TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
07 November 2024, 09:00
271 gezek okaldy

Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara XCEL olimpiadasy geçiriler

News Image


Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara XCEL olimpiadasynyň (XCEL International Competitions) milli tapgyry geçiriler. 
Umumybilim berýän mekdepleriň 3-12-nji synplarynyň okuwçylary gatnaşmaga çagyrylýar.
Milli tapgyr 2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçiriler. Gatnaşyjylar matematika we robototehnika ýaly ugurlardan ýaryşarlar, öz akyl başarnyklaryny açyp görkezerler. Milli tapgyryň altyn, kümüş we bürünç medallarynyň eýeleri 2025-nji ýylyň 1-4-nji iýunynda Los-Anjelesiň Kaliforniýa uniwersitetinde (UCLA) geçiriljek intellektual olimpiadanyň halkara tapgyrynda ýurdy tanyşdyrmaga mümkinçiligini alarlar.    
Bütin dünýä gatnaşyjylarynyň arasyndaky ýeňijilere dürli elektron enjamlar, ýagny telefonlar, planşetler we kompýuterler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyp haklary garaşýar. Hususan-da, ýeňijilere akademiki ösüş üçin mümkinçiligi hödürlemek bilen XCEL kompaniýasy ABŞ-daky Sem Hýustonyň Döwlet uniwersiteti we Demirgazyk amerikan uniwersiteti bilen stipendiýalary hödürlemek boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.