,,Pähim-paýhasa ýugrulan watançylyk sapagy”
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag
şäheriniň Ruhyýet köşgünde, 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda, ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar
hem-de okuwçylar bilen geçiren umumy
okuw sapagynyň many-mazmunyny talyp-ýaşlara düşündirmek maksady bilen 2026-njy
ýylyň 4-nji sentýabrynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw
mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çykyş eden mugallymlar we talyplar Beýik
Akyldar-Gahryman Arkadagymyzyň, umumy okuw sapagynyň syýasy-terbiýeçilik ähmiýetini,
öwüt-nesihatlarynyň ösüp barýan ýaş nesliň okamaga, öwrenmäge höwesini
artdyrmagyna berýän täsirini, milli gymmatlyklarymyza wepalylygyny berkitmek
babatda wesýetlerine eýermegini bellediler.
“Akylly jemgyýet” konsepsiýasynyň taslamasynyň toplumlaýyn
bolmagy, işiň ähli ugurlaryny
öz içine almagy, ýaşlaryň täze
garaýyşlaryny, tekliplerini, täzeçe
nusgalary batyrgaý girizmäge
ukyplydyrlar”, – diýen Gahryman Arkadagymyzyň
sözleri ýaşlaryň dykgatyna ýetirildi.
“Ýurdumyzy bilim,
pikir alyşmak we
startap döretmek merkezine,
ýaşlaryň intellektual kooperasiýasy
üçin özüne çekýän
bir mekana öwürmegi
çalyşmak” ; “Türkmenistanda dürli
ugurlar boýunça halkara
ylym – bilim ýaşlar klasterlerini
döretmek üçin hukuk
we guramaçylyk şetrlerini emele
getirmegiň üstünde işlemegi
barada Gahryman
Arkadagymyzyň teklipleri lukmançylyk
mekdebimiziň mugallymlary we
talyplary goldaýandyklary we işjeň
gatnaşjakdyklary barada öz çykyşlarynda
uly buýsanç bilen ynandyrdylar.
Bütindünýä adamzat ykbalynyň ýagty geljegi
üçin mynasyp işleri durmuşa geçirýän, ýaş nesliň bagtyýar, abadan geljegi üçin
ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, ömürleriniň uzagyndan
bolmagyny, tutumly işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini çärä gatnaşanlar arzuw
etdiler.