TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
07.11.2024
270

Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara XCEL olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara XCEL olimpiadasynyň (XCEL International Competitions) milli tapgyry geçiriler. Umumybilim berýän mekdepleriň 3-12-nji synplarynyň okuwçylary gatnaşmaga çagyrylýar.Milli tapgyr 2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçiriler. Gatnaşyjylar matematika we robototehnika ýaly ugurlardan ýaryşarlar, öz akyl başarnyklaryny açyp görkezerler. Milli tapgyryň altyn, kümüş we bürünç medallarynyň eýeleri 2025-nji ýylyň 1-4-nji iýunynda Los-Anjelesiň Kaliforniýa uniwersitetinde (UCLA) geçiriljek intellektual olimpiadanyň halkara tapgyrynda ýurdy tanyşdyrmaga mümkinçiligini alarlar. Bütin dünýä gatnaşyjylarynyň arasyndaky ýeňijilere dürli elektron enjamlar, ýagny telefonlar, planşetler we kompýuterler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyp haklary garaşýar. Hususan-da, ýeňijilere akademiki ösüş üçin mümkinçiligi hödürlemek bilen XCEL kompaniýasy ABŞ-daky Sem Hýustonyň Döwlet uniwersiteti we Demirgazyk amerikan uniwersiteti bilen stipendiýalary hödürlemek boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.

News
06.11.2024
253

Türkmenistanyň wekiliýeti Kuweýtde ýokary derejeli maslahata gatnaşdy

4-5-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek – Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry» atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy.Mejlisiň dowamynda terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda köptaraplaýyn çemeleşmeleriň ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerine garaldy we ýüze çykýan häzirki zaman wehimlere garşy göreşmegiň gurallarynyň ýagdaýy we netijeliligi bahalandyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem güýçlendirmek baradaky berk ygrarlylygy tassykladylar, şeýle hem terrorçylyga garşy göreşmekdäki tagallalary utgaşdyrmakda BMG-niň esasy ornuny nazara almak bilen terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ulgamlaýyn çäreleri işläp düzmekde bilelikdäki mümkinçilikleriň ulanylmagynyň zerurlygy nygtaldy.Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň milli we halkara derejelerde parahatçylyga we howpsuzlyga, şol sanda terrorçylyk we radikal ýüze çykmalara garşy göreşmek maksady bilen ähli zerur çäreleri we hereketleri amala aşyrýandygyny belledi. Terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we beýleki howplara garşy göreşde Türkmenistanyň öz işini BMG bilen utgaşdyrýandygy nygtaldy.Ýokary derejeli maslahatyň barşynda möhüm energiýa infrastrukturasyny terrorçylyk hüjümlerinden goramak boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Çärede türkmen wekiliýeti möhüm infrastrukturany goramak we ony üpjün etmek üçin amaly çäreleriň işlenip düzülmegine gönükdirilen başlangyçlary Türkmenistanyň goldaýandygyny belledi. BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň (UNOCT) ýolbaşçysy W.Woronkow çykyşynda Türkmenistanyň hökümetine UNOCT bilen ýakyn hyzmatdaşlygy hem-de onuň işine doly goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen tarapy maslahata gatnaşyjylary 11-12-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek UNOCT-niň çäresine çagyrdy.Saparyň çäginde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

News
05.11.2024
246

ИЗДАН НОВЫЙ УЧЕБНИК ДЛЯ XI КЛАССА «ФИЗИКА»

Издан новый учебник «Физика» для учащихся XI классов с русским языком обучения общеобразовательных средних школ (авторы: Бахар Атаева, Абдурахман Чарыев, Мерген Мурриков).В учебнике на современном уровне изложены вопросы механики, термодинамики и молекулярной физики. В нём приводятся примеры практического применения законов физики, рассмотрены методы решения задач. В конце каждой главы представлены упражнения разного уровня сложности и с ответами на них. Данные в нём вопросы и упражнения дополняют и углубляют содержание учебного материала учебника. Для эффективного изучения материала учащимися учебник снабжен значительным количеством рисунков. В некоторых темах был использован хрестоматийный материал, который дает представление об исторических условиях открытия законов, о становлении физических теорий, борьбе идей в физике. Отличительной особенностью учебника является не расширение круга рассматриваемых явлений и законов, а углубление основных понятий.

News
04.11.2024
152

Aşgabat şäherinde Çehiýa uniwersitetleriniň ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy geçirildi

Aşgabat, Türkmenistan — şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasy guraldy. Bu çäre gatnaşan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda, uçurymlarynda we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Aşgabatdaky ähli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň çärä gatnaşmagy, bu dabaranyň ýurduň bilim jemgyýetçiligi üçin möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministriniň Ministriň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary Azat Ataýew, Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Daşkent şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýubomir Frebort, şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory gatnaşdy. Resmi duşuşygyň çäklerinde akademiki alyş-çalyş mümkinçilikleri we iki ýurduň bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, talyp ýaşlar we mugallymlar üçin akademiki alyş çalyş ulgamyna gönükdirilen geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Çehiýa tarapyndan çärä Pragadaky Karl uniwersiteti, Himiýa tehnologiýalary uniwersiteti, Çehiýanyň oba hojalyk uniwersiteti we Zlin şäherindäki Tomas Baty uniwersiteti ýaly öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem akademiki bölümleriň ýolbaşçylary, halkara hyzmatdaşlygy boýunça wekilleri we Çehiýada okaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryna goldaw berýän CzechPoint.Uz agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.Ýarmarka gatnaşan ýaşlara Çehiýa uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary, daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri barada maglumat almak, Çehiýada talyp durmuşynyň aýratynlyklary barada sorag-jogap alyşmak üçin özboluşly mümkinçilik döredildi. Bu ýarmarkanyň çäklerinde bilim giňişliginde halkara aragatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň bilim babatda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm duşuşyk boldy.

News
02.11.2024
165

Türkmenistan bilen Fransiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi.Taraplaryň halkara guramalaryň çäklerindäki alyp barýan gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.Diplomatlar energetika, logistika, gurluşyk, oba hojalygy we «ýaşyl tehnologiýalar» ýaly ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar.Taraplar speleologiýa, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

News
01.11.2024
81

Международная конференция учителей, 2-й Международный фестиваль школьников и 1-я климатическая школа в Алматы

С 27 октября по 1 ноября 2024 года в городе Алматы, Республика Казахстан, прошли значимые образовательные мероприятия, организованные Программой развития ООН (UNDP). Алматы принял 3-ю Международную конференцию учителей, 2-й Международный фестиваль школьников и 1-ю климатическую школу, которые объединили участников из девяти стран, включая делегацию из Туркменистана. Представители Министерства образования Туркменистана, а также учителя и школьники соответствующих средних школ активно участвовали в этих мероприятиях.Делегация из Туркменистана была представлена тремя школьниками и тремя педагогами, которые присоединились к международному сообществу для обсуждения важных вопросов экологии, устойчивого развития и роли образования в климатической повестке. Конференция и фестиваль стали уникальной площадкой для обмена опытом и укрепления международного сотрудничества в образовательной сфере.Конференция учителей: обмен опытом и новыми подходами3-я Международная конференция учителей собрала педагогов, экспертов в области экологии и представителей образовательных программ. Главной темой обсуждения стала роль школьного образования в воспитании экологического сознания у подрастающего поколения. Участники поделились методиками, которые помогают привить детям интерес к вопросам охраны окружающей среды и понимание актуальности проблемы изменения климата. Обсуждение касалось как теоретических основ экологического образования, так и практических методик, таких как использование наглядных пособий, «Климатической шкатулки» и интерактивных экологических игр.Международный фестиваль школьников: молодежь за экологическое будущее2-й Международный фестиваль школьников стал площадкой для обмена идеями и презентации проектов по защите окружающей среды. В фестивале участвовали школьники, которые представили свои идеи и исследовательские проекты, направленные на решение экологических проблем. Тематика охватывала такие вопросы, как сокращение углеродного следа, сохранение биоразнообразия, раздельный сбор отходов и защита водных ресурсов. Туркменская команда также представила свои разработки, вызвав интерес у участников и жюри.Первая климатическая школа: практический опыт для учеников1-я климатическая школа стала местом, где школьники и педагоги получили возможность в интерактивном формате изучить, как климатические изменения влияют на планету и какие меры можно предпринять для их смягчения. Школа включала лекции, практические занятия, экологические мастер-классы и экскурсии, которые позволили участникам на практике увидеть воздействие изменения климата и возможности адаптации к ним. Мероприятие было направлено на формирование экологически осознанного поведения у молодежи, чтобы она могла в будущем применять полученные знания на практике.Участие делегации из ТуркменистанаОсобое внимание привлекла делегация из Туркменистана, представленная тремя школьниками и тремя педагогами. Туркменские участники активно участвовали в обсуждениях, представили свои проекты на фестивале и поделились уникальными методиками экологического образования, применяемыми в их стране. Участие Туркменистана стало важным шагом в укреплении международного сотрудничества в области климатического просвещения и образования.Итоги и перспективыЭти мероприятия стали важной вехой в развитии экологического образования в Центральной Азии. Участники смогли обменяться опытом, завести новые профессиональные контакты и представить свои идеи для улучшения экологической обстановки. Организаторы выразили надежду, что такие конференции, фестивали и образовательные проекты помогут сформировать у молодежи более осознанное отношение к природе и привить им навыки, необходимые для решения экологических проблем.Проведение подобных мероприятий, инициированных ПРООН, подчеркивает, что международное сотрудничество и обмен знаниями — ключевые инструменты в борьбе с изменением климата и в воспитании поколения, готового к экологическим вызовам будущего.

News
31.10.2024
128

Innowasiýa we tehnologiki ösüşleriniň halkara forumy - «Türkmentel – 2024»

«Türkmenragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy dünýäniň ylmy-tehniki ösüşi we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlaryň özboluşly işläp taýýarlamalary bilen gyzyklanýanlary «Türkmentel-2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.14-16-njy noýabr aralynda geçiriljek halkara forum tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesi, Aragatnaşyk pudagynda gazanylan üstünlikler, şeýle hem «akylly ulgamlardan», täze hemra we robot tehnologiýalaryna çenli telekommunikasiýa pudagynyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.Foruma dünýäniň öňdebaryjy maglumat we telekommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, tehnologiýa merkezleriniň ýolbaşçylarydyr, wekilleriniň hem-de alymlardyr, bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan Hökümet agzalary,Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we hormatly ýaşulular gatnaşalar.Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin açyk halkara meýdançasy hökmünde «Türkmentel-2024» halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde köptaraplaýyn gepleşikleri we duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.Şeýle hem, forumyň dowamynda türkmen ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip, olara gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary gowşurylar.

News
30.10.2024
107

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi Täze ýyl baýramy mynasybetli konsert guraýar

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi mugallymlary we talyp ýaşlary mekdebiň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy Rustam Rustamowyň talyplarynyñ Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän synp konsertine gatnaşmaga çagyrýar.Guraýjy toparyň habar bermegine görä, konsertde mekdebiň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň 2-nji ýyl talyby Serdar Joraýewiň aýtmagynda we Lýudmila Nikolaýewnanyň sazandarlyk etmeginde Iogan Bramsyň "Wenger tansy" ýerine ýetiriler. Şol bölümiň 4-nji ýyl talyby Döwlet Kemalowyň aýtmagynda, Aziza Gaýypowanyň sazandarlyk etmeginde M. Bafaýewiň "Poemasy" ýerine ýetiriler. Şeýle-de sungat mekdebiniň agzalan bölüminiň 1-nji ýyl talyby Adylbek Jumanazarow Lýudmila Nikolaýewnanyň sazandarlyk etmeginde Baýram Hudaýnazarowyň "Gazel" eserini ýerine ýetirer.Bulardan başga-da konsertde Witaliý Gnutowyň "Torgaý", Röwşen Nepesowyň "Näzlim", Guseýin Rzaýewiň "Konsertino" eserleri ýerine ýetiriler.Şeýle-de Misel Sweeneýiň "Aladdin" kinofilminden parça Rustam Rustamowyň ýolbaşçylyk etmeginde agzalan bölümiň orkestr topary tarapyndan ýerine ýetirilip, tomaşaçylara sowgat bolar. Şol bölümiň depçiler ansambly bolsa Rustam Rustamowyň ýolbaşçylyk etmeginde "Kakuwçylar çemenini" ýerine ýetirer.

News
29.10.2024
97

«Sanly çözgüt – 2024» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle hem tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleri 300-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.Innowasion bäsleşigiň emin agzalary ýaşlaryň işläp düzen programmalaryna we sanly çözgütlerine kibernetikanyň, matematikanyň, algoritmleriň usullaryna, ýaşlaryň täze täze garaýyşlaryna we bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.Ýaşlar bolsa öz gezeginde akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, el telefonlaryndan we ses arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly sanly çözgütleri işläp düzmekde özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

News
28.10.2024
224

В Туркменистане прошли торжества в честь Праздника туркменского алабая

В Туркменистане 27 октября повсеместно состоялись торжества в честь Праздника туркменского алабая, в рамках которых были организованы выставки, творческие конкурсы по художественному воплощению образа алабаев в произведениях изобразительного и декоративно-прикладного искусства, другие культурные мероприятия. Об этом сообщает ТДХ.Главные события дня состоялись в комплексе Международной ассоциации «Türkmen alabaý itleri». В числе участников – члены Правительства, руководители Меджлиса, министерств и ведомств, общественных организаций, диппредставительств и международных организаций, аккредитованных в стране, а также члены Международной ассоциации «Türkmen alabaý itleri», кинологи, собаководы, профильные специалисты, представители СМИ.На площади перед комплексом было организовано праздничное музыкальное выступление артистов.Одним из запоминающихся моментов торжества стало подведение итогов Международного конкурса «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» (Отважный алабай 2024 года). Победителю конкурса вручили главный приз Президента Туркменистана – ключи от легкового автомобиля Toyota Camry, а также специальную медаль, переходящий Кубок и диплом.Затем были объявлены имена победителей творческого конкурса по художественному воплощению образа туркменского алабая.Торжественные мероприятия в честь Праздника туркменского алабая прошли во всех городах и сёлах страны, отмечает источник.