TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
30 October 2025, 09:00
183 gezek okaldy

”Merdanalygyň milli mekdebi”

News Image


Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda 2025-nji ýylyň 4-nji
oktýabrynda geçirilen iş maslahatynda berilen tabşyryklar boýunça ýerine
ýetirilmeli işleriň çäginde,
Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we 
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 
saýasynda döwletimizde şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy
şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek we dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak
maksady bilen
I.Gandi
adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp
ýaşlarynyň gatnaşmagynda 
”Merdanalygyň milli mekdebi” atly ylmy –
amaly maslahat geçirildi.  Maslahatda
mekdebiň “
Umumy ynsanperwer we durmuş ykdysady” ders toplumynyň
mugallymlary türkmen halkynyň taryhynda  
özleriniň watansöýüjiligi, gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy bilen öçmejek
yz galdyran we türkmen halkynyň ylym, bilim binýadynyň düýbüni tutan
şahsyýetleriniň döredijiligi barasynda çykyş etdiler.

30.10.2025ý