BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY TALYPLARY



Hormatly  Prezidentimiz, Arkadagly  Gahryman  Serdarmyzyň  taýsyz  tagallalary  bilen  ýaşlaryň ylymly bilimli, giň dünýägaraýyşly  hünärmen   bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar  edilýär,  giň  mümkinçilikler  döredilýär.
«Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bagtly talyby bolmak kalbymy joşa getirdi.
Lukman Alym Arkadagymyzyň: “ Saglyk - bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr” diýen jöwher jümlelerinden ruhlanýan mähriban halkymyz Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli eseri, jana şypa beriji melhem çaýlary  gündelik durmuşynda yzygiderli ulanyp ynsan saglygyna şypa bermekde hem-de, tebigy dermanlyk ösümlikleri bilen keselleri bejermekde giňden  ulanylýan gollanma öwrüldi. 
Gahryman Arkadagymyzyň: “Döwlet adam üçindir” diýen taglymatynda  ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly  baýlygy  hasaplanýar.
Men hem öz gezegimde ilatyň jan saglygyny goramaga mynasyp goşandymy goşjakdygyma berk ynandyrýaryn.
Ýaşlara döwrebap şertlerde okamaga, öwrenmäge, we zähmet  çekmäge  döredip berýän  şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize talyp ýüregimizden köp-köp sagbolsun aýdýarys. Ýaş  nesliň bagtyýar durmuşy we nurana geljegi barada  çuňňur  aladalanýan  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw 
mekdebiniň   I- nji  ýyl talyby Berdiýewa  Selbi

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82