Wagyz - nesihat çäresi geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdirmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstinlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýrygoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we elektron resminama, dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Hukuk Goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz - nesihat çäresi geçirildi.

Bu çärede türkmen halkynyň milli däp - dessurlaryna, maşgala mukaddesligine wepaly, türkmen ýaşlarynyň giň dünýä garaýşly, watanmyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge ruhubelent , höwesli ýaşlaryň kemala gelmegi barada gürrüň berildi. Ykjam telefonlaryndan we internet maglumatlaryndan peýdalanmagyň, etika we estetiki gözellik, öziňi alyp barmagyň medeniýeti barada giňden wagyz edildi.