“Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasy” atly göçme sergi geçirildi
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynsybetli, döwlet myzeýleriniň we kitaphanalarynyň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde gurnajak muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergileriniň hem-de kitap sergileriniň tertipnamasy esasynda 2024-njy ýylyň aprel aýynyň 17-19-y aralygynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binasynda “Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasy” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň muzeýiniň gymmatlyklarynyň göçme sergisi geçirildi.

«Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» laýyklykda, döwürleriň, ruhy we medeni mirasyň, özboluşly we gaýtalanmajak däpleriň milli sungatyň, halk senetçiligiň we ussaçylygyň ajaýyp nusgalarynyň aýawly saklanyp hem-de kämillik derejesine ýetirilip, geljekki nesillere peşgeş berilmegi üçin görelde alarlyk döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygy barada talyp ýaşlaryň arasynda muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisinde wagyz - nesihat çäresi geçirildi.
