TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany

Täzelikler we habarlar

News
10.05.2024
157

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady....Beýik Ýeňiş gazanylandan bäri 79 ýyl wagt geçdi. Gazaply uruş ýyllarynda tutuş adamzat öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy, millionlarça adamyň ömür tanapy kesildi, mukaddes gymmatlyklara, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösüşine düýpli zarba uruldy. Şondan soňky geçen döwür uzaklarda galan gahrymançylykly ýyllaryň şol wakalaryny halk hakydasyndan öçürmän, esgerleriň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygyny hem-de batyrlygyny, tylda zähmet çekenleriň edermenligini has aýdyň açyp görkezýär, faşizmiň we nasizmiň derbi-dagyn edilmeginiň dünýä taryhyndaky ähmiýetine has doly göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler. Parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly we gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.Muňa şu maglumatlar hem şaýatlyk edýär: uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragy gaýduwsyz söweşdiler. Görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-si Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy, 19-sy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy.Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza, halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr. 1943-nji ýylda fronta meýletin gitmek bilen, ol 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda gaýduwsyz söweşipdir. Agyr ýaralanandygy zerarly uruşdan gaýdyp gelenden soňra, mugallymçylyk bilen meşgullanypdyr. Türkmen halkynyň şöhratly oglunyň SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Ukazy bilen, “Hormat nyşany” ordeni hem-de RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň 2018-nji ýylyň iýunynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda öz esgerlik borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy gaýduwsyzlygy, batyrlygy, edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.2020-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýadan Türkmenistana 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi, bu baýdak astynda Berdimuhamet Annaýew batyrgaý söweşipdir. Esgerleriň gaýduwsyzlygynyň we deňsiz-taýsyz edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatlyk hem-de Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan “Edermenligi üçin” diýen medal “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hemişelik saklamak üçin berildi. Häzirki wagtda bu beýik ynsanyň hem-de halypa mugallymyň, frontçy esgeriň şöhratly durmuş we zähmet ýoly ýaş nesiller üçin watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Berdimuhamet Annaýewiň agtygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär....Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Bu baýram tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, uruş ýyllarynyň agyr ýitgileri baradaky hasratly ýatlamalar dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem hakydasynda ýaşaýar. Ýeňişden soň geçen 79 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň kalplarymyzda saklanýar.Watanymyzy goran gahrymanlary hoşallyk duýgusy bilen ýatlamak, olaryň şan-şöhrata beslenen durmuş ýoluna hormat-sarpa bilen garamak halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanly esgerleriň görkezen gahrymançylygyna çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda frontda wepat bolan esgerleriň atlaryny ebedileşdiren “Hatyra” kitaby hem-de ýeňiş bilen öýlerine gaýdyp gelen esgerleriň atlarynyň sanawy getirilen “Şöhrat” kitaby neşir edildi. Häzirki wagtda uly durmuş ýoluny geçen hem-de dünýä halklarynyň erkinligi, garaşsyzlygy ugrunda söweşen, tylda tutanýerli zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyran ýaşuly nesillerimiz hormat-sarpa bilen gurşalýar. Ýöne gynansak-da, olaryň hatary ýyl-ýyldan azalýar...Türkmenistanda uruş we zähmet weteranlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Olar üçin köp sanly durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulandyr. Frontçy esgerler, tylda zähmet çeken weteranlar gymmatly öwüt-ündewleri, parasatly maslahatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenilmegine uly goşant goşýarlar. Ýaşuly nesiller ýaşlary ata Watana wepaly bolmaga, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere ygrarlylyga çagyrýarlar.2010-njy ýylyň 9-njy maýynda Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy baýram edilende, Gyzyl meýdandan Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň esgerleri bilen bilelikde 1941 — 1945-nji ýyllarda egin-egne berip söweşen halklaryň wekilleri — harby gullukçylary hem geçdiler. Şonda şol ýörişe Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň esgerleri-de gatnaşdylar.Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.Matam sazynyň astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabrynda söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen topluma tarap ugraýarlar. Olaryň öňünden elleri gülli esgerler barýarlar.Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýýar. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler.Bu baýram biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. Milli gahrymanlarymyzyň edermenlikleri baradaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşar, doganlyk halklary has-da jebisleşdirer hem-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Aşgabada ugrady.Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

News
09.05.2024
182

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Türkiýeli kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar

2024-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.Duşuşykda Taraplar «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakyndaky Ylalaşygyň» hem-de «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň arasyndaky Bilelikdäki gümrük komitetini döretmek hakynda Teswirnamanyň» taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakynda Ylalaşygyň maksady Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar barada iki döwletiň gümrük edaralarynyň deslapdan maglumat alyşmagyndan ybarat. Bu maglumat gümrük gözegçiliginiň maksady üçin ulanylyp, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirilen tertipde amala aşyrylmagyny üpjün eder.Bilelikdäki gümrük komitetini döretmegiň maksady, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gümrük işi babatynda baglaşylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek bolup durýar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary oňyn ösüşe eýe bolup, ikitaraplaýyn haryt dolanşygy ýyl-ýyldan ýokarlanýar hem-de Türkiýe Türkmenistanyň esasy import ediji döwletleriň biridir.Şunuň bilen baglylykda, Taraplar ikitaraplaýyn söwdanyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam edip biljek Bilelikdäki gümrük komitetini we Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmegiň maksadalaýykdygyny bellediler.

News
08.05.2024
169

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik nähili maliýeleşdirilýär?

“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işi hususy we karz serişdeleriň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, täjirçilik banklarynyň, özara karzlaşdyryş jemgyýetleriniň, karzlaşdyryş birleşmeleriniň, mikromaliýe guramalarynyň karzlarynyň we zaýom serişdeleriň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.Täjirçilik banklary, özara karzlaşdyryş jemgyýetleri, karzlaşdyryş birleşmeleri we mikromaliýe guramalary kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işini maliýeleşdirmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işini karzlaşdyrmak, telekeçiligi ösdürmegi maliýeleşdirmek, täze we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna grant bermek, ykdysady, söwda we senagat ýörite zolaklaryny döretmek bilen bagly infrastruktura, şol sanda inžener üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak, maýa goýum taslamalaryna paýly gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döwletiň hasabyna maliýe serişdeleri berlip bilner.Kiçi we orta telekeçiligiň, üstünlikli işlemegi ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny döretmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.

News
07.05.2024
79

“AÇYK GAPYLAR” güni geçirilýär

Indira gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi 2023 – 2024-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary mekdep bilen tanyşdyrmak üçin 7- 8-nji maýda sagat 14:00-da“AÇYK GAPYLAR”gününi geçirýär “Açyk gapylar” gününde ýaşlar bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler hem-de hünär ugurlary, mekdepde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri bilen tanyşdyrylar.Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2023-nji (Mäti Kösäýew) köçesiniň 90-njy jaýy. Telefon belgileri: 36-96-73, 36-89-58.

News
05.05.2024
96

Türkmen filmleri Türkiýede geçirilen halkara kinofestiwalynyň baýraklaryna eýe boldy

2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi, döredijilik çäresini guraýjylar hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler.Kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde 77 ýurtdan 1055 filmler görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi festiwalda üç sany filmi hödürledi – «Ol Rumystany görsem» režissýory H.Alowow, «Umyt» režissýory I.Annamuhammedow we «Meniň kakam» režissýory A.Eýeberdiýew.«Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly iki sany türkmen filmi, «Turan» atly halkara kinofestiwalynyň emin agzalary tarapyndan ýörite baýraklar hem-de hormat hatlary bilen sylaglandy.Gündogaryň beýik şahyry, akyldar hem filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bagyşlanan «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi türkmen kinoçylary tarapynda Türkiýe Respublikasynda surata düşürildi. Türkmen kino eseri türkmen edebiýatynyň nusgawy wekiliniň keşbini diňe bir milli derejesinde däl, eýsem, dünýäniň kino söýüjilerine açyp görkezdi.«Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi halkara kinofestiwalynyň maksatnamasynyň çäklerinde hem görkezildi.Şeýle hem, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi kinofestiwalyň gurnaýjylary tarapyndan, türki halklarynyň medeniýetine goşan goşandy üçin hem ýörite baýrak gowşuryldy.

News
03.05.2024
238

Türkmenistan — BMG: ilat we ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Ol «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen guraldy. Bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede «ICPD+30» Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we olara baha berildi.Türkmen wekiliýeti mejlisiň dowamynda ilat babatda ählumumy Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri amala aşyrmagyň milli tejribesi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de sebit we dünýä derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklipler beýan edildi.BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD+30» ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerlemegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guraldy. Ol Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda milli tejribeleri alyşmagyň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi. Duşuşyga BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Çagalary goramak boýunça departamentiniň direktory Şima Sen Gupta, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleri we bilermenler gatnaşdylar.Türkmen tarapyndan çykyş edenler Türkmenistanyň degişli döwürlerde BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzasy bolmak bilen, ICPD-niň Hereketleriniň maksatnamasyny milli derejede durmuşa geçirmekde uly ösüş gazanandygyny, dürli derejelerde guralýan taýýarlyk çärelerine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Şeýle-de ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde halkara ülňülere laýyk gelýän durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada aýdyldy.Çykyş edenler Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtamak bilen, 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, gaznanyň işi köpugurly bolup, çagalara çylşyrymly lukmançylyk operasiýalarynyň geçirilmegini, hassahanalar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlaryň satyn alynmagyny, çagalara bejeriş-öňüni alyş çäreleri üçin anyklaýyş hem-de bejeriş amallarynyň ýerine ýetirilmegini maliýeleşdirmek ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Mundan başga-da, soňky ýyllarda gazna birnäçe halkara ynsanperwerlik çärelerine gatnaşdy. Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bolsa ýurdumyzyň çaganyň hukuklaryny ilerletmekde we durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleriniň giňden ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

News
02.05.2024
165

Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi. Forumyň işinde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk edýär.Öz çykyşynyň dowamynda türkmen tarapy Azerbeýjanyň, Merkezi Aziýa we Arap ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde edilýän tagallalaryň durmuşa geçirilmegiň ähmiýetini bellemek bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-senagat, ulag-energetika, daşky gurşaw ýaly pudaklaryň çykyş edýändigini nygtady.Çäräniň barşynda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň departamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer çygyrlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň ähmiýetine üns çekdiler. Aýdylanlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge iki halkyň özara medeniýet günleriniň geçirilmeginiň we hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň itergi berýändigi nygtaldy.

News
01.05.2024
210

Usuly maslahaty geçirildi

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, 2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda, Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň direktorlarynyň orunbasarlarynyň, bölüm müdirleriniň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahatda okuw prossesiniň usuly taýdan üpjünçiligi, mugallym-pedagogyň kompetensiýalaryny halkara derejesine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, okuw prossesine sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, talyplaryň bilim almak, okuw-ylmy işlerini ýerine ýetirmek babatynda netijeli usuly çemeleşmelerini, amaly we nazary sapaklaryň hilini we mazmunyny özgertmek, talyplaryň temalary özleşdirmeginiň netijeliligini gazanmak, orta saglygy goraýyş işgärleriniň diplomdan soňky üznüksiz hünär bilim almaklaryny kämilleşdirmek üçin amala aşyrylmaly işler barada usuly meselelere seredildi, pikir we tejribe alyşyldy.

News
30.04.2024
170

Mäne obasy arheologik ekspedisiýanyň üns merkezinde

Rus geografiýa jemgyýeti Mäne obasyna rus-türkmenleriň bilelikdäki ekspedisiýasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul etmegini dowam edýär.Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gadymy arheologiki ýadygärligi öwrenmäge gatnaşmak isleýänler RGS web sahypasynda 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli soragnamany doldurmaly.Ilkinji daýhanlaryň obasyny we gündelik durmuşynyň syrlaryny öwrenmek üçin 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabryna çenli ekspedisiýa amala aşyrylar.Taslamanyň guramaçylary we hyzmatdaşlary Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň maddy medeniýet taryhy institutydyr.Mäne obasy Mäne babanyň ýa-da Abu Seýid Mehneýiniň mawzoleýi we metjidi bilen meşhurdyr, XI–XV asyrlaryň binagärlik toplumy, rowaýata görä, sopuçylygyň beýik şyhy Abu Seýid Abul Haýyr Mehneýiň esaslandyran metjidi – hanakasy bolan ýerde gurlupdyr (967–1049).Ekspedisiýa gatnaşyjylar gazuw-agtaryş meýdançasynda işlänlerinde, türkmen sährasynyň täsin gözelligi dünýäsine çümüp we türkmen halkynyň däp-dessurlaryna goşulyp hem-de şol bir wagtyň özünde arheologiki ylymlaryň jikme-jikliklerine göz aýlap bilerler.

News
29.04.2024
157

Ekologik endikli terbiýe: özümizde we çagalarda eko-endikleri ösdürýäris

Häzirki zaman dünýäsinde planetamyz hakda alada etmek — bu diňe bir moda öwrülen özboluşly akym hem däl-de, hakyky durmuşy zerurlyk. Özümizde we çagalarda ekologik abadançylygy goramagyň endiklerini näçe tiz terbiýelesek, şonça gowy.Nähili ýönekeý ekologik endikleri ýola goýup bolar?1. Suwy tygşytlamak:- gap ýuwýan mahalyňyz, ýa bolmasa-da dişiňizi ýa eliňizi ýuwup arassalaýan mahalyňyz suwy akdyryp goýmaň.- wannanyň ýerine duş kabul ediň.- gap-gaç ýa-da egin-eşik ýuwýan maşyny diňe dolduryp ýuwjak mahalyňyz işlediň.2. Elektrik energiýasyny tygşytlamak- ulanmaýan mahalyňyz çyrany öçürip goýuň.- energiýany tygşytlaýjy lampalary ulanyň.- ulanylmaýan mahaly elektrik enjamlary tokdan aýryp goýuň.3. Tebigata aýawly çemeleşmek:- köçäni hapalamaň.- zibili aýyl-saýyl edip zyňyň.- bir gezeklik paketleriň ýerine köp gezeklik ulanyp bolýan torbalary ulanyň.- gaty bir zerur bolmadyk ýagdaýynda golaý ýerlere awtoulagda däl-de, pyýada ýa-da welosipedli gidiň.- nahal oturdyň.4. Oýlanyşykly sarp etmek:- artykmaç satyn almaň.- gerekmejek geýimleriňiz bolsa mätäçlik çekýänlere beriň.Ýokarda mysal getirilen ekologik endikleriň hiç birini ýerine ýetirmeýän bolsaňyz, alada etmäň. Diýmek, siziň bu ugurda kämilleşmegiňiz üçin heniz mümkinçiligiňiz bar. Iň bolmanda bu adaty ýörelgelere eýermek bilen, durmuşyňyzy ekologiýa taýdan arassa edip bilersiňiz. Endikleriňizdäki kiçijik üýtgeşmeleriň hem planetada uly özgerişleriň bolmagyna goşant bolup biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.Özüňizde we çagalaryňyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek endiklerini kämilleşdiriň we şonda bilelikde dünýäni has arassa we ýaşyl etmegi başararys!