TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
22 April 2024, 09:00
96 gezek okaldy

“Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasy” atly göçme sergi geçirildi

News Image


Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynsybetli, döwlet  myzeýleriniň we kitaphanalarynyň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde gurnajak muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergileriniň hem-de kitap sergileriniň tertipnamasy esasynda 2024-njy ýylyň aprel aýynyň 17-19-y aralygynda  I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw  mekdebiniň binasynda “Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasy” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň muzeýiniň  gymmatlyklarynyň göçme sergisi geçirildi. 


«Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» laýyklykda, döwürleriň, ruhy we medeni mirasyň, özboluşly we gaýtalanmajak däpleriň   milli sungatyň, halk senetçiligiň we ussaçylygyň ajaýyp nusgalarynyň aýawly saklanyp hem-de kämillik derejesine ýetirilip, geljekki nesillere peşgeş berilmegi üçin görelde alarlyk döwlet syýasatynyň  alnyp barylýandygy barada talyp ýaşlaryň arasynda muzeý gymmatlyklarynyň   göçme sergisinde    wagyz - nesihat  çäresi geçirildi.