TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
03 November 2025, 09:00
108 gezek okaldy

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen ABŞ - nyň, Northwest Сollege arasynda Ähtnama gol çekildi

News Image

 Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär mekdepleriniň wekilleriniň  Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň
çäklerinde
2025-nji ýylyň 20-nji
oktýabrynda, Waýoming ştatynyň Powell şäherindäki  Northwest College bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk
orta okuw mekdebinde (Türkmenistan) orta saglygy goraýyş hünärmenleri
taýýarlamak, bilim we ylym çygrynda bilelikdäki 
hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada degişli ýolbaşçylaryň arasynda
maslahatlaşyldy.

Şu iş sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ABŞ –nyň ilçihanasy tarapyndan halkara akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
maksady bilen gurnaldy.
 Duşuşygyň başynda Northwest College bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň özara
düşünişmek hakynda Ähtnamasyna gol çekildi.

 Gün tertibine
laýyklykda, bilim babatda alyş-çalyşlar, amaly-usulyýet hyzmatdaşlygy,
mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, akademik we medeni başlangyçlar,
bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy, kitaphananyň edebiýatlar bilen üpjünçiligi,
”Şepagatçylyk işi” hünäriniň okuw meýilnamasynyň kämilleşdirmekligi barada
maslahatlaşyldy we kollejiň binalary bilen tanyşdyryldy.


 Taraplar 2026-2028-nji ýyllar üçin deslapky iş meýilnamada görkezilen
hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.