“Baky bagtyň mekanyna hoş geldiň sen, Täze ýyl!”

“Halkara 
parahatçylyk  we  ynanyşmak” ýylynda, I.
Gandi adyndaky
Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde
2025-nji ýylyň 27-nji
dekabrynda “Baky bagtyň mekanyna hoş geldiň sen, Täze ýyl!” ady bilen baýramçylyk
dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda lukmançylyk mekdebiniň
talyplarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly täze ýyl aýdymlar diňlendi, köp
öwüşginli çykyşlar, çagalar üçin ýörite gurnalan oýunlar hem-de bäsleşikler
çäräni has-da şowhunlandyrdy.



Eziz Diýarymyzy baky bagtyň mekanyna öwürýän
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,
ömürleriniň uzak bolmagy, giň tutumly beýik işleriniň mundan beýläk hem has-da
rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Gahryman
Arkadagymyza, hormatly Gahryman Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza we bütin
türkmen halkyna ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gyzgyn gutlaglar,
hoşallyk sözler aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82