TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
14.12.2024
156

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji dekabrynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek hem-de Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykçy geçirmek, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde esasy orunda durýandygy babatynda giňişleýin beýan edildi we ýurdumyzda alynyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň oňyn netijesini gazanmakda talyplary borçlandyrmak talaplary berkidildi.

News
13.12.2024
224

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy Haýdarabat we Pune şäherlerindäki uniwersitetlerde duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Haýdarabat we Pune şäherlerindäki uniwersitetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Ilçihananyň wekilleri bu şäherlerde okaýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy. Bu barada Ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.Ilçihananyň wekilleri Haýdarabatdaky iň uly bilim merkezleriniň biri bolan Osmaniýa uniwersitetiniň we uniwersitetiň bir kollejiniň ýolbaşçylygy bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler barada çykyş etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Nýu Delide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy we amaly konferensiýanyň geçirilendigi bellendi.Şeýle hem hindi uniwersitetleriniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygynyň giňden bellenilmegi barada gürrüň berildi.Haýdarabat we Pune şäherlerine guralan saparlaryň çäginde ýerli uniwersitetlerde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda sport çäreleri hem geçirildi.

News
12.12.2024
112

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «JENAÝAT HUKUGY (AÝRATYN BÖLEK)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Jenaýat hukugy hukugyň bir ulgamy bolup, döwletiň ýokary kanun çykaryjy edarasy tarapyndan bellenen, jenaýat eden adamlar babatda jeza bermek, döwlet mejbur edişiniň beýleki çärelerini ulanmak ýoly bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goraýan, şonuň ýaly-da jenaýat jogapkärçiliginiň esasyny, jenaýat jogapkärçiliginden boşatmagyň we jeza bermegiň iş kesilenlik aýbyny ýatyrmagyny, lukmançylyk we terbiýeçilik häsiýetli mejbur ediş çäreleri ulanmagyň şertlerini we tertibini düzgünleşdirýän hukuknamalaryň jemini beýan edýän pudakdyr. Jenaýat hukugy jenaýaty, jenaýatyň derejelerini, jenaýat jogapkärçiligine degişli adamlary, jenaýat jogapkärçiliginiň bellenmeginiň we boşadylmagynyň esaslaryny, jenaýat jogapkärçiligini agyrlaşdyrýan we ýeňilleşdirýän ýagdaýlaryny, jenaýatçylygy aradan aýyrýan ýagdaýlaryny, jezany we onuň görnüşlerini kadalaşdyrýan hukuk pudagydyr.Ýokary okuw mekdepleri üçin «Jenaýat hukugy (Aýratyn bölek)» okuw kitaby (awtorlary: D.Amanmuhammedowa, N.Halymow – Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Okuw kitabynda 2010-njy ýylda rejelenen görnüşde kabul edilen hem-de ondan soňraky 2017-nji ýyla çenli girizilen goşmaçalary we üýtgetmeleri hasaba almak bilen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň aýratyn böleginde bellenilen maddalaryň ählisi hukuk taýdan seljerilýär. Bu okuw kitaby Jenaýat hukugy (Aýratyn bölek) dersi boýunça türkmen dilinde ýazylan ilkinji okuw kitabydyr. Taýýarlanylan okuw kitaby jemi ýigrimi bapdan ybarat bolup, baplar hem öz içinde paragraflara, paragraflar bolsa, bölümlere bölünýär. Bu baplar, umuman, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň aýratyn bölegindäki baplar bilen gabat gelýär. Her babyň birinji paragrafynda şol bapda ýerleşdirilen jenaýatlara düşündiriş berilýär hem-de şol jenaýatlar belli bir ulgama salynýar ýa-da toparlara bölünýär. Jenaýat hukugynyň aýratyn böleginiň düşünjelerini we institutlaryny öwrenmegiň özüne mahsus aýratynlygy hem gurluşy bar. Bu gurluş uniwersal häsiýete eýedir, ýagny ony jenaýatyň ähli düzümini öwrenmek babatda ulanmak mümkin. Bu okuw kitabynda jenaýatyň islendik düzüminiň seljermesi logiki taýdan degişli jenaýatyň düşünjesini anyk kesgitlemekden başlanýar. Degişli jenaýatyň düşünjesiniň alamatlarynyň üsti açylandan soň, bu jenaýatyň esasy düzüminiň seljermesine geçilýär. Ol jenaýatçylykly hyýanatçylygyň obýektinden başlanýar. Meselem, talaňçylykda hyýanatçylygyň obýekti bolup, kesekiniň emlägi çykyş edýär. Jenaýatyň obýektinden jebir çekeni ýüze çykarmaklyga geçilýär we ş.m. Jenaýatyň degişli düzüminiň gurluşyny nazara alyp, jenaýatyň predmeti barada hem durlup geçilýär. Jenaýatyň degişli düzüminiň ýokarda görkezilen alamatlarynyň ýüze çykarylmagy bu jenaýatyň obýektiw tarapyny we onuň hökmany hem-de goşmaça alamatlaryny düşündirmäge geçmeklige mümkinçilik berýär.Okuw kitabynda esasy düzümiň obýektiw alamatlary seljerilenden soňra, onuň subýektiw alamatlarynyň seljerilmegine geçilýär. Jenaýatyň düzüminiň subýektiw tarapy seljerilende, günäniň formasy we görnüşi bellenilýär, jenaýatyň düzüminiň aýratynlygy hasaba alnyp, olaryň mazmuny açylyp görkezilýär, jenaýaty etmegiň delili we maksady bahalandyrylýar.Bu kitapda jenaýatyň esasy düzüminiň seljermesi jenaýatyň subýektini açyp görkezmek bilen tamamlanýar. Jenaýatyň subýekti barada aýdylanda, onuň hemişelik we üýtgäp durýan jenaýat-hukuk alamatlarynyň (ýaşyň, akyly düzüwligiň, ýörite alamatlaryň we beýl.) üstünde durulyp geçilýär, sebäbi jenaýaty hakykat ýüzünde ýerine ýetiren adam hukuk taýdan hemişe onuň subýekti diýlip hasap edilip bilinmeýär. Jenaýatyň esasy düzümi seljerilenden soňra, onuň agyrlaşdyrýan we aýratyn agyrlaşdyrýan ýagdaýlary seljerilýär. Jenaýatyň degişli düzüminiň manysyny düşündirmegiň tamamlaýjy tapgyry seljerilýän jenaýatyň düzüminiň onuň bilen meňzeş düzümlerden tapawudyny görkezmek bilen tamamlanýar. Şeýle hem, kitapda maddalaryň köpüsi seljerilende şol maddada beýan edilýän jenaýat edilende Türkmenistanyň haýsy kanunynyň bozulýandygy, şol kanunyň haçan kabul edilendigi bellenilip geçilipdir. Bu bolsa, şol bir wagtyň özünde, hem Jenaýat hukugy dersini, hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny öwrenmeklige uly mümkinçilik berýär. Bu okuw kitabynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň birnäçe degişli kararlary ýerlikli ulanylýar. Okuw kitabynyň ýene-de bir artykmaçlygy onuň soňunda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň aýratyn böleginde bellenen möçber bilen bagly bellikleriň ählisiniň bir tablisa salynmagydyr. Şeýle-de, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 2022-nji ýylda kabul edilen rejelenen görnüşiniň onuň ozalky hereket eden redaksiýasy bilen deňeşdirme seljermesiniň getirilmegi bu kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

News
11.12.2024
245

Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar

Bu okuw kitabynda senagat gurluşyk işlerinde metal we demir-beton görnüşli konstruksiýalaryň, desgalaryň gurluşygynyň hasaplama we nusgalyk taslama meseleleriniň ýerine ýetirilşiniň, şeýle-hem olary tejribe taýdan durmuşa geçirilşiniň inžener-tehnologik aýratynlyklary we prosesleriň umumylaşdyrylan häsiýetnamalary barada derwaýys maglumatlar beýan edilendir. Häzirki wagtda gurluşyk işlerinde metal we demir-beton konstruksiýalary örän giňişleýin ugurlar boýunça ulanylyp, olaryň tehniki taýdan ýokary hil häsiýetnamaly we uzak wagtly hyzmat edijilik möhletiniň gazanylmagy inženerçilik üçin örän wajypdyr. Bu okuw kitaby esasan-hem tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna “Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar” dersini öwretmek üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da senagat gurluşygy we geodeziýa ugry boýunça okuw-ylmy we taslama işleri alyp barýan inžener-gurluşykçylar, inžener-mehanikler, talyplar, aspirantlar we önümçilik-hünärmenler hem bu kitapdan peýdalanyp bilerler. Senagat we raýat jaý gurluşyklary halk hojalygyny düýpli özgertmekde uly rola eýedir. Jaý gurluşygynyň dürli usullaryny öwrenmek, olary durmuşa ornaşdyrmak, has kämilgurluşyk guramalarynyň taslamasyny işläp düzmek şu maksatnamanyň esasy wezipesidir.

News
10.12.2024
105

Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr

2024 ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz! Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz” şygary bilen Türkmenistanyň Bilim ministirligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministirligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirilýän “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” ady bilen geçirilýän sport ýaryşyna ähli hünär okuw mekdepleri gatnaşdylar we baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Ýaryşyň netijesi:1-nji orun “Şaşka” oýny boýunça- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyplary Rahmanow Maksat, Berdinazarowa Jennet3-nji orun “Düzzüm” oýny boýunça -I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyplary Kakalyýew Daýanç, Orazdurdyýewa Selbi 2-nji ýyl talyp3-nji orun “Küşt” oýny boýunça-I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyplary Orazow Ibraýym, Baýsähedowa Ýasemin

News
10.12.2024
135

Zehin bäsleşigi geçirildi

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Diller kaferdrasynyň gurnamagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça “Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany – ýagty geljegiň şamçyragy” ady bilen talyplaryň arasynda daşary ýurt dillerinde zehin bäsleşigi geçirildi. Zehin bäsleşiginde talyplar Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýandyklaryny, onuň eserlerini daşary ýurt dillerinde okaýandyklaryny berlen soraglara dogry we dürs jogap bermek arkaly beýan etmegi başardylar.

News
09.12.2024
276

Maýyşgaklyk nazaryýeti

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde geljegimiz bolan ýaşlaryň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede bilim almagy üçin ähli işler edilýär.Bu okuw kitabynda senagat gurluşyk işlerinde we gurluşyk tehnologik proseslerinde ýerine ýetirilýän tehniki amallary üçin zerur bolan materiallaryň, serişdeleriň we inženerçilik desgaly düzüjileriniň maýyşgaklyk kriteriýasy boýunça käbir matematiki modelirlemeleriniň we hasaplamalarynyň ýerine ýetiriliş yzygiderliligi barada derwaýys maglumatlar beýan edilendir. Bu okuw kitaby esasan-hem tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna “Maýyşgaklyk nazaryýeti” dersini öwretmek üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da senagat gurluşygy we geodeziýa ugry boýunça okuw-ylmy we taslama işleri alyp barýan inžener-gurluşykçylar, inžener-mehanikler, talyplar, aspirantlar we önümçilik-hünärmenler hem bu kitapdan peýdalanyp bilerler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

News
08.12.2024
192

ÝOKARY WE ÝÖRITE ORTA SAZÇYLYK, SUNGAT MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI

Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty özüniň çuň many-mazmunlylygy we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Nesilden-nesle geçip, özüniň gymmatyny ýitirmän, şu günlere çenli gelip ýeten halk-professional aýdym-saz sungaty häzirki döwürde has-da uly ösüşe eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmeniň Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly aga, Magtymguly Garly, Sapar Bekiýew, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nurjemal Adyýewa, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow, Gurt Ýakubow, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akjagül Myradowa, Ilaman Annaýew kimin ussat bagşy-sazandalary köp. Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr. Olaryň aýdýan aýdymdyr dessanlary, çalan we döreden sazlary halkymyza ruhy goldaw berip, ýagty ertirlere ataryp geldi.» Neşir edilen täze okuw gollanmasy «Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy» (awtory: R.Amangeldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) diýlip atlandyrylýar. Onda türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginiň özboluşlylygy, köptaraplylygy, tapawutly aýratynlyklary, şahsylygy, dürli ugurlary, saz formasy boýunça öwrenilmäge mynasypdygy bellenilýär. Sazşynaslyk ylmynda forma meselesiniň aýratyn orny eýeleýändigi hem bellärliklidir. Ol birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Sonata formasynyň, dünýä saz medeniýetiniň taryhy ýolundan belli bolşy ýaly, eseriň dramatik ýörelgesiniň özgerişi babatynda, beýleki nusgawy gurluşlardan öňe gidijilikli ösüşi, içki hereketi boýunça has işjeňligi, täsirliligi we dramaturgiýa babatynda bitewüligi bilen tapawutlanýandygy beýan edilýär.Okuw gollanmasynda türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasynyň nusgawy-romantik görnüşi, türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasynyň baýlaşdyrylmagyna esasy ymtylyşlar dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär.Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasynyň ulanylyşyny ýüze çykarmaga bagyşlanylan bu gollanmada sonata dürli gurluş we perde-tonal görnüşlerinde beýan edilýär. Şeýle hem soňky (geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan soňky) döwre degişli eserlerde ulanylan sonata formasynyň nusgawy-romantiki däplerden daşlaşýandygy subut edilýär. Okuw gollanmasyndan ýokary we ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, saz sungaty bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.

News
04.12.2024
191

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň alyp barýan işi bilen tanyşdyryş

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli ugurlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ne gol çeken 1616 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi durmuşa geçirilýän tagallalaryň täze depgine eýe bolmagyna uly goşant goşdy. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleri hasaplanýan Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alnyp döredilen Merkeziň işiniň esasy maksady, bilim bermegiň ähli ulgamlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşyklylykda alyp barmakdan hem-de bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr.Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi köpsanly hyzmatlary hödürlemek bilen, bilim bermegiň soňky gazananlary esasynda işlerini ýokary depginde alyp barýar. Merkez Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak; Hünär kämilleşdirmek okuwlary; Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak; Serwis işlerini alyp barmak; Elektron hyzmatlary döretmek; Swiç, serwer enjamlaryny gurnamak; Edaralaryň içki torunda programma goldawyny bermek; SSL sertifikaty goýup bermek; Gözegçilik merkezine programma (Syslog-log)-(Zabbix)-(Wazuh) üpjünçiligini gurnamak we sazlamak; Web bilim portalyny gurnamak; Bilim portalyna tehniki goldaw bermek; Firewall gorag enjamyny we onuň ygtyýarnamasyny gurnamak we sazlamak; Serwer otagyna bildirilýän talaplary berjaý etmek; Optika we ethernet kabelleri gurnamak; VPS-den VDS-e tehniki goldawyny ornaşdyrmak; ODF 8-lik kebşirleme ýerleşdirip goýmak we gurnamak; "Proxmox Virtual Environment" açyk çeşme wirtuallaşdyryş ulgamyny gurnap sazlamak; Elektron resminama dolanşygy ulgamyny ornaşdyrmak ýaly hyzmatlary hödürleýär. Bular bolsa sanly bilim ulgamynyň ösmegi, nesilleriň bilim derejesiniň kämilleşmegi üçin möhüm mümkinçilikleri özünde jemleýär.Innowasiýa maglumat merkezinde okuwçylaryň dürli zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin döredilen dürli okuw kurslary hereket edýär. Bilim bermegiň dürli usullary boýunça okatmagyň täze gazananlaryny hödürleýän ýurdumyzda Sanlylaşdyrmak boýunça degişli okuw kurslary diňleýjileriň öz islegine laýyklykda, irdenki, öýlänki ýa-da agşamky okadylýan sapaklary saýlap bilýär.Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bilim müdirliklerinde we ähli umumybilim edaralarynda, bilim işgärleriniň işini awtomatlaşdyrmak arkaly sanly bilim ulgamyna geçmek we onuň üsti bilen ene-atalara, mugallymlara hem okuwçylara goşmaça sanly hyzmatlary hödürlemek üçin döredilen “Sanly bilim” sanly ulgamy ýokary derejeli hyzmatlary bilen öz işini dowam etdirýär. Innowasiýa maglumat merkezine degişli bolan “E-mekdep” dolandyryş ulgamy häzirki wagtda sanly hyzmatlaryň köpsanly görnüşini özünde jemleýär. “E-Mekdep” dolandyryş ulgamynyň mümkinçilikleriniň we amatlyklarynyň birnäçesi şulardan ybarat:• Okuwçylara we mugallymlara wirtual synp otagynda habarlaşmaga, öwrenmäge we onlaýn hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.• Okuwçylara mugallymlardan seslenme almaga, ösüşlerini we gazananlaryny yzarlamaga we şahsylaşdyrylan okuw tekliplerini almaga mümkinçilik berýär.• Sanly mekdep ulgamy bilimiň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrýar, has gyzykly, täsirli we ykjam bilim almaga şert döredýär.• Sanly mekdep platformasy, tankydy pikirlenmek, aragatnaşyk, hyzmatdaşlyk, döredijilik we ş.m. ýaly okuwçylarda we mugallymlarda sanly ulgam başarnyklarynyň ösmegine kömek edýär.Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň birnäçe bölümleri bolup, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Merkeziň bölümleri hereket edýär. Merkeziň täze bölümini ýakyn wagtda Balkan welaýatynda açmak göz öňünde tutulýar.Ýokarda bellenilip geçilenlerden başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi mugt we tölegli esasda, ýöne bir maşgala agzalary üçin giňden arzanladyş ulgamy bilen dürli hyzmatlary hem hödürleýär. Maýyp çagalar we pensionerler hepdede iki gezek kompýuter sowatlylygy okuwlaryndan mugt peýdalanyp bilerler. Şeýle hem bu ýerde hepdede bir gezek dürli ýaşdaky raýatlar üçin 1 sagat dowam edýän sanly tehnologiýalar barada giriş sapaklary geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

News
03.12.2024
95

Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky innowasiýalar

Häzirki wagtda ähli ugurlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşiniň we bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy çeşmesidir. Dünýäde täze innowasiýaly startap ideýalaryny işläp taýýarlaýan işewürlik inkubatorlarynyň takmynan 40% bilim edaralarynda işleýär. Innowasiýa kompaniýasynyň özeni bolan ylmy ösüşler, adatça gözleg laboratoriýalarynda, ýokary okuw jaýlarynda ylmy işgärler, mugallymlar we talyplar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Hut bilim-ylym toplumlarynda köplenç guramaçylyk, hukuk we tehniki goldawy talap edýän ideýalaryň we ylmy işläp taýýarlamalaryň ýokary potensialy bolýar.Milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tarapyndan ýurduň innowasiýaly ykdysadyýete geçmegini çaltlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli jemgyýetçilik bileleşikleri “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri» bilen bilelikde hem-de üstünlikli işleýän “Maslahatly Çözgüt”, “Startap Merkezi” we “Eksport Konsalting” işewürlik inkubatorlarynyň goldawy bilen, 17 sany ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň mugallymlary we işgärleri üçin “Hünär bilim edaralarynda innowasiýaly telekeçiligiň platformalaryny ösdürmek. Işewürlik-halypaçylygynyň esaslary” atly ýörite okuwy guradylar.Şu ýylyň 29-njy noýabryndan 10-njy dekabry aralygynda ýurduň ähli welaýatlarynyň hünär okuw mekdeplerinden 31 sany gatnaşyjy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň diwarlarynda Türkmen-Hindi innowasion tehnologiýalary merkeziniň binýadynda okuwa başladylar. Okuwyň esasy maksatlary, ýurduň 17 sany okuw jaýlarynyň ählisinde startap-platformalaryny (işewürlik-inkubatorlary) döretmek we bu platformalar üçin işgärleri taýýarlamak, şeýle hem ideýalaryň ýaş ýazyjylaryna – startaperlere innowasion taslamalaryny durmuşa geçirmäge kömek etjek halypalary taýýarlamakdyr. Okuw maksatnamasy startapy işe girizmegiň tehnologiýasy, startaplar üçin netijeli marketing strategiýalary, startaplary amala aşyrmagyň gözegçiliginiň sanlylaşdyrylmagy, tehnologiýa ugurlary, emeli intellekt we ony ulanmagyň etiki taraplary, startaplaryň ösüş tapgyrlary we halypaçylyk prosesleri, şeýle-de beýleki köp sanly döwrebap we zerur soraglar ýaly, möhüm we häzirki zaman temalaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylaryň işewürlik kompaniýalarynda degişli iş endiklerini almaklary üçin iş ýüzünde gatnaşmaklary hem göz öňünde tutulýar.Okuwy guraýjylar, onuň durmuşa geçirilmeginiň ýurduň bilim edaralarynda innowasion çemeleşmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we bu işleriň täjirleşdirilmegi arkaly hünär bilim edaralarynyň işiniň durnuklylygynyň ýokarlanmagyna itergi bermegine bil baglaýarlar, bu bolsa ahyrky netijede biziň ýurdumyzyň çaltlaşdyrylan ykdysady ösüşine gönükdirilendir.