TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
08.01.2025
199

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny beýan etdi.Duşuşygyň ahyrynda taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çäginde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

News
07.01.2025
107

TBM daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibini täzeledi

Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 392 belgili buýrugy bilen (Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan) daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeler we goşmaça girizildi.Bu buýruk Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmegiň tertibine düýpli üýtgeşmeler girizýär.Esasy üýtgeşmeler uçurymlaryň iki görnüşine degişlidir:«Hukuk işi» hünäriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, daşary ýurt döwletlerinde «hukuk işi» ugry boýunça Türkmenistanyň raýalaryna berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek üçin 3 aý möhletli tölegli okuw geçiler. Onuň meýilnamasyny Türkmenistanyň Bilim ministirligi bilen Adalat ministrligi bilelikde tassyklar.Daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasyna okuwa girip, adatdan daşary ýagdaý sebäpli elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dowam edip alnan Resminamanyň eýesiniň sowatlylygy elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak boýunça barlanar.«Hukuk işi» ugry boýunça berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlaryndan synaglary kabul etmek üçin düzüminde aşakdakylaryň wekilleri bolan ýörite Döwlet synag topary dörediler:Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiTürkmenistanyň Baş prokuraturasyTürkmenistanyň Adalat ministrligiTürkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligiTürkmenistanyň Içeri işler ministrligiMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiBu üýtgeşmeler hukuk biliminiň hilini we uçurymlaryň bilimleriniň Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

News
06.01.2025
89

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň arasynda toplumlaýyn olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanda Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylaryň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler.Olimpiadany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýarlar.«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar berşine görä, olimpiada Aşgabadyň, Arkadagyň we ähli welaýatlaryň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary gatnaşmaga çagyrylýar.Olimpiada dört ders boýunça: taryh, matematika, türkmen dili we iňlis dili dersleri boýunça geçiriler.Bäsleşigiň birinji tapgyry şu ýylyň 31-nji martynda aşakdaky okuw mekdeplerinde geçiriler:• Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň okuwçylary üçin - Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda;• Balkan welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Balkanabadyň nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;• Daşoguz welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Türkmen oba hojalyk institutynda;• Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;• Mary welaýatynyň mekdep okuwçylary üçin - Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.Birinji tapgyry üstünlikli geçenler 14-nji aprelde onlaýn görnüşinde test synagy arkaly geçiriljek jemleýji bäsleşige çagyrylar.Olimpiada gatnaşmak isleýän mekdep okuwçylary 20-nji marta çenli hasaba alyş resminamasyny dolduryp, ony mailto:hgi.charetm@gmail.com elektron poçta arkaly guramaçylyk toparyna ibermelidirler.Olimpiada hakyndaky düzgünnama we hasaba alyş resminamasynyň nusgasy gurnaýjy ýokary okuw mekdebiniň saýtynda ýerleşdirilendir. Bäsleşigiň geçiriljek wagty görkezilen tassyklama haty 28-nji marta çenli elektron poçta iberiler.

News
04.01.2025
235

Oba hojalyk ekinleriniň hil barlagy

Ýurdumyzyň azyk bolçulygyny berkitmekde oba hojalyk ekinleriniň hil barlagyna uly ähmiýet berilýär. Bu okuw kitabynda kärhanalaryň tejribehanalarynda ter miwe-gök önümleriň we däneli ekinleriň barlagynyň geçirilişi, önümleriň tehnohimiki barlaglarynyň himiki, fiziki, fiziki-himiki usullaryny geçirmegiň usulyýeti, azyk senagatynyň kärhanalarynda ulanylýan önümleriň hil barlaglaryny geçirmek üçin ulanylýan häzirkizaman abzallaryň we serişdeleriň görnüşleri, olaryň işleýiş aýratynlyklary, hil barlagyna degişli hasaplamalar, tejribe usulyýeti barada giňişleýin maglumatlar berilýär.Önümçiligiň möçberini artdyrmak, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň haryt öndürijiliginiň önümçilik mümkinçiligini doly peýdalanmak, täze netijeli tehnologiýany ornaşdyrmak esasynda dünýä ölçegine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply önümleri öndürmeklik azyk senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.Oba hojalyk ekinleriniň möçberiniň artmagy, hiliniň ýokarlanmagy we görnüşiniň köpelmegi daşary ýurtlardan önümleriň getirilmegini kem-kemden azaltmaga we ýurduň azyk howpsuzlygyny gazanmaga mümkinçilik berer. Oba hojalyk ekinleriniň hil barlagy dersini öwrenmekligiň esasy maksady geljekki hünärmenlere tejribehanalarda oba hojalyk ekinleriniň hil barlagynyň geçirilişini, önümleriň tehnohimiki barlaglarynyň himiki, fiziki, fiziki-himiki usullaryny geçirmegiň usulyýetini, häzirki zaman abzallaryň we serişdeleriň görnüşlerini, olaryň işleýiş aýratynlyklaryny öwretmegi hem-de bu barada ylmy-barlag işleri geçirmegiň usullary bilen tanyşdyrmaklygy we tejribe endiklerine türgenleşdirmegi öňde goýýar.Kitap ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin niýetlenip, ondan oba hojalyk ulgamynda işleýän hünärmenler hem peýdalanyp bilerler.S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

News
03.01.2025
130

Türkmenistanyň ýaşlary telekeçilik boýunça tölegsiz okuwlara çagyrylýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” JBK-sy ýaşlar telekeçiligi ösdürmek boýunça maksatnama gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.Maksatnamanyň maksady – ýaşlara öz telekeçilik işlerini üstünlikli açmak we ösdürmek üçin zerur bolan telekeçilik boýunça amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Maksatnama Türkmenistanda ýaşlar telekeçiligini ösdürmegine ýardam bermege gönükdirilen.Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar telekeçilik işiniň esaslary, biznes ideýany işläp düzmek, biznes-meýilnamalaşdyrylyş, marketing we satuwlar, telekeçiligiň hukuk esaslary, maliýe meýilnamalaşdyrylyşy we menejment ýaly temalary öz içine alýan nazary we amaly sapaklary sazlaşykly birleşdirýän telekeçilik boýunça okuwlary geçerler. Şeýle hem, gatnaşyjylar milli maslahatçylardan we tejribeli telekeçilerden maslahatlary alarlar.Maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” JBK-sy bilen bilelikde guraljak biznez taslamalarynyň bäsleşigi bilen tamamlanar. Gatnaşyjylar okuw döwründe işläp düzen biznes taslamalaryny hödürlärler we bu bolsa bäsleşigiň netijesinde iň gowy biznes ideýalary ýüze çykarmaga mümkinçilik berer. Bäsleşigiň ýeňijileri öz biznes taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halypaçylyk kömegini, maýa goýum mümkinçiliklerini ýa-da beýleki goldawy alyp bilerler.Maksatnama “Telekeçiler mekdebi” JBK-nyň şahamçalarynyň binýadynda Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda amala aşyrylar.Maksatnama 2025-nji ýylyň fewral-aprel aralygynda amala aşyrylar.Maksatnama telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän 18-28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerlerMaksatnamana gatnaşyjylar bäsleşik esasynda kesgitlener.Maksatnama gatnaşmak tölegsiz.Maksatnama gatnaşmak üçin 2025-nji ýanwar aýynyň 30-na sagat 14:00 çenli şu link boýunça anketany dolduryp ýüz tutup bilersiňiz.

News
02.01.2025
54

Arkadag şäherinde Täze ýylyň ilkinji çagasy dünýä indi

1-nji ýanwarda Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinden täze ýylyň ilkinji buşluk habary gelip gowuşdy. Bu ýerde ýurdumyz boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilkinji çaga dünýä indi. Asylly däbe eýerip, oglanjyga onuň ata-enesi täze ýylyň ruhuna, şygaryna laýyk Parahat diýip at goýdular. Parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, bagtyň nyşany bolan akja bäbek, Atageldiýewleriň agzybir maşgalasy bilen birlikde, täze şäheriň ilatynyň, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, öz ady bilen bile dünýä indi.Uly ruhubelentlik, ajaýyp arzuw-umytlar bilen gadam basylan 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de mekdep mugallymy Ýazmergen Atageldiýewleriň ikinji ogul perzende gözi düşdi. Bu — döwletlilikden nyşan. «Döwletliden döwlet ýokar» diýlenine eýerip, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň döwrebap binasynda agzybir maşgalanyň şatlygyna şärik bolan watandaşlarymyz täze doglan çagany ýüze syldylar. Onuň ýaşynyň uzyn bolmagy, il-güne gerekli gerçek goç ýigit bolup ýetişmegi baradaky ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler edildi. Şeýle ajaýyp, guwandyryjy pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Atageldiýewleriň maşgalasyna iberen sowgatlary gowşuryldy, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlary aýdyldy. Bu ajaýyp waka bolsa bagtyýar ene-atanyň ýürek buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrdy.— Şular ýaly şatlykly günlerde ähli dost-ýarlaryň, dogan-garyndaşlaryň, ildeşleriň ýanyňdadygyny görmek, olaryň ýagşy arzuwlaryny eşitmek diýseň ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp sowgatlar we mähirli sözler bilen maşgalamyzy gutlamagy bolsa bizi has-da begendirdi. Täze ýylyň bütin halkymyz tarapyndan oňlanylan şygaryndan ruhlanyp hem-de milli däp-dessurlarymyza eýerip, ýanýoldaşym bilen bilelikde täze doglan oglumyza Parahat diýip at goýduk. Ol — biziň ikinji perzendimiz. Birinji oglumyz Sahymergen jan doglanda hem güler ýüzli lukmanlardyr şepagat uýalary ýokary derejede hyzmat edipdiler. Bu gezek hem şeýle boldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda ähli döwrebap şertleri döredip berýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, oglanjygyň ejesi Orazjahan Atageldiýewa buýsanç bilen aýdýar.Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl hem ýurdumyzda ilkinji çaga Arkadag şäherinde dünýä inipdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen binýat bolan täze şäherde täze durmuşyň gülleýändiginiň ajaýyp alamatydyr. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda giň gerimli işleriň ýola goýlandygyny, bu ugurda döwrebap saglyk merkezleriniň gurlup ulanmaga berlendigini, olarda kämil enjamlaryň ornaşdyrylandygyny aýratyn bellemek gerek. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Arkadag şäherindäki şeýle döwrebap merkezleriň birinde dünýä inen Parahatjyk sagdyn doguldy. Onuň agramy 4100 gram, boýy bolsa 54 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.Orazjahan hem-de Ýazmergen Atageldiýewler öz perzentlerini ata Watanymyza, il-günümize wepaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ilhalar ogullar edip terbiýeläp ýetişdirjekdiklerine ynandyrýarlar.

News
01.01.2025
69

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar!2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylan ýyly.Tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy.Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldular. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy.Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli birnäçe iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi.Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň we beýleki desgalaryň açylmagy bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi has-da gözelleşdi.Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. «Akylly» şäherimiz halkara sergilerde abraýly baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bularyň ählisi berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, belent ösüşlerimizi aýdyň görkezýär.Eziz watandaşlar!Oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Şu ýyl bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris.Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda-telekeçilik pudaklarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu pudaklar berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.Eziz watandaşlar!Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, saglygy goraýyş maksatly beýleki desgalar ulanmaga berildi. Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimiz geljekde-de döwletimiziň üns merkezinde bolar.Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Geljekde hem ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga uly üns bereris.Ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň sporty, sport diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.Eziz watandaşlar!Şu ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyçlarymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigini, dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterdi. Beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlary hem-de daşary ýurtly raýatlar Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.2024-nji ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen abraýly derejäni göterdi we halkara çäreleriň ençemesi geçirildi.Milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Geçip barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Arkadag şäherinde guralan Medeniýet hepdeligi medeniýetimizi, sungatymyzy baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary derejede geçireris.Umuman, geçip barýan 2024-nji ýyl uly zähmet üstünliklerine beslendi, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty has-da beýgeldi.Hormatly adamlar!Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, geljek ýylda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde halkara çäreler giň gerim bilen geçiriler. Geljek ýylda örän möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny hem ýokary derejede belläp geçeris. Biz bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.Eziz watandaşlar!Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis.Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Bu belent sepgitlere ýetmekde halkymyzyň gujur-gaýratyna, tutanýerli zähmetine bil baglaýarys. Merdana halkymyz bilen geljek ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.Eziz watandaşlar!Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşy alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin.Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Hemişe maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!Täze — 2025-nji ýylyňyz gutly bolsun!

News
31.12.2024
102

Özbegistanyň Prezidenti türkmen kärdeşini Täze ýyl baýramy bilen gutlady

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.Beýan edilişi ýaly, özbek Lideri gutlag hatynda türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen, şeýle belleýär:"Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny täze, 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.Tamamlanyp barýan ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigini we hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellemek isleýärin.Täze ýylda bilelikdäki tagallalarymyz, ýokary derejedäki özara saparlarymyz netijesinde, doganlyk halklarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmak, hormat goýmak hem-de birek-biregi goldamak ruhunda ösdürilýän gatnaşyklaryň has-da giňeldiljekdigine ynanýaryn.Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin".

News
30.12.2024
123

Žurnalyň täze sany çapdan çykdy

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň 2024-nji ýyldaky 6-njy sany çapdan çykdy. Žurnalda ýerleşdirilen makalalar Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşy; Ylmy makalalar; Mekdebe çenli terbiýe; Umumybilim berýän mekdep; Ýokary bilim atly rubrikalarda berildi. Makalalarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda, ylym-bilim, terbiýe ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ýetilen belent sepgitler, okuw, usulyýet ulgamyndaky täzelikler, şeýle hem bu ugurlardan öňde durýan wezipeler beýan edilýär. Dürli dersler boýunça çap edilen makalalar terbiýeçilere we mugallymlara işlerinde ýakyn gollnanma bolup hyzmat eder.Žurnalyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesowyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çuňňur many-mazmuny barada gürrüň berýän “Milli ruhuň täze pelsepesi” atly makalasy ýerleşdirildi. Bu makalada hormatly Prezidentimiziň “Hakyda göwheri” kitabynda beýan edilýänpelsepeler barada nygtalyp geçilýär. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly: “Bu tüýs filosofik eserde geçmişe we geljege, taryha we edebiýata, dile we aňyýete degişli pelsepe täzelikleri we açyşlary bar”. Makalanyň soňundan “Hakyda göwheri” kitabyndan bölek ýerleşdirildi. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär, türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şurnalymyzyň şu sanynda ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan makalalaryň birnäçesi çap edilip, olarda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri beýan edildi, olaryň ýürek sözleri berildi.Şeýle hem makalalaryň birnäçesinde sapaklary sanly serişdeleri ulanyp guramagyň mysallary, dünýä tejribesinden Montessori usulynyň ýörelgeleri ýaly halkara tejribeleri barada giňişleýin durlup geçilýär. Žurnalyň şu sanynda orta we ýokary bilim ulgamy üçin niýetlenilen makalalara hem giň orun berilýär. “Bilim” ylmy-usuly žurnaly

News
28.12.2024
102

Sylaglamak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-21-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Döwlet ders bäsleşigi geçirildi. Döwlet ders bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Soňra bolsa, bu şanly waka mynasybetli institutyň “Kuwwat” adym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty