“Temmäkä garşy Bütündünýä göreş günine bagyşlanan “ Nesil saglygy- yurt baýlygy” atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi


I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň  we mugallymlarynyň gurnamagynda    2024-njy ýylyň 30-njy maýynda her ýylyň 31 -nji maýynda giňden bellenilip geçilýän “Temmäkä garşy Bütündünýä göreş günine bagyşlanan “ Nesil saglygy- yurt baýlygy” atly wagyz –nesihat  çäresi geçirildi. Bütündünýa  Saglygy Goraýyş Guramasynyň agza döwletleri 1987 -nji ýylda temmäkä garşy göreş gününi döretdiler. Temmäkä garşy Bütündünýä göreş güni her ýylyň 31 -nji maýynda dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Temmäkä garşy göreşmek boýunça Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda temmäkä garsy göreşmek boýunça bir aýlyk çäreleri  mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek çäreleriniň ünüsden düşürilmeýändigi,tämmäkä garşy döwlet derejelerinde dürli meýilnamalaryň düzülýändigini,ýaşlaryň arasynda wagyz- nesihat çäreleriniň alynyp barylýandygy bellärliklidir.
Türkmen halkynyň akyldar beýik şahyry Magtymguly Pyragy özüniň “Çilimkeş”,”Çilim” ýaly şygyrlarynyň üsti bilen çilimiň bedene ýetirýän zyýanyny düşünükli edip köpçülige ýetirip bilendigini mugallymlar öz çykyşlarynda bellediler.
Saglyga zyýanly  bu endige  kä halatlarda ýaşlaryň baş urýandygyny aýratyn  bellärlikli howuply hadysalaryň biridir bolmaklygy sebäplide ata-eneler,mugallymlar,terbiýeçiler,lukmanlar,çaga terbiýesi bilen iş çalyşýan ähli adamlar çilimiň ýetirýän zyýany barada ýaşlara irginsizlik bilen düşündürmelidiklerini çykyş edenler bellediler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82