BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY TALYPLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak üstünliklere, taryhy wakalara beslenýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu 2024- 2025-nji okuw yylynda Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde täze açylan “Radiobejeriş işi” hünäriniň talyby bolmak bagty maňa miýesser etdi.
Ata Watanymyzyň beýik geljegi üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys, biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýip nygtaýşy ýaly, bu belent ynam meni we talyp ýaşlary döwrüň talabyndan ugur alyp, yhlasly okamaga we işlemäge borçlandyrýar.
Men hem öz gezegimde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň jan saglygyna şypa bermäge mynasyp goşandymy goşjakdygyma berk ynandyrýaryn.
Ýaşlaryň bilimli, sowatly, innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini talyp ýüregimden arzuw edýärin!

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
I- nji ýyl talyby Mämmedow Ylýas