“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” sentýabr aýynyň dowamynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda kanuny bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýollaryň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýärilýändigi barada nygtap geçdiler.
Şeýle hem wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” “Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!” diýen ynsanperwer syýasaty esasynda ýurdumyzda adam hakyndaky alada, hususan-da, döwletimizde adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we saglygyny goramak, bagtyýar durmuşy, asuda jemgyýeti, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik tertip-düzgünini we köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, dürli hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça geçirilýän işler barada bellediler.