatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan guralan “Türkmenistanda akuşerçiligi, akuşerçilik hyzmatlaryny ösdürmek we halkara standartlaryna laýyk getirmek: strategik ýol kartasyny düzmek babatda pikir alyşmalar we ylalaşyklar” barada maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili, saglygy goraýyş ulgamynyň (Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň) akuşer-ginekologlary,M. Garryýew adyndaky TDLU-niň degişli kafedralaryň müdirleri, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we welaýatlaryň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlary we akuşerçilik dersiniň mugallymlary gatnaşdylar.Iki güniň dowamynda akuşerçilik biliminiň we akuşerçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, hünärmenleri taýýarlamagyň, olaryň diplomdan soňky hünär derejelerini üznüksiz kämilleşdirmegiň meseleleri eriş - argaç bolup geçdi. Ileri tutulan ugurlar: täze okuw meýilnamalaryny we “Akuşerçilik işi” hünäri boýunça berilýän bilimiň we kär häsiýetnamasynyň halkara standartlaryny ornaşdyrmak; diplomdan soňky üznüksiz hünär taýýarlygynyň tertibini düzgünleşdirmek; akuşerçilik tejribesiniň hukuk görkezijilerini, standartlaryny we akuşerçiligiň täze modelini saglygy goraýyş ulgamyna integrirlemek (hünärara, toplumlaýyn işlemek) barada aýdyldy. Maslahatyň soňunda toparlaýyn geçirilen söhbetdeşligiň netijelerine hödürlenen tekliplere we strategiki ýol kartasynyň taslamasyna seredildi.

Makala
06.11.2026
24

Merkezi Aziýa döwletleriň sebitara maslahatyna gatnaşyldy

20.10–22.10.2026 ý. Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletlerinde maşgala lukmançylygy we şepagatçylyk işi boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ileri tutulýan ugurlara bagyşlanan sebit ara duşuşygy geçirildi. Bu maslahat Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebitiniň Edarasy tarapyndan ilkinji saglygy goraýyş kömegini (ISGK) berkitmek babatda işjeňliginiň global strategiýalarynyň çäginde gurnaldy. ISGK-ni güýçlendirmegine we Merkezi Aziýa ýurtlarynda maşgala gullugynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegine gönükdirilen. Mundan başga-da, ISGK-ň kadrlar ýetmezçiligini aradan aýyrmagyň ýollary, maşgala lukmanlaryny we maşgala şepagat uýalaryny taýýarlamagyň tejribe alyş, olary höweslendirmegiň we saklap galmagyň usullary, şeýle hem gorag, goldaw we ISGK-ň kadrlaryna Merkezi Aziýa döwletlerine maýa goýum goýmak çäreleri kesgitlenildi.BSGG-niň hünärmenleri, halkara ekspertler prezentasiýalary bilen çykyş etdiler:​“ISGK-niň çäginde toplumlaýyn çemeleşmeleri ulanmak”. (Zulfiýa Pirowa). “Merkezi Aziýada şepagatçylyk işi ulgamynda bilim”(Meggi Langins). “Zähmet şertlerini gowulandyrmak, liderlik we hünär mümkinçilikleri ösdürmek“ (Sulakşana Nandi, Meggi Langins). “ISGK-gi üçin lukmanlary we şepagat uýalaryny taýýarlamakdaky üstünlikler we meseleler”; “Hünärmenleriň özara okatmagynyň çemeleşmeleri” barada Beýik Britaniýadan gelen ISGK halkara eksperti Toni Dedýu gyzykly tanyşdyryş prezentasiýalaryny hödürledi.Ýewropa Akademiýasynyň umumy lukmançylyk we maşgala lukmançylygy (EURAСT) merkeziň iş tejribesi barada ýolbaşçysy - professor Zarika Klemens Ketişiň : “ISGK –de kompetensiýalardan tejribelige: maşgala lukmançylygy boýunça okuw maksatnamalary düzmek we bahalandyrmak”, şeýle hem “Lukmançylyk ýokary biliminiň esasy okuw maksatnamasyny kämilleşdirmek(diplomdan öňki taýýarlyk)” çykyşlary aýratyn gyzyklanma döretdi.“Kompetensiýalardan ISGK-ň tejribeligine: şepagat uýalarynyň okuw meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy we bahalandyrylyşy” barada Portugaliýadan professor Ananda Fernandes beýan etdi.Şeýle hem aşakdaky prezentasiýalar hödürlendi:“Şepagatçylyk işi boýunça esasу bilim maksatnamasyny kämilleşdirmek” (Sirýe Sammul – Estoniýa, Tartu );“Мugallymlary, halypalary we kliniki ýolbaşçylary ISGK üçin amaly taýýarlygy, hünär taýdan ösdürmegiň çemeleşmeleri we tejribesi” (D-r Şahlo Rahimowa –Täjigistan; professor Aleks Harding – EURAСT; professor Irma Britu-Portugaliýa).“Ispaniýada bilim, amaly tejribelik, maşgala we jemgyýetçilik şepagatçylyk işiniň esasy okuw meýilnamasyny kämilleşdirmek meseleleri” barada Rakel Sançes Ruano beýan etdi.“Dolandyryş we milli standartlar, şol sanda hususy bilim guramalarynyň işini kadalaşdyrmak, hil üpjünçiligi ulgamlary we akkreditasiýa” ugurlara degişli temalar bilen Awstraliýadan - Martin Fletçer; Aýgerim Taalaýbek gyzy - Gyrgyzstan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň baş hünärmeni; doktorant - Weronika Almstedt (Şwesiýanyň şepagat uýalary assosiasiýasy) çykyş etdiler.“ISGK-iň modeliniň çäginde maşgala lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň wezipelerini we hünär ygtyýarlyklarynyň möçberlerini kämilleşdirmek” barada Toni Dedýu, Zulfiýa Pirowa, Sulakşana Nandi, Meggi Langins öz prezentasiýalaryny hödürlediler.Türkmenistanyň wekili ISGK üçin “Şepagat işi” hünäri boýunça bazisli (esasly), orta hünär bilimli maşgala şepagat uýalaryny 2017-nji ýyldan bäri býujet serişdeleriniň hasabyna, maksatlaýyn taýýarlanylyşy barada çykyş etdi. (Jeren Ataýewa –Türkmenistan, Aşgabat).Şepagat uýalarynyň hünär ygtyýarlyklaryny: esasly skriningleri geçirmek; dowamly ýokanç däl keselli näsaglary alyp barmak we palliatiw kömegini bermek wezipeleri giňeltmek boýunça Aziýa ösüş bankynyň goldawy bilen Türkmenistanda “Şepagat uýalarynyň işiniň hilini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” taslamasynyň başlanandygy barada habar berildi.Şeýlelik-de, maslahatyň esasy strategiki ugurlary: maşgala gullugynyň işgärlerini taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak; iş ýerlerini we zähmet şertlerini pugtalandyrmak, wezipede ilerlemek; maşgala lukmançylygyna höweslendirmek üçin goşmaça maýa goýumlary we ýeňillikleri esaslandyryp girizmek, keselleriň we ölümiň öňüni almak we azaltmak; ISGK-de maşgala lukmanlarynyň we maşgala şepagat uýalarynyň wezipesini we hünär ygtyýarlygyny kämilleşdirmek - multihünärli toparlarda işlemek; BSGG tarapyndan Merkezi Aziýa döwletlerine mundan beýläk-de tehniki goldawuny bermek bolup durýar.

Makala
02.11.2026
52

“Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek” ady bilen geçirilen bilim bäsleşigi

“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan -bedew batly at myradyň mekany” ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim Ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda, 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek” ady bilen bilim bäsleşigi lukmançylyk mekdepleriň arasynda özbaşdak, beýleki mekdepleriň arasynda aýratynlykda geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmak, işjeň gatnaşyklary ýola goýmak, zehinli talyplary ýüze çykarmak , olaryň döredijilikli ukyplaryny kämilleşdirmek , şeýle hem ýaşlary adatdan daşary ýagdaýlarda (tebigy betbagtçylyklar, heläkçilikler, ýangynlar we ş.m.) ilkinji kömek bermek boýunça amaly ukyplaryny ösdürmek we kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybarat. Bäsleşigiň garaşsyz emin agzalary :1. M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançyluk gullugynyň guralyşy we usulyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Meredow.2. M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi B.A.Mämmedow.3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň başlygy. P.K.Kakajaýew.Talyplaryň “Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömek” bermek boýunça gözýetimlerini hasaba alnyp, I, II, III orunlar kesgitlenildi: I.Lukmançylyk mekdepleriň arasynda ýeňiji ýerleriň kesgitlenilişi Eýelän ornyTalybyň F.A.A.a.Orta hünär okuw mekdebiň adyI-nji orunAbaýewa MährijemalSaçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň 3 –nji ýyl talybyII-nji orunGüjimowa MähribanI.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk otra okuw mekdebiniň 1 –nji ýyl talybyIII-nji orunŞyhmyradowa RabiýaI.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk otra okuw mekdebiniň 1 –nji ýyl talyby II.Beýleki OHOM-ň arasynda ýeňiji orunlaryň kesgitlenilişi Eýelän ornyTalybyň F.A.A.a.Orta hünär okuw mekdebiň ady I-nji orunIşangulyýew IşangulyBerdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi II-nji orunKazakow MuhammetAşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi II-nji orunAnnalyýewa MähekSahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi III-nji orunAgaýewa MerjenAşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi III-nji orunÝaranowa GüljemalAhal welaýat ýörite sungat mekdebi III-nji orun Soltanow Ysmaýyl Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi Ýeňijiler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň hormat hatlary we ýörite sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Makala
27.10.2026
55

Saglygy goraýşyň hazynasy – Arçman şypahanasy

Halkymyzyň saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Arçman” şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň dabaraly açylmagy - türkmen halkynyň Milli Lideriniň gönüden-göni tagallasy bilen badalga berlen giň gerimli işleriň dabaralanmasydyr. Bu taryhy ähmiýetli waka gatnaşan - I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bagtyýar talyplary saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň mümkinçiliklerine we ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere şaýat boldular. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegi we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary hem bilimli, öz işine wepaly, ökde lukmançylyk işgärleri bolup ýetişmegi maksat edinýärler. Bagtyýar talyplarymyzyň bu ähmiýetli çärä gatnaşmagy, olaryň kalbynda Watana bolan buýsanjy artdyrmak bilen birlikde, halkymyza hyzmat etmek baradaky asylly maksatlaryny has-da berkidýär. Halkara derejede ähmiýetli we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen işleriň başynda durýan, lukmançylyk ylymlarynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän alym - Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň - Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, giň gerimli, tutumly beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Makala
07.10.2026
73

Haly - halkymyzyň  gadymy hem  medeni sungaty

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary üçin türkmen halkynyň kalbynyň mährini, taryhynyň syrlaryny özünde jemleýän Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 17-ne gezelenç guraldy. Lukmançylyk mekdebimiziň 1-nji ýyl talyplaryndan 100 sanysy gatnaşdy. Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenjimiziň maksady talyp ýaşlarymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini artdyrmak, halkymyzyň gadymy sungaty bolan halyçylyk medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyryp, dünýäniň iň uly el halylarynyň taryhy we olaryň dokalyş aýratynlyklaryny, geçmişden şu güne çenli gelip ýeten seýrek duş gelýän gadymy haly nusgalaryny, türkmen zenanlarynyň çeper elinden çykan her bir gölüň aňladýan manysy baradaky gyzykly maglumatlar bilen giňden tanyşdylar. Hünär bilimini milli terbiýe bilen utgaşdyrýan talyp ýaşlarymyzyň bu gezelenji olaryň dünýä garaýşynyň has-da giňelmegine, milli sungatymyza bolan buýsanjynyň artmagyna ýardam berdi. Bize şeýle bagtyýar pursatlary sowgat berýän Milli Liderimize we Hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimizden minnetdarlyk bildirýäris!

Makala
07.08.2026
119

Ekologiýa medeniýeti we terbiýesi

Ýaş nesillere daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek we ekologiýa medeniýetini kemala getirmek terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegidir. Mekdep ýanlarynda bagy-bossanlyklary döretmek bu ugurdaky amaly ädimdir.

Makala
07.08.2026
88

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýä bileleşigine işjeň goşulýan ýurdumyzda daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek ýaş hünärmenler üçin örän wajypdyr. Dilleri öwrenmekde innowasion usullar, dürli gollanmalar giňden peýdalanylýar.

Makala
07.08.2026
75

Bedenterbiýe we sport — sagdynlygyň girewi

Sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mekdeplerde dürli sport bäsleşikleri, bedenterbiýe sapaklary yzygiderli guralýar.

Makala
07.08.2026
70

Ýaş nesilleriň zehinini açmakda döwrebap usullar

Bilim edaralarynda okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny we zehinini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunda mugallymlaryň öňdebaryjy iş tejribesinden, täzeçil usullardan peýdalanmagy uly ähmiýete eýedir.