Dalaşgärleriň dykgatyna!

       


I.GANDI ADYNDAKY AŞGABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI


Başlangyç    hünär  biliminiň  gündizki  okuwy   boýunça,   

2024/ 2025 - nji   okuw   ýylyna   talyplyga   kabul   edişligini    yglan   edýär.


 

Hünäri : “Umumy   ideg  işi  boýunça  kiçi   saglygy   goraýyş  işgäri” 

(kiçi   saglygy   goraýyş  işgäri)


Okuwyň  dowamlylygy: 1 (bir) ýyl,  (tölegli    esasda)


I.Gandi  adyndaky   Aşgabat   lukmançylyk   orta   okuw  mekdebine  Türkmenistanyň   umumy doly  orta  bilimi bolan, ýaşy 35- den geçmedik, Aşgabat  şäherinde ýaşaýan (ýazgyda  duran) raýatlar  giriş synaglarynyň   netijeleri  boýunça   okuwa   kabul   edilýär.


Resminamalary  kabul  etmegi   I.Gandi  adyndaky    Aşgabat   lukmançylyk   orta   okuw  mekdebinde  başlandy we  2024-nji  ýylyň  19–njy   awgustyna   çenli     dowam eder.


Resmi  iş    kagyzlarynyň  sanawy:


- bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan  arza;


- bellenilen  nusgadaky  sowalnama (anketa);


- bilimi  baradaky  resminama ( asyl nusgasy);


- Türkmenistanyň   Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministligi  tarapyndan bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;


- soňky okan ýerinden ( işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;


- 3х4 sm    ölçegdäki   dokuz  sany  fotosurat;


- işleýänler  üçin  zähmet depderçesiniň tassyklanan  göçürmesi;


Bulardan  başga-da,  okuwa   girmäge   isleg   bildirýänler  ýokarda   görkezilen resminamalar  bilen  birlikde,  resminamalary   kabul  edýän   iş  toparyna aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:


- pasportyny;


- harby   şahadatnamasyny   ýa-da  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri boýunça  harby  wekillikden  güwä hatyny.


- aýratynlyklaryna  laýyklykda  goşmaça  resminamalar.       


Nädogry  berlen  maglumatlar  we  galp resmi  iş  kagyzlary  üçin  dalaşgär  şahsy jogapkärçiligi  çekýär.


Giriş  synaglary 2024–nji ýylyň 22-26-njy awgusty aralygynda, I.Gandi  adyndaky   Aşgabat   lukmançylyk   orta   okuw   mekdebinde ( Aşgabat   şäherinde)  geçiriler.


Giriş synaglary himiýa, biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden, umumy  bilim  berýän  orta   mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň esasynda,  döwlet  dilinde  geçiriler.


Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtynda synaglara  gelip  bilmedikler  ýa-da  okuw  dersleriniň  biri  boýunça  synagdan  geçip bilmedikler  soňky  synaglara  goýberilmeýär.


Okuwlar 2024 – nji ýylyň  1- nji  sentýabrynda başlanar. 


Bellik: okuwyny  doly  geçip, gutardyş döwlet synaglaryny  üstünlikli  tabşyran  uçurymlara,  okuwyny  tamamlan ýyly, Başlangyç  hünar  bilimi   hakynda     diplomynyň  asyl   nusgasy beriler.


 

I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy:  

Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82