TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
23 January 2025, 09:00
176 gezek okaldy

Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy

News Image


21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň, esasan hem DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi boýunça ýurduň borçnamalaryna laýyk gelýän we DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalaryň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.