I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň taryhy


I.Gandi  adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebi  1978-nji  ýylyň 16-njy  awgustynda   Türkmenistanyň   Saglygy   goraýyş   we   derman  senagaty  ministrliginiň   № 593  belgili  buýrugy esasynda  Aşgabat  medisina  uçilişesi  ady  bilen açyldy.  1984-nji  ýylyň  30-njy  noýabrynda  uçilişä  Indira  Gandi  ady  berildi.

Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we  derman  senagaty  ministrliginiň  2003-nji  ýylyň  7-nji  iýulyndaky  “Saglygy  goraýyş  we  derman  senagaty  pudagynyň  guramaçylyk  taýdan  düzümini  kämilleşdirmek  hakynda”  93-nji  buýrugy  esasynda  I.Gandi  adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebi  diýip  atlandyrylýar.

 

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde  

okadylýan orta lukmançylyk bilimli hünärler. 


T/b

Hünärler

Kwalifikasiýasy

Okuwyň  möhleti

1

Bejeriş  işi 

Feldşer

 

 

3 ýyl

2

Fizioterapiýa  we  dikeldiş  işi

Fizioterapewt -  dikeldiji

3

Akuşerlik  işi

Akuşer

4

Radiobejeriş işi

Radiobejeriş  tehnology

5

Ortopedik  stomatologiýasy 

Diş  tehnigi

6

 

Şepagatçylyk  işi 

   Pediatriýa, Hirurgiýa, Stomatologiýa,   Ýokanç  keselleri, Anesteziologiýa  we

reanimatologiýa  ugurly şepagat uýalar. 

 

 

3 ýyl

 

 

   Şepagat  uýasy, Maşgala  şepagat  uýasy, Owkalaýjy  şepagat  uýasy.

 

2,5 ýyl

 

7

Saglygy  goraýyş – öňüni  alyş  işi

Sanitar - feldşer

2,5 ýyl

8

Laboratoriýa  anyklaýyşy 

   Klinik – laborant, Feldşer – laborant, Rentgen – laborant.

 

2 ýyl

9

Farmasýa 

Farmasewt

2 ýyl


 Lukmançylyk  orta  hünär  bilimli  hünärmenleriň  halkara ülgelerine laýyk gelýän täze  neslini taýýarlamak maksady  bilen,  Saglygy  goraýyş  we  derman  senagaty  ministrligi  we Aziýa Ösüş banky bilen bilelikde “Şepagat uýasynyň işiniň  hilini  we  mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” Taslamasy taýýarlanan we I.Gandi  adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebiniň  täze binasynyň gurulmagyna badalga berildi. Şeýle-de, Demirgazyk-günbatar (Northwest) kolleji  (ABŞ) bilen  özara  düşünişmek we tejribe alyşmak barada    Ähitnama  gol çekildi.

Mekdebimizde “Ýaş alymlar geňeşi”, “Talyplar geňeşi”, “Ussatçylyk mekdebi”, “Halypaçylyk  mekdebi”, Orta lukmançylyk  we farmasewtik bilimli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak bölümi   hereket  edýär.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82