Änew medeniýetiniň ýagygärligine gezelenç edildi
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gadymy Änew medeniýetiniň ýagygärligine gezelenç etdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyndan okan köpasyrlyk teryhyny gözleri bilen görenlerine buýsanýandyklaryny , ruhlaryny galkyndyryjy täsirleriň galandygyny beýan etdiler.
Ak bugdaýyň mekany bolan Änew medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny aýtdylar.