I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi Türkmenistanyň raýatlaryny okuwa kabul edýär.

   Idege mätäç  gartaşan,  hassahanadaky 
näsag adamlara,  maýyplyga  getirýän 
dowamly  keselli  näsaglara  şeýle-de, maşgala  agzalaryna  
ýönekeý lukmançylyk  amallaryny 
ýerine  ýetirmegi  başarýan 
hünärmenleri  taýýarlamak  maksady 
bilen,  I.Gandi  adyndaky 
Aşgabat  lukmançylyk  orta 
okuw  mekdebinde, 2024-nji  ýyldan 
bäri,  “Umumy  ideg 
işi”  hünäri  boýunça, bir 
ýyl  okuw möhleti  bilen,  kiçi 
şepagat  uýalary  (doganlary) 
taýýarlanýar.



  
Talyplar  okuw  ýylyň 
dowamynda  bejeriş – öňüni  alyş 
edaralarynda, ýagny 
Gaýragoýulmasyz tiz kömek,  Şikesleri
bejeriş halkara,  Halkara  ýanyk 
şikeslerini  bejeriş,  Onkologiýa ylmy - kliniki, S.A.Nyýazow  adyndaky 
bejeriş - maslahat beriş we 
Enäniň  we  çaganyň 
saglygyny  goraýyş  ylmy - kliniki  merkezlerinde okuw-hünär tejribeligini geçýärler.  Arassalaýyş  düzgünlerini, 
degişli  resminamalary  ýöretmegi, 
mylakatly – hoşniýetli  bolmagyň
etiki-deontologiýanyň talaplaryny, näsaglara 
lukmançylyk idegini  etmegini  şeýle-de, 
ilkinji  gaýragoýulmasyz  kömegini bermegi öwrenýärler.



  
Okuwlaryny we döwlet 
synaglaryny  üstünlikli  tamamlanlara 
başlangyç  lukmançylyk  bilimi 
barada  diplom  berilýär.



   Resminamalaryň  kabul 
edişligi
2026-njy  ýylyň 15-nji  iýulyndan 
25-nji  awgustyna  çenli   amala 
aşyrylýar.



   Giriş  synaglary: 2026–njy ýylyň 26-28-nji awgusty aralygynda I.Gandi  adyndaky  
Aşgabat   lukmançylyk   orta  
okuw   mekdebinde ( Aşgabat   şäherinde)  Himiýa, Biologiýa  we  Türkmenistanyň  taryhy 
derslerinden  geçiriler.  Arkadag, 
Aşgabat  şäherleriniň  we 
welaýatlaryň  raýatlary  giriş 
synaglaryna  gatnaşyp  biler.



    I.Gandi 
adyndaky Aşgabat  lukmançylyk
orta  okuw mekdebiniň  salgysy:
Aşgabat
ş
., 2023-nji
(Mäti Kösäýew) köçe, 90; tel.:36-96-73, 36-93-82.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82