“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy ensklopediki kitaby

Şu ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arklaşygynyň Geňeşiniň Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmakda ýetilen belent sepgitler we üstünlikler hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagamyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy ensklopediki kitabynyň XVI tomunyň tanyşdyrlyş dabarasy geçrildi.
Dabarada çykyş edenler Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy ensklopediki kitabynyň XVI tomunda, lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanşykly eziz Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler dünýäsindäki endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikleri barada, ynsana şypa berji dermanlyk häsiýetleriniň ylmy taýdan esaslandyrlandygy barada, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn- turkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesi ýerleşdirlendigi barada seýle-de bu dermanlyk ösümlikleriň halk lukmançylygynda müňlerçe görnüşiniň peýdalanylýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. 
Dabara gatnaşyjylyr dabaranyň ahyrynda halkymyz üçin, ynsan saglygy üçin alada etýan Gahryman Arkadagymyza  kop minnetdarlyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82