TM RU EN

Indira Gandi adyndaky

lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Ýylyň nyşany
14 May 2024, 09:00
239 gezek okaldy

“Watan gahrymanlary ýaşlar üçin nusgadyr” ady bilen dabaraly aýdym-sazly çäre geçirildi

News Image


I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 2024-njy ýylyň 6-njy maýynda “Watan gahrymanlary ýaşlar üçin nusgadyr” ady bilen  dabaraly aýdym-sazly çäre geçirildi.  Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygynyň uly dabara bilen toýlanylýan pursatlarynda Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watany döş gerip goran gerçekleriň gahrymançylykly söweş menzillerini, olaryň yzynda galanlaryň çeken zähmet ýoluny ýatlamak, olary sarpalamak biziň perzentlik borjumyzdyr. Uruş we zähmet weteranlary Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezmek bilen jemgyýetimiziň mundan beýläk-de agzybir we jebis bolmagyna saldamly goşant goşýarlar, ýaş nesle parasatly sargytlar we öwüt-ündewleri berýärler, ýaş nesilde watançylyk, gahrymançylyk we edermenlik ýaly belent duýgulary terbiýelemek boýunça asylly işler alyp barýarlar.