“Adyl kanun - raýat jemgyýetiniň mizemez binýady”
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta
okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň
we mugallymlarynyň gurnamagynda
2024-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Konstitsiýasynyň kabul
edileniň we Döwlet baýdagynyň
döredilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli “Adyl
kanun - raýat
jemgyýetiniň mizemez binýady” atly mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy - amaly maslahat gecirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitsiýasynyň Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwlet diýlip
yglan edilmegi bilen, jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy
bolan adamyň we raýatyň hukuklarynyň,
azatlyklarynyň hukuk kepillikleri we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň, halkymyzyň mertebesiniň hemişe belentde bolmagyna, mukaddes gymmatlyk
hökmünde köňüllerimize buýsanç duýgularyny kemala getirmek bilen ýeneki
ösüşlere ruhlandyrýandygyny aýdyp geçdiler.