“Şygryýetiň ajaýyp dünýäsi” atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Pederleriň nusgasy – Magtymguly Pyragy, Köňülleriň çyragy Magtymguly Pyragy” şygary bilen 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Aman Kekilow adyndaky mugallymcylyk mekdebiniň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmancylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda geçirilen “Şygryýetiň ajaýyp dünýäsi” atly çeper okaýyş bäsleşigi giň many-mazmuna eýe boldy.

Çäräniň dowamynda türkmen ruhunyň synmaz sütüni bolan Magtymguly Pyragynyň çeperçilik gymmatly, giň we baý many-mazmunly şygyrlarynyň üsti bilen talyp-ýaşlar öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny beýan etdiler.
Şygryýet bäsleşiginiň ahyrynda Berkarar döwletimizi rowaçlyklara besleýän, halkymyzy eşretli zamana ýetiren, Magtymguly Pyragynyň ruhy edebi miraslaryny içgin öwrenmekde we dünýä ýaýratmakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.