TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
26.04.2024
223

DNK-nyň syrlary: sizi haýran galdyrjak 21 fakt

25-nji aprel — Halkara DNK güni! «Turkmenportal» web saýty bu waka mynasybetli her bir adam üçin beden gözükdirijisi bolup hyzmat edýän molekula baradaky gyzykly maglumatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirýär.1. Ýer ýüzündäki ähli adamlaryň DNK-sy 99% deň gelýär. Gözüň reňkinden başlap, endiklere çenli adamzadyň ähli özboluşly köpdürlüligi genetiki koduň diňe 1%-i bilen kesgitlenilýär.2. Çaganyň we ene-atanyň DNK-sy 99,5% deňdir.3. Bu näderejede geň galdyrýanam bolsa, hakykat. Adamlar bilen kelemiň DNK-sy 50%, bananyňky bolsa - 60% meňzeş hasaplanýar. Adamlaryň miwelere meňzedilmeginiň aňyrsynda ylym ýatan bolar çemli!4. Bedenimiz baradaky ähli maglumatlary öz içine alýan DNK diňe 4 «kerpiçden» — nukleotidlerden: adenin, guan, timin we sitosinden ybaratdyr. Ýönekeýlikden dörän täsin çylşyrymly gurluş!5. DNK fiziolog Fridrih Mişer tarapyndan 1869-njy ýylda açyldy. Şeýle-de bolsa, bu molekulanyň syryny açmak we nesil yzarlaýyş hakda maglumatlaryň bardygyna düşünmek üçin takmynan 100 ýyl gerek boldy.6. Bedenimiziň öýjüklerindäki ähli DNK baglanyşyklaryny «açsaň», olaryň uzynlygy Aýa 6000 gezek gidip geleniň bilen deňdir.7. Kazyýet-lukmançylyk barlagynda adamy kesgitlemek üçin, adatça, 13 sany spesifik DNK markeri barlanýar. Iki dürli adamda 13 markeriň ählisiniň gabat gelmegi örän seýrek hadysadyr. Bu gabat gelmäniň bir milliardda bir gezek bolmagy ähtimal.8. Hatda birmeňzeş DNK gurluşy bolan ekizleriňem barmak yzlary dürli-dürlüdir.9. Eritrositler (gyzyl gan öýjükleri) — bedende DNK ýetmezçiligi bolan ýeke-täk öýjükdir.10. Adam DNK-synyň takmynan 7 — 9%-i bir wagtlar ata-babalarymyza ýokuşan gadymy wiruslaryň böleklerinden durýar.11. DNK — uzak ömürli molekula. Olaryň ömri 500 ýyldan gowrak bolup, bu alymlara muzeý eksponatlarynda we arheologiki tapyndylarda DNK gözleglerini geçirmäge mümkinçilik berýär.12. Ummasyz maglumatlar. Adamyň genomy kiçijik harplar bilen neşir edilen müň sany 500 sahypalyk kitap ýa-da her biri 100 GB-dan bolan 3000 sany sanly enjam ýaly ummasyz maglumatlary özünde jemleýär.13. DNK adamyň dürli ýerlerinden alnyp bilner: gan, tüýkülik, peşew, deri, dyrnak, saç. Hatda gaty zeper ýetenlerden hem alyp bolýar, mysal üçin, otlanan, nusgalary, sany gaty az bolan ýerlerden. Hususan-da, şeýle derňew adamlary kesgitlemek üçin kriminalistikada ulanylýar.14. Haýran galaýmaly, adam genomynyň diňe 3%-i işjeň ýagdaýda bolup, ol adamyň organlarynyň hem-de ulgamlarynyň gündelik işlemegini üpjün edýär. Alymlar geniň galan 97%-iniň näme edýändigini bilmeýärler.15. DNK bedenimizdäki ähli ulgamlaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän sansyz himiki täsirlere gözegçilik edýär. DNK adamyň daşky görnüşini — boýuny, agramyny, saçyny we göz reňkini kesgitleýär. Hatda gan basyşy we soňky maglumatlara görä adamyň ömri hem DNK-a baglydyr.16. Ene-atalaryň genleriniň tötänleýin utgaşmasy haýsy häsiýet, daşky görnüş aýratynlyklaryny hem-de kesellere bolan çökgünligi çaganyň miras aljakdygyny kesgitleýär.17. Adamyň DNK-synyň gurluşynyň çylşyrymlylygy örän haýran galdyryjydyr. Ol örän kadaly yzygiderlilikde ýerleşen 3 milliondan gowrak elementden ybaratdyr.18. Alymlar anyk netijä geldiler — DNK-ny diňe DNK köpeldýär. Ýer ýüzünde tötänleýin hadysalaryň üsti bilen ýaşaýşyň döremegi, ähtimal 1:1 040 000 ähtimallyk bilen bolup biläýjek hadysadyr.19. Adamyň genomyny öwrenmek bize käbir keselleriň töwekgelçiligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.20. Daşarky we içerki dürli täsirleriň netijesinde DNK zeper ýetmegi hem mümkindir. Emma gowy tarapy, tebigat zeper ýeten ýerleri dikeltmäge we genetiki koduň bitewiligini saklamaga kömek edýän DNK abatlaýyş mehanizmini üpjün etmegi göz öňüne tutýar.21. DNK-nyň «abatlaýyş» mehanizminiň bozulmagy bilen, genleriň mutasiýa (zeperlenmegi) we adamlarda düwnük keseliniň döremegine sebäp bolýar.

News
24.04.2024
185

Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Kameronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi, taraplar hususan-da aşakda görkezilen resminamalara gol çekdiler:Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna;Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «Blue Marine Foundation» gaznasynyň arasynda Hazar deňziniň biologik dürlüligine, daşky gurşawy gorap sakalamak we olaryň goralmagyna ýardam etmek barada özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama.Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň dürli ugurlar boýunça türkmen-britan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

News
23.04.2024
74

Ýaş türkmenistanlylar rekruting boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) rekruterleri taýýarlamak boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýär. Treningi üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara hususy kompaniýalarda işe ýerleşmek mümkinçilik beriler.Maksatnamanyň maksady gatnaşyjylara rekruter bolmak üçin zerur bolan amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Rekruter - işgärleri gözleýän we işe saýlap alýan hünärmendir. Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar treningler we tejribelik geçerler hem-de gatnaşyjylaryň işe ýerleşmegine ýardam bermek üçin iş ýarmarkasy geçiriler.Maksatnamanyň amala aşyrylyşynyň möhleti 2024-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenli. Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Maksatnamanyň ýerleri çäkli we gatnaşyjylary bäsleşlik esasynda kesgitlener. Maksatnama tölegsiz esasynda geçirilýär.Gatnaşmak üçin ýüz tutma formasyny 2024-nji ýylyň maý 13-ne sagat 14:00-a çenli doldurmaly.

News
22.04.2024
95

“Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasy” atly göçme sergi geçirildi

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynsybetli, döwlet myzeýleriniň we kitaphanalarynyň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde gurnajak muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergileriniň hem-de kitap sergileriniň tertipnamasy esasynda 2024-njy ýylyň aprel aýynyň 17-19-y aralygynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binasynda “Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasy” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň muzeýiniň gymmatlyklarynyň göçme sergisi geçirildi. «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» laýyklykda, döwürleriň, ruhy we medeni mirasyň, özboluşly we gaýtalanmajak däpleriň milli sungatyň, halk senetçiligiň we ussaçylygyň ajaýyp nusgalarynyň aýawly saklanyp hem-de kämillik derejesine ýetirilip, geljekki nesillere peşgeş berilmegi üçin görelde alarlyk döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygy barada talyp ýaşlaryň arasynda muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisinde wagyz - nesihat çäresi geçirildi.

News
21.04.2024
103

Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara döwrebap binasy gurlar. Sanly ulgam arkaly geçirilern Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew habar berdi.Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

News
20.04.2024
87

“Nowruz geldi ilime” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebi we Aşgabat şäher Medeniýet müdirligigniň Merkezleşdirirlen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz geldi ilime” ady bilen wagyz-nesihat çäresini bilelikde gurnap geçirdiler. Wagyz-nesihat çäresi talyplarda ululara hormat goýup, kiçileri sylamak, milli däp-dessurlarymyza bolan söýgüni terbiýelemek, ata-watanymyza, halkymyza we Hormatly Prezidentimize söýgini we buýsanç duýgularyny, okamaga höwes döretmekden ybaratdyr.

News
19.04.2024
109

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem 2024-nji ýylyň 15 – 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) maslahatynyň XXXVIII mejlisine (mundan beýläk Maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň – OSJD goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler.Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň, halkara demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.Maslahata gatnaşyjylar demir ýol ulagynyň ykdysady, maglumat, ylmy-tehniki we ekologiýa ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça OSJD agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, demir ýol ulagynyň ulaglaryň beýleki görnüşlerine görä bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagyň, demir ýollary ulanmak we halkara demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly tehniki meseleleri çözmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem demir ýol ulagynyň meseleleri bilen meşgullanýan beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtadylar.Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek ulgamynda kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tagallalaryny, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähmiýetini belleýärler.Maslahata gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň strategik taýdan möhüm we amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanmak boýunça edýän tagallalaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulagyň we halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, ýokary derejeli halkara çäreleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Maslahatyň işiniň jemleri boýunça ýolagçy we ýük daşamalary, infrastruktura we hereket edýän düzüm, kodlaşdyrmak we maglumat, maliýe hem-de demir ýol arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalary üçin hasaplaşyklar, şeýle hem demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak/bilim bermek ulgamlarynda ähmiýetli çözgütler kabul edildi.Maslahata gatnaşyjylar myhmansöýerlik we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyklaryny beýan edýärler.Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy apreli.

News
18.04.2024
166

Türkmen talyplary Rumyniýada geçirilen matematika olimpiadasynda 17 medal gazandylar

Türkmenistanly talyplar 9-njy aprelden 14-nji aprel aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen 18-nji Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa «SEEMOUS-2024» matematika olimpiadasynda dürli medallaryň 17-sini eýelediler.Türkmenistanly zehinli matematika ökdeleriň ajaýyp çykyşy netijesinde olar 1 altyn, 7 kümüş we 9 bürünç medala mynasyp boldular.Altyn medaly Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Medine Ödäýewa eýeledi.Şeýle hem bu uniwersitetiň talyplary Nurmyrat Ataýew we Myratgeldi Annamuhammedow kümüş medala, Azymgeldi Şyhow hem-de Döwletmyrat Esenow bürünç medala mynasyp boldular.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 5 medal gazandylar. Olardan Balkan Jepbarow, Şabibi Nurjanowa, Serdar Orazmyradow we Emir Wellekow kümüş, Agabek Matýakubow bürünç medal gazandylar.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri Muhammetmyrat Goçmuradow kümüş we Nagym Taňrygulyýew bürünç medal eýelediler.Ýene-de 5 kümüş medala Mergen Gaýybow (Türkmen oba hojalyk instituty), Mähriban Döwranowa (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti), Maksat Akmyradow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Baýram Töräýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) we Döwlet Nurmyradow (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty) dagy mynasyp boldular.Türkmen talyplarynyň matematika meselelerini çözmekde ajaýyp başarnygyny we bu olimpiadada ozalam gowy netijeler görkezendiklerini bellemek gerek.Şu ýyl abraýly matematika bäsleşigine 9 ýurtdan – Türkmenistandan, Özbegistandan, Alžirden, Fransiýadan, Ganadan, Gresiýadan, Hindistandan, Makedoniýadan we Rumyniýadan otuza golaý ýokary okuw mekdebiň talyplary gatnaşdylar.Olimpiadany Günorta-Gündogar Ýewropa Matematika jemgyýeti, George Asaki adyndaky Ýassy tehniki uniwersiteti we Rumyniýanyň matematika jemgyýeti guradylar.Her ýylky «SEEMOUS» matematika olimpiadasy 2007-nji ýyldan bäri geçirilýär, ol ýaş zehinleri ýüze çykarmakda we ösdürmekde, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, dünýä akademiki giňişliginde netijeli hem-de dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda degerli meýdançadyr.

News
17.04.2024
157

Saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýe we sport döwlet derejesinde ösdürilýär. Ýurdumyz dünýä möçberinde geçirilýän ýaryşlaryň mekanyna öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni her ýyl ýurdumyzda köp sanly medeni – sport çärelerine beslenýär, olar ähli ýerlerde uly ruhubelentlikde geçirilýär. Biziň okuw jaýymyzda bu baýramçylyk mynasybetli küşt, tanap çekmek, düzzüm we ýaglyga towusmak ýaly sportuň görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar zehinli talyplary ýüze çykardy.

News
16.04.2024
151

Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi yglan edildi

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi golaýda bellenen Halkara «Galyndysyz dünýä ugrunda» gününiň çarçuwasynda galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigini yglan etdi. Türkiýe tarapyndan başlanyp, halkara derejesinde bellenýän «Galyndysyz gün» sarp edilişiň we önümçiligiň durnukly kysymlarynyň öňe sürülmegine, geljek nesilleriň galyndylary dolandyrmagyň durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan arassa we ýaşamaga ýaramly planetany miras almagy üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi ýaşlaryň galyndylar meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak we materiallaryň gaýtadan ulanylyşynyň dürli mümkinçiliklerini görkezmek arkaly onuň çözgüdine döredijilikli çemeleşmäge itergi bermek maksady bilen geçirilýär.Bäsleşik işlerine üç ugur boýunça baha berler: «Iň döredijilikli iş» – aňladýan pikiri we ýerine ýetirilişiniň özboluşlylygy üçin; «Iň ykjam iş» – durmuşda ulanylyşynyň aňsatlygy we peýdalylygy üçin; «Iň ekologik iş» – taýýarlananda, iň köp material ulanylandygy we galyndynyň ujypsyz derejä ýetirilmegi üçin.Her ugur boýunça ýeňijilere diplomlar, ýadygärlik sowgatlar we ekologiýa harytlary dükanlaryndan şahadatnama berler.Bäsleşige gatnaşmak üçin galyndy çig mallardan bir zat ýasamaly. Çig mal hökmünde plastik çüýşe, karton, kagyz, dokma önümlerini we şuňa meňzeşleri ulanmak bolar. Ýasalan zadyň ölçegi islendik babatda 50 santimetrden geçmeli däldir. Ýasalan zada awtorynyň adyny we familiýasyny, ýaşyny, ýasalan zadyň adyny we ulanylan materialyň gysgaça beýanyny görkezýän ýarlyk ýelmenmeli. Işler «Ylym» neşirýatynda 22-nji aprele çenli kabul edilýär. Salgysy: Azady köçesi, 61-nji jaý, 2-nji gat.Goşmaça maglumaty +99361893832 telefon belgi ýa-da tebigatchy.jemg@gmail.com elektron salgysy arkaly alyp bilersiňiz.