TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
27.12.2024
224

Türkmenistanda BMG-niň Çagalar gaznasynyň işi ösdürilýär

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň duşuşygy geçirildi.23-nji dekabrdaky duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de bilim we çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.Bilim ministri ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, gatnaşyklarda gazanylan möhüm üstünlikleri belledi. Şol üstünlikleriň hatarynda ÝUNISEF-iň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde “2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegi bar. Ol her çaga üçin inklýuziw we ýokary hilli bilimi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» we “2020-2025-nji ýyllar üçin çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýasy” ýaly gol çekilen strategik resminamalaryň ýurduň bilim ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge köp babatda ýardam edýändigi nygtaldy.Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäherinde robot tehnikasy klubunyň açylmagy hem-de döwrebap sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen birlikde STEAM-bilimiň ösdürilişine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda taraplar interaktiw okuw serişdelerini döretmek, bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamyny ornaşdyrmak we mugallymlary taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary maslahatlaşdylar.Ministr irki ösüş we inklýuziýa babatda ÝUNISEF-iň alyp barýan işiniň wajypdygyny belläp, Aşgabatdaky hem-de Lebap welaýatyndaky çagalar baglarynyň binýadynda irki ösüş merkezlerini döretmegiň, şeýle hem irki goşulyşmak otaglarynyň açylmagynyň netijelerini nygtady. Bu tagallalar bilim işinde ene-atalaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de aýratyn talaplar gerek bolan çagalar üçin bilime irki elýeterliligiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.Hanym Jalpa Ratna mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, çagalaryň hukuklaryny öňe ilerletmekde we bilim ulgamyny kämilleşdirmekde Türkmenistanyň uly üstünlikleri görkezýändigini belledi. Myhman hemmeler üçin ýokary hilli hem-de elýeter bilimi ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamagy dowam etmäge taýýardygyny aýtdy.Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy geljekde pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň çagalarynyň we ýaşlarynyň abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

News
26.12.2024
180

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.Uniwersitetiň habar bermegine görä, döredijilik bäsleşigi I we II derejeler boýunça geçirildi. I derejä žurnalistika hünärinde, II derejä bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige 150-ä golaý iş tabşyrylyp, olar «Türkmenistan» gazetiniň žurnalistlerinden we uniwersitetiň mugallymlaryndan düzülen eminler topary tarapyndan düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda seljerildi. Şeýlelikde, 21 awtoryň işi degişli orunlara mynasyp görüldi.I dereje boýunça ýeňijiler:1-nji orun — Rejepgeldi ALLAMYRADOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;2-nji orun — Aýlar ATAJYKOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby;2-nji orun — Akgyz ANNAÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;2-nji orun — Gyzylgül AMANLYÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;3-nji orun — Yhlas HALLYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby;3-nji orun — Žaloleddin BALTABAÝEW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.II dereje boýunça ýeňijiler:1-nji orun — Arslan MÄMMEDOW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň pedagogika bilimi hünäriniň talyby;2-nji orun — Nury SAKÇYÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyby;2-nji orun — Batyr ILAMANOW, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby;2-nji orun — Akmaral HANDURDYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby;3-nji orun — Çynar RAHMANOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň resminama we arhiw öwreniş taýýarlygy ugrunyň talyby;3-nji orun — Aýbölek JUMAÝEWA, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň kesel bejeriş fakultetiniň lukmançylyk-durmuş işi hünäriniň talyby;3-nji orun — Ylham AMANTAGANOW, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby;3-nji orun — Allaýar GURBANOW, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrynyň talyby;3-nji orun — Firuza DOSÇANOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk hünäriniň talyby;3-nji orun — Gülaýym AKYNYÝAZOWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby;3-nji orun — Ogulgerek ATAÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş hünäriniň talyby.Höweslendiriji baýragyň eýeleri:Oguljeren KÄBÄÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby;Aýgül NAZARLYÝEWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat tehnologiýalary programmirleme fakultetiniň talyby;Kuwwat ÝOWBASAROW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň sazşynaslyk hünäriniň talyby;Maksatgeldi GELDIÝEW, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň inžener ulgamlary we torlary hünäriniň talyby.P.S. Eminler topary döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň ýakyn wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny mälim etdi.

News
25.12.2024
131

Sungatyň ylym gözbaşy

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda “Sungatyň ylym gözbaşy” ady bilen konserwatoriýanyň mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça ýazan kitaplaryndan kitap sergisi we tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu sergi talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir.” diýip örän jaýdar belläp geçýär.Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary R.Amangeldiýewiň “Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy”, M. Gapurowyň “Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler”, S. Nuryýewanyň “Fortepianoüçin eserleriň ýygyndysy”, H. Muhammetgulyýewiň “ Akkordeon üçin eserleriň ýygyndysy”, M. Gurbanowyň we L. Nasyrowanyň bilelikde ýazan “Gitara” kitaby, S.Tüýliýewiň “Теория туркменской музыки”, Ýe.Osipowa we R. Muhammedowyň bilelikde ýazan “Türkmen sazynyň teoriýasy”I kitaby boýunça awtorlary gysgaça tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Şeýle hem täze kitaplar boýunça talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglary awtorlar bilen söhbetdeşlik arkaly dowam etdiler. Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde konserwatoriýanyň mugallymlarynyň täze kitaplary talyp ýaşlara uly gollanma bolup hyzmat eder. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmeginde döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

News
24.12.2024
101

Türkmenistanly talyplar «Dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamlary» olimpiadasynda ýeňiji boldular

Türkmenistanly talyplar GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Demokratiýanyň ösüşine gözegçilik edýän halkara instituty, Saratowyň Döwlet hukuk akademiýasy hem-de Halkara ylmy maglumatlar merkezi tarapyndan guralan «Dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamlary» atly bäşinji halkara talyplar internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Selbi Ataýewa hem-de Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyp Anastasiýa Çerkasowa olimpiadanyň ýeňijileriniň hataryndan orun almagy başardy.Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Taňryguly Geldimämmedow hem-de Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinde okaýan türkmenistanly Malika Hojagurbanowa baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.Ýeri gelende bellesek, halkara olimpiada onlarça ýurtdan 177 sany ýokary okuw mekdebiň 3172 sany talyby gatnaşdy.

News
23.12.2024
284

SIM-kartlary ekologiýa zyýan ýetirmekde günäkärlediler

Smartfonlaryň özünde ornaşdyrylan SIM-kartlar (eSIM) plastiki kartlardan howa kömürturşy gazyny 46 göterim az taşlaýarlar. Bu eSIM-leri diňe bir ulanyjylar üçin däl, ekologiýa babatda-da peýdaly edýär. Bu barada Russiýanyň «Unisimka» tehnologik kompaniýasynyň ýolbaşçysy Anna Kaşniskaýa gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.«ABI Research» seljeriji kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda dünýäde SIM-kartlaryň 4,09 milliarda golaýy öndürildi, olaryň 3,5 mlrd.-y plastik we diňe 457 milliony gurnalan eSIM-kartlardyr. Bazary seljerijler aýrylýan plastik kartlara islegiň şu onýyllygyň aýagynda güýçli azaljakdygyny çaklaýarlar.Plastik SIM-kartlar göwrümi we agramy babatda ujypsyzdygyna garamazdan, olaryň önümçiligi daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär. Sebäbi her ýylky 4,5 mlrd adaty SIM-kartlaryň önümçiligi 20 müň tonna golaý plastik talap edýär.Galyberse-de, eSIM-lere geçilmegi plastigiň önümçiligini azaldýar we gaplamak hem-de daşamak zerurlygyny aradan aýyrýar. Şeýlelikde, olaryň ulanylmagy smartfonlar we beýleki enjamlar üçin has ekologik çözgüt bolup durýar diýip, russiýaly hünärmen nygtady.

News
20.12.2024
114

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk eder

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpurda malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler.Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem duşuşyklarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

News
19.12.2024
288

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, bu kitap şu ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurduň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy. Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda degişli komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi.Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, özara hoşniýetli erk-islegiň netijesinde döwletara dialog täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgam däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi we uly mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiri «Günüň dogýan ýurdunyň» okyjylaryna ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn aladalara aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berer.

News
18.12.2024
149

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «PARS DILINIŇ LEKSIKOLOGIÝASY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda ýetilen sepgitler türkmen jemgyýetiniň umumadamzat we milli gymmatlyklary esasynda ösmegine we kämilleşmegine, ylmyň, täze tehnologiýalaryň gazananlaryny yzygider ornaşdyrmaga amatly şertler döredýär. Giň gerimli işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli dil syýasatynyň hyzmaty örän uludyr. Şu maksatlar bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň her bir basgançagynda daşary ýurt dillerini okatmagyň maksatlaryny we wezipelerini bilim standartlarynyň talaplaryna we daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usuly çemeleşmelerine, şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmegiň milli we daşary ýurt innowasion tejribesine laýyklykda kesgitleýän resminama bolup çykyş edýär.Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Pars diliniň leksikologiýasy» okuw kitaby (awtorlary: K.Amangeldiýewa, B.Atanyýazowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çap edildi. Bu okuw kitaby hem şol resminamanyň daşary ýurt dilini okatmak boýunça öňde goýýan wezipelerinden ugur alýar.Pars dilini hünär dili hökmünde öwrenýän talyplar üçin niýetlenilen bu okuw kitabynda pars diliniň sözlük düzümi, onuň ösüşi, baýlaşmagy, sözleriň manysynyň üýtgemegi, giňemegi we daralmagy, aýratynlyklary, sözleriň göni we göçme manysy, bir we köpmanylygy, köpmanylylygyň ýüze çykyş ýollary, könelişen sözler, arhaizmler, täze sözler, sözleriň manysynyň durnuklaşmagy, sözleriň stil aýratynlyklary, olaryň sözlüklerde şöhlelenişi barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Onda häzirki zaman eýran dilleri we şiweleri, pars diliniň leksikasy barada umumy maglumatlar, pars dilinde alynma sözler (şol sanda arap, türki, fransuz, iňlis, rus alynma sözleri), semasiologiýa, omonimler we olaryň görnüşleri, sinonimler we olaryň görnüşleri, antonimler we olaryň görnüşleri, frazeologizmler we olaryň görnüşleri, idiomalar, gepleşik stili, pars diliniň terminologiýasy, leksikografiýa we ş.m. bilen baglanyşykly maglumatlar beýan edilýär.Bu okuw kitaby diňe bir pars dilini hünär dili hökmünde öwrenýänler üçin däl, eýsem, bu dil bilen gyzyklanýan her bir adam üçin peýdaly bolup biler.

News
17.12.2024
124

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Dekabryň 16-na Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi munuň aýdyň güwäsidir. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri bar.Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy uzak möhletleýin, ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar. Iki goňşy döwletiň halklarynyň gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy köklere esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolup, ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda hem depginli ösdürilýär. Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik gatnaşyklary, söwda hyzmatdaşlygy babatda döredilýän amatly şertler türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda serginiň we işewürlik maslahatynyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýola goýlan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.Soňra EYR-nyň energetika ministri Abbas Aliabadä söz berildi. Bellenilişi ýaly, şu gezekki giň gerimli gözden geçiriliş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Üç günüň dowamynda Eýranyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar, şeýle hem kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin gürrüň bererler.Sergi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň pawilýony bilen açylýar. Onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini beýan edýän maglumatlara orun berilýär. Ilçihananyň diwarlygynyň ýanynda Eýranyň Gürgen we Gülüstan welaýatlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň, Eýran-türkmen bilelikdäki Söwda-senagat edarasynyň bölümleri ýerleşdirilipdir. Olarda bu edaralaryň alyp barýan köpugurly işleri barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.Sergide azyk önümçiligine uly orun berlipdir. Şolaryň hatarynda «Ashuradeh Dairy», «Golestan Sabah Dairy» kompaniýalary dürli görnüşli süýt önümleri bilen tanyşdyrdylar. «ATP Group» kompaniýasynyň gazlandyrylan içgileri, şokoladly we süýji önümleri, «Mashhad Asana Behrouz» kompaniýasynyň gaplama we konserwirlenen önümleri, dürli miwelerden taýýarlanan mürepbeleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. «Behchino» kompaniýasynyň dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik içgileridir çaýlary-da myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.Azyk önümlerini gaplamak hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalar hem sergide öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Şolaryň hatarynda alýumin gaplaryny öndürýän «Yekta Zarf Golestan Industrial Packing» hem-de çap etme-gaplama hyzmatlaryny hödürleýän «Tabriz Pack» kompaniýalary bar. Sergide obasenagat, maldarçylyk pudagyna ýöriteleşen «Moghan Agro-Industry and Livestock Co.», guş, balyk we mal iýmlerini öndürýän «Goldane Sahra», «Bitaamin», oba hojalyk ekinleriniň, olaryň tohumlarynyň önümçiligine ýöriteleşen «Jovein Agriculture and Industry Co.» kompaniýalary öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.Oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öndürmek bilen meşgullanýan kärhanalaryň, şol sanda «Sandan Farming Machinery» kompaniýasynyň, çörek we konditer önümlerini taýýarlamak üçin enjamlaryň önümçiligi, importy bilen meşgullanýan «Mashad Baking Industries» kärhanasynyň diwarlyklarynyň ýany hem köp adamly boldy. Tehniki-inženerçilik hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalar-da gözden geçirilişiň çäklerinde mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar. Şolaryň hatarynda «Azar Pasilo», «Mam Beton Paydar Shargh» gurluşyk-gurnama kompaniýalary hem bar.Eýran Yslam Respublikasynyň senagat düzüminiň gazananlary bilen motor ýaglarynyň we ulaglar üçin niýetlenen serişdeleriň önümçiligine ýöriteleşen «Jabbari Trading», şahsy arassaçylyk serişdelerini öndürýän «NourDarou Gonbad», demir önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan «Pishro Sakht Esterabat» kompaniýalary tanyşdyrýar. «Sadeghi Trading Handicrafts» hususy kärhanasynyň nepis el işleri, şaý-sepleri, bezeg önümleri hem sergä gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Gözden geçirilişe EYR-nyň logistika, gaýtadan işleýän senagat we bank ulgamlarynyň wekilleri-de gatnaşdylar.Sergi meýdançasy türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi, täze özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän işewürlik duşuşyklarynyň we gepleşikleriň geçirilýän ýerine hem öwrüldi.Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiligi bilen baglylykda, hususan-da, söwdada, oba hojalygy we azyk senagaty ulgamlarynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda kiçi we orta telekeçileriň derejesinde işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, şeýle hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl böleginiň depginli ösüşini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady kuwwaty hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Serginiň ikinji gününde eýran kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Forumyň jemleýji gününde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň we telekeçileriniň duşuşygy, foruma gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy geçiriler.

News
16.12.2024
169

Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika boýunça geçirilen IV halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi. Onda talyplaryň 117-si baýrakly orunlary eýeledi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.Habarda bellenilişi ýaly, iň ýokary utugy Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň talyby Jasur Jamolow eýeledi. Ol berlen meseleleri takyk işläp, 36 utuk toplap bildi. Birinji orny eýelänleriň arasynda olimpiadany guraýjy ýokary okuw mekdebinden Annajemal Dädebaýewa bar. Ol 34 utuk toplady. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet, Ufa döwlet nebit tehniki, S.Aýni adyndaky Täjik döwlet mugallymçylyk,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk, M.Ý.Ýewsewýewa adyndaky Mordowa döwlet mugallymçylyk, Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetlerinden, Türkmen oba hojalyk, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutlaryndan gatnaşan talyplar birinji ornuň eýeleri boldular.Olimpiadada ikinji orna 35, üçünji orna bolsa 67 talyp mynasyp boldy diýlip, habarda bellenilýär.