Täze okuw ýylynyň baýramçylyk dabarasy


        Bilimler
we talyp ýaşlar güni, täze
2026-2027-nji okuw ýylynyň
başlanmagy mynasybetli, “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”
ady bilen Indira Gandi adyndaky
Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 
baýramçylyk dabarasy geçirildi.

         Lukmançylyk mekdebiniň çeper
höwesjeňleriniň “Watan Garaşsyzlygy” we “Türkmenistan” atly ýerine ýetiren aýdymlary
hem-de “Abadan” döredijilik tans toparynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar”,
“Küştdepdi”
tanslary täsirli boldy. “Halkyň Arkadagly
Serdary bilen” atly edebi - sazly kompozisiýa dabara çuň many berdi.

         Dabaranyň ahyrynda  talyplar Watanymyza, Hormatly Prezidentimize
wepalylyk kasamyny aýtdylar we ylym-bilim bilen nurlanan ata Watanymyzy belent
ösüşleriň ak ýolundan alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň beýik we tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdiler.








Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82