“Garaşsyz Watanymyz – ata-babalarymyzyň arzuw eden mekany” atly maslahat
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –
bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda,
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrligi,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň
Demokratik partiýasy bilen bilelikde
Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär
okuw mekdepleriniň arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi
binasynda umumy mežlisi we bölümlerde ugurlary boýunça “Garaşsyz Watanymyz – ata-babalarymyzyň
arzuw eden mekany” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň ýokary
attestasiýa komitetiniň
Prezidiumynyň Çözgüdine laýyklykda
türkmen döwletiniň Baştutanyna häzirki
zaman ylmyna goşýan uly
goşandy, milli we bütin adamzat
bähbitli ylmy- önümçilik, innowasion- senagat, durmuş - ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasaty hem-de halkara
hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp Türkmenistanyň Prezidentine syýasy
ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady we
syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli
we Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Maslahatyň
çykyşlarynda ylym-bilimiň häzirki zaman özgertmeleri, sanly bilim ulgam we
lukmançylyk ugurlarynda alnyp barylýan ylmy barlaglarynyň nazary we amaly
taýdan utgaşdyrylmagynda möhüm ähmiýetleri, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň we
hormatly akademik, professor Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher
paýhasyndan döredilen eserleri,
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk syýasaty,
35 ýyl döwründe bilimde, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetde,
syýahatçylykda, oba hojalykda,
medeniýet we sungatda gazanylan üstünlikleri wasp
edildi we soňunda orta hünär okuw
mekdepleriniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýerine
ýetirildi.
Bölümçelerde çykyşlar dowam
edildi.
tarapyndan ykrar edilen beýik işleriň başynda durýan, ylmyň we tehnologiýalaryň
gazananlaryny öňdebaryjy dünýä tejribesine ornaşdyrmakda beýik işleri durmuşa
geçirýän Gahryman alym Arkadagymyzyň we alym Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, tutumly beýik işleriniň
mundan beýläk hem has-da rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.