TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
19.11.2024
77

Mugallymçylyk instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça olimpiada geçirýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça olimpiada geçirýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi.Bäsleşige ýurduň orta mekdepleriniň 7 ― 12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilýärler. Iki tapgyrdan ybarat bäsleşigiň birinji tapgyry 7-8-nji noýabrda geçirildi.Onda üstünlikli çykyş eden mekdep okuwçylary 19 ― 20-nji noýabrda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşarlar.Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşik «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim ulgamyna innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

News
18.11.2024
158

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak okuw-usuly kitaplaryny iberdi. Bu barada RF-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewanyň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar.Çeşmäniň bellemegine görä, rus tarapy türkmen tarapy bilen ylalaşyp, türkmen ýokary okuw mekdeplerine ylmy-usulyýet edebiýatlaryny iberdi. Şunuň bilen baglylykda, 1 müňden gowrak kitap türkmen tarapyna sowgat edildi.Zaýsewanyň belleýşi ýaly, sowgat edilen kitaplaryň aglaba bölegi rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmek bilen bagly kitaplardan, meşhur ylmy edebiýatlardan we çeper eserlerden, şeýle-de dürli hünärlere ýöriteleşdirilen sözlüklerden ybaratdyr.Ol kitaplaryň eýýäm Türkmenistana getirilendigini, olaryň noýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim insitutyna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutyna hem-de S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk insitutyna gowşuryljakdygyny belledi.

News
16.11.2024
248

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Halkara onlaýn olimpiada geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan “Maliýe” dersi boýunça talyplaryň arasynda halkara onlaýn olimpiada geçirildi.Olimpiada jemi 10 döwletden 368 talyp gatnaşmaga isleg bildirdi we 9 döwletiň 85 ýokary okuw mekdebinden 290 talyp gatnaşdy, Türkmenistanyň 15 ýokary okuw mekdeplerinden bolsa, 58 sany talyp gatnaşdy. Halkara olimpiadanyň jemleri ýakyn günlerde belli bolar.

News
15.11.2024
282

Polşadaky olimpiadadan medallar çemeni

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, halkara bilim bäsleşiklerindäki üstünlikleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 7 — 10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadada hem üstünlikli çykyş edip, oňat netijeleri görkezdiler.Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmenistanly talyplar şahsy bäsleşikde 6 altyn, 9 kümüş, 11 bürünç medala mynasyp boldular. Şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Balkan Jepbarow, Meňli Rahmedowa, Emir Wellekow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medine Ödäýewa, Nurmyrat Ataýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow altyn medala; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Söhbet Maksadow, Hajymuhammet Ataýew, Döwlet energetika institutynyň talyby Muhammet Annaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Batyr Öwezmyradow, Muhabbat Zafarjanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Döwletgeldi Esenow, Daniýar Emirkulyýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gülşat Akmämmedowa kümüş medala; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şabibi Nurjanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Azymgeldi Şyhow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ýazjuma Nurjaýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa, Döwlet energetika institutynyň talyplary Baýram Turaýew, Nurmuhammet Goçyýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Begenç Saparow, Döwlet Nurmyradow, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Maksat Akmyradow, Öwezgeldi Mukmyradow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ramazan Nurýagdyýew bolsa bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar.Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda pugta binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. Oňa täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalary many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýaş hünärmenleriň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryna möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Meýilnamalary amala aşyrmak, Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.Türkmen ýaşlarynyň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly sanly bilim Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi geçirilýän halkara bäsleşikleriň we ders olimpiadalarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Katowisede geçirilen halkara matematika olimpiadasyna hem Türkmenistandan, Polşadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Slowakiýadan, Sloweniýadan, Wengriýadan we Özbegistandan talyplar gatnaşdylar. Şeýle zehin bäsleşikleri ýaşlaryň diňe bir alýan bilimini çuňlaşdyrmagyna, ylmy pikirleniş ukyplarynyň ösmegine oňaýly täsir etmän, eýsem, olaryň dünýä derejesinde batly depginler bilen ösýän bilimiň, sanly ulgamyň, innowasion tehnologiýalaryň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaklaryna-da ýardam berýär. Häzirki wagtda talyplarymyz Russiýa Federasiýasynda, Albaniýada, Özbegistanda geçiriljek halkara matematika olimpiadalaryna işjeň taýýarlyk görýärler.

News
14.11.2024
172

Paýtagtymyzda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal geçirilýär

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.Ýurdumyzda kinematografiýa işini ösdürmäge, kinoforumlaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlardaky ugurdaş halkara çärelere yzygiderli gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäherinde geçen ýyl “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etdi....Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodajykdan ýöräp geçýärler. Bu ýere ýygnananlar çeper we dokumental filmleriň bäsleşiginiň eminlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen mübärekleýärler. Soňra Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalary geçýärler.Mukamlar köşgüniň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda türkmen kinematografiýasynyň taryhyndan söz açýan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdym-sazlary dabara milli öwüşgin çaýdy. Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmen dünýäsi” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.Soňra “Gorkut ata” halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Gutlagda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň mekanyna öwrülendigi bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. “Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew gutlag sözünde guramanyň bu kinofestiwal arkaly türki dünýäniň gymmatlyklaryny tutuş Ýer ýüzüne görkezmäge, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny belledi hem-de festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Dabara Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanan “Gorkut ata” atly wideoroligiň görkezilmegi bilen dowam etdi.Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň, sungatyň, ylym-bilimiň ojagy hasaplanypdyr. Taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetler onuň şan-şöhratyny artdyrypdyrlar. Watanymyz Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly meşhur seljuk soltanlarynyň ýaşap geçen topragydyr. Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň bize miras galdyran milli medeniýeti has-da baýlaşdyrylýar. “Türkmenfilm” birleşigine Oguz hanyň adynyň dakylmagy hem edermen ata-babalarymyza, beýik taryhymyza uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr.Soňra milli lybasly oglan “Durna” heýkeljigini getirýär. Türkmenistan şu ýyl bu göçme nyşany Gazagystana geçirýär. Soňra myhmanlar çeper we dokumental filmlere baha berýän eminler topary bilen tanyşdyryldy.Medeni dialogyň esasy wezipesi medeniýetleriň arasyndaky toplumlaýyn, köptaraply gatnaşyklary ýola goýmakdan, türki halklaryň baý medeni taryhy mirasyny, sungatda, kinematografiýada gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekden, döredijilik gatnaşyklaryny höweslendirmekden ybaratdyr.“Meňli” we “Aşgabat” toparlarynyň çykyşy milli däp-dessurlary wagyz edýän aýdym-sazlar bilen utgaşyp, nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrdy. Türkmen kinofilmlerindäki aýdymlar kino sungatynyň bu giň gerimli çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra “Gorkut ata” kinofestiwalyna gatnaşýan çeper, dokumental filmler bilen tanyşdyrýan gysga görnüşli wideorolikleriň görkezilişi boldy. Şeýle-de festiwala gatnaşyjylar Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň surata düşüren filmleri barada gysgaça maglumat berýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Tomaşaçylar umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan “küştdepdi” tansyny ýerine ýetiren “Miras” folklor toparynyň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.Kinoforumyň birinji gününiň wakalary ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy.Medeni çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler. Bu orta asyr ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ussatlygynyň we şol döwrüň binagärlik sungatynyň ösen derejesiniň aýdyň nyşanydyr. 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýertitreme oňa zeper ýetiripdir. Muňa garamazdan, ol zyýaratçylar üçin özüne çekiji ýerleriň biri bolmagynda galýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi bilen türki dünýäniň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde bellenilýän şu ýylda türkmen halky üçin ajaýyp sowgat boldy.Şeýle hem myhmanlar ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Häzirki wagtda “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar.Üç günüň dowamynda giň tomaşaçylar köpçüligine paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda, “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen filmler görkeziler. Kinofestiwalyň ikinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, şol gün “Aşgabat” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy bolar, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gezelenç guralar.Şeýlelikde, sungatyň güýji kalplary birleşdirýän gudrata öwrülýär. “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň çäklerinde geçiriljek çäreler bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşar.

News
13.11.2024
124

Туркменская наука на мировой арене: Стремительный рост публикационной активности

В последние годы туркменские высшие учебные заведения активно продвигаются на мировой академической арене, стремясь к включению в престижные международные рейтинги и совершенствуя свои научные показатели. Как уже подчеркивалось ранее, значимым фактором успеха туркменских вузов является публикационная активность их преподавателей и ученых. Эти публикации в ведущих научных журналах и на цифровых платформах укрепляют академический авторитет Туркменистана на международной арене.Туркменские исследователи публикуют свои работы на таких платформах, как российская «eLibrary.ru», Российский индекс научного цитирования (РИНЦ), а также наукометрические базы данных «Scopus» и «Web of Science», делая весомый вклад в мировую научную сокровищницу. Отмечается резкий рост публикаций в изданиях, рекомендованных Высшей аттестационной комиссией, что является важным шагом к повышению академической репутации страны.Согласно последним данным, количество туркменских авторов на «eLibrary.ru» за период с 2019 по 2023 годы увеличилось в 95 раз, а общая цитируемость туркменских ученых возросла в 5 раз. Также ожидается значительное увеличение количества публикаций по итогам 2024 года. Ведущими по публикационной активности стали Туркменский государственный институт экономики и управления и Туркменский государственный архитектурно-строительный институт, чьи работы пользуются большим спросом в научном сообществе. Этот успех демонстрирует, что Туркменистан уверенно укрепляет свои позиции как один из центров научного и образовательного прогресса.Подробнее о публикационной активности и её значении для продвижения туркменских вузов читайте в специальном материале «НТ».

News
12.11.2024
203

Türkmen mekdep okuwçylary Bütindünýä olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

7 — 9-njy noýabr aralygynda Dubaý şäherinde «MEMORIAD-2024» atly Bütindünýä mental sport olimpiadasy geçirildi. Oňa 23 döwletden 150-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistan hem bar.«MEMORIAD-2024» Bütindünýä olimpiadasynda Türkmenistana 17 sany mekdep okuwçysy wekilçilik etdi. Olar mental arifmetika, fleş-anzan marafon we kwadrat köki ýüze çykarmak ýaly ugurlarda öz başarnyklaryny görkezdiler.Bäsleşige ilkinji gezek gatnaşandyklaryna garamazdan, türkmen mekdep okuwçylary oňat netije görkezip, birnäçe medala mynasyp boldular. Hususan-da:Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew «Fleş-anzan marafon» ugry boýunça 13 ýaşa çenli çagalaryň arasynda dünýä çempiony boldy. Ol 1825,13 sekuntda 43988,89 utuk toplap, altyn medala eýe çykdy.Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýgül Ýusupowa «Fleş-anzan marafon» ugry boýunça 13 ýaşa çenli çagalaryň arasynda ikinji orny eýeledi. Ol 1808,7 sekuntda 38879,11 utuk toplap, kümüş medala mynasyp boldy.Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ogulmaral Altyýewa «6 belgili sanlaryň kwadrat köküni ýüze çykarmak» ugry boýunça bürünç medalyň eýesi boldy. Ol 508,54 sekuntda 330 utuk toplady.Bäsleşikde baýrakly orunlary eýelän okuwçylaryň «Kämil Bilim» bilim merkeziniň mugallymlary Meýlis Jelilowyň hem-de Döwletmyrat Durdymämmedowyň golastynda ykjam taýýarlyk görendikleri bellärliklidir.Ýeri gelende bellesek, türkmen topary ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, iň işjeň diýlip ykrar edildi we Hormat nyşany bilen sylaglanyldy.

News
11.11.2024
244

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammiti boýunça taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy

Noýabryň 8-ne Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Takesi Iwaýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Iň ýokary syýasy derejede ynanyşykly gatnaşyklara esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler geçirilmegi meýilleşdirilýän döwlet baştutanlarynyň derejesindäki ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammitine bilelikdäki taýýarlygyň möhümdigini bellediler.Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdylar. Ýakyn geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky syýasy geňeşmeleriň gün tertibi boýunça hem pikir alyşmalar boldy.Şeýle-de ministrler iki ýurduň söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler. Ýapon kompaniýalarynyň türkmen tarapy bilen gatnaşyklary, hususan-da «ýaşyl» energetika, kömürturşy gazy zyňyndylaryny azaltmak, gazhimiýa we ş.m. ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlaryň alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek çäreler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek Expo-2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

News
09.11.2024
67

Türkmenistanyň telekeçileri «Halal Expo-2024» halkara sergisine gatnaşarlar

27-30-njy noýabr aralygynda Stambulda geçiriljek «Halal Expo-2024» halkara sergisine Türkmenistanyň telekeçileri gatnaşarlar.Bu Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň howandarlygynda Bütindünýä Halal Sammiti bilen bilelikde geçirilen halal pudagyndaky iň uly halkara çäredir. Sergi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň goldawy bilen we Yslam ýurtlary üçin Standartlar we Metrologiýa göz öňünde tutup guraldy. Bu çäre halal önümler we hyzmatlar pudagynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň gerimli meýdançadyr. Sergide azyk, iýmit goşundylary we içgiler, syýahatçylyk, lukmançylyk, kosmetika, egin-eşik, dokma önümleri we başga-da dürli ugurlar görkeziler.Şeýle hem dürli kompaniýalar we degişli ugurlar boýunça hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk we interaktiw aragatnaşyk üçin mümkinçilikler bolar. Bu çäre her ýyl dürli ýurtlarda geçirilýär we oňa uly isleg bildirilýär. Geçen ýyl «Halal» sergisi 100 ýurtdan 30 müňden gowrak myhmany özüne çekdi. Has giňişleýin maglumaty çäräniň resmi web sahypasynda alyp bilersiňiz.

News
08.11.2024
112

«Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär, onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunda sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistanda bu ugra degişli halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.Ekologik abadançylyk azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň we azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde zerur çäreler amala aşyrylýar. Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak bilen, degişli meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly çykyş edýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi munuň aýdyň güwäsidir.Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Ählumumy durnukly azyk üpjünçiligi Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biri bolmak bilen, dünýä ykdysadyýetiniň çalt özgerýän şertlerinde döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň önümçiligi yzygiderli artdyrylýar.Soňky ýyllarda Türkmenistan häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň, şol sanda takyk ekerançylyk ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna we degişli amallaryň awtomatlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa önüm öndürijilere serişdeleri has netijeli dolandyrmaga, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň, önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bellenildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlar berilýär.Oba hojalyk pudagynda yzygiderli ylmy-barlag işleriniň we gözlegleriň geçirilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy durnukly ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň, ekerançylaryň gaýratly zähmeti esasynda ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň ygtybarly azyk binýady üpjün edilýär. Munuň özi ekologik deňagramlylygy saklamaga, üýtgeýän şertlere uýgunlaşmaga hem kömek edýär. Maslahatda çykyş edenler şu gezekki duşuşygyň özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.Soňra halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly bölümçelerde dowam etdi.